Täze ýylyň bosagasynda

20 sagat öň
23

Täze ýylyň has bagtly gelmegine garaşyp, biz süýjüden-süýji arzuw edýäris. Dünýäde adamlaryň iň köp arzuw edýän güni, megerem, Täze ýylyň baýramçylyk güni bolsa gerek. Täze ýylda arzuw etmek il içinde däbe öwrülipdir. Bu bagtly pursatlary paýlaşmak üçin biz biri-birimiziň öýlerimize myhmançylyga barýarys. Birek-biregi dürli sowgatlar bilen gutlaýarys. Eýsem, täze ýylda arzuw etmek däbi nirede, haçan döredikä? Ilkinji täze ýyly bellemek däbi nireden geldikä? Geliň,  taryha ýüzleneliň!

Täze ýyl baýramçylygyny bellemegiň taryhy gadym döwürlerden başlaýar. Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilendigi baradaky ilkinji tapylan subutnamalar miladydan öňki III müňýyllyga degişlidir. Ýöne taryhçylar bu baýramy ondan hem has irki baýram diýip hasaplaýarlar.

Saparsoltan DARRYNOWA,
polisiýanyň leýtenanty.