Türkmenistanyň Halk Maslahaty — döwlet häkimiýetiniň gözbaşy

26 Sentýabr 2024
376

24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde uly üstünliklere beslenip  geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi milli demokratiýamyzyň halkara giňişligindäki dabaralanmasy boldy. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň  öňýanynda geçirilen bu umumymilli foruma jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň we dürli nesilleriň wekilleriniň gatnaşmagy gadymdan gelýän milli däplerimizde, häzirki zaman kanunçylygymyzda beýan edilen deňlik, adalatlylyk, adam hukuklaryny ileri tutmak ýaly halkara hukugynyň ykrar edilen kadalarynyň durmuşa geçirilişiniň aýdyň beýany boldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda», «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda», «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda» gol çeken Permanlary we resminamalary Milli Liderimiziň umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň dowamat-dowama beslenýändiginiň buýsançly hakykaty boldy.

Bilbil ÝOSYÝEWA,
Adalatçynyň diwanynyň Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda adam hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça bölüminiň baş maslahatçysy.