"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Suw diplomatiýasynyň esasy ugurlary

Hormatly Prezidentimiz suw diplomatiýasyny we ekologiýa abadançylygyny oňyn Bitaraplyk hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär. Suw serişdelerini aýawly saklamak we netijeli ulanmak bilen bagly meseleler boýunça ýurdumyz halkara derejesinde möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, oba senagat toplumyny, şol sanda suw hojalygyny ösdürmek boýunça giň gerimli we tutumly işler ýaýbaňlandyrylýar. Şeýlelikde, suw serişdelerini tygşytly ulanmak meselesi aýratyn orny eýeleýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Şu ýylyň 3-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (COP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy. Konwensiýa gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň çäklerinde geçiril

EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGYNYŇ MÖHÜM ŞERTI

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Tutuş adamzadyň üns merkezinde duran ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Türkmenistanyň alyp barýan syýasaty, öňe sürýän başlangyçlary uly ähmiýete eýe bolup, dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary gyzyklanmasyna eýe bolýar. Munuň özi döwletimiziň bu babatdaky özboluşly syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde dürli önümleriň dogry peýdalanylmagyna hen köp zat bagly bolup durýar. Olaryň hatarynda senagatda hem-de tehnologiýada ulanylýan iň zerur baýlyklaryň biri bolan nebiti aýratyn bellemek bolar. Onuň peýdaly taraplary bilen bilelikde zyýanly taraplary-da bardyr. Dogry we talabalaýyk ulanylmazlygy onuň  mukdarynyň azalmagyna hem-de Ýer şarynyň, onuň suwlarynyň hapalanmagyna getirýär. ITOPF (International Tanker Owners Pollution Federation) guramasynyň berýän maglumatyna görä, soňky ýyllarda deňizlere dökülýän nebitiň mukdarynyň artmagy netijesinde, deňiz suwlarynyň  hapalanmagy has-da artyp, ondaky janly organizmlere zeper ýetdi.

Ýalkawly işe işjeň gatnaşyp

Ata-babalarymyz bag oturtmagy, olara ideg etmegi iň sogaply işleriň biri hasaplapdyrlar. Şahyr aýtmyşlaýyn, bir agaç oturdanyň ady dünýäniň kitabyna baky ýazylýar. Eždatlarymyzyň bu röwşen ýoly häzirki nesiller tarapyndan ynam bilen ýöredilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işleri dünýä nusgalykdyr. Ýurdumyzda her ýylyň ýazynda we güýzünde bag ekmek çäreleriniň geçirilmegi netijesinde obadyr şäherlerimiz gür baglyga bürenýär. Şeýle möhüm işe ýaşlary çekmek üçin olarda çagalygyndan tebigata söýgi döretmek möhüm bolup durýar. Ýaşlara ekologiýa terbiýesini bermek, olarda daşky gurşawa aýawly çemeleşmek endiklerini terbiýelemek bilim ojaklarynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işiniň möhüm bölegidir. Olarda ene topragyň mukaddesdigi, baglara ideg etmegiň her bir ynsanyň perzentlik borjudygy hakynda berk düşünjeleri kemala getirmek işinden ene-atalar hem çetde durmaýarlar. Bilelikde hereket etmek arkaly beýik döwrümize mynasyp şahsyýetleriň kemala gelýändigi guwandyrýar.

Jümle-jahan habarlary

Iň peýdaly agaç

Rysgal-berekediň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ekologiýa medeniýetini ösdürmek, tebigy baýlyklarymyzy geljekki nesillerimiz üçin aýawly saklamak maksady bilen ýurdumyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Çünki olary rejeli we netijeli peýdalanmak häzirki zamanyň talaby bolup, bütin dünýäniň ünsüni özüne çekýän wajyp mesele. Hut şu nukdaýnazardan hem Gahryman Arkadagymyz 3-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitinde eden taryhy çykyşynda suwy netijeli ulanmak bilen baglanyşykly birnäçe teklipleri öňe sürdi. Sebäbi daşky gurşawy goramak, tebigy baýlygymyz bolan suwy aýawly saklamak we ýerlikli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa gurşawy döretmek döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin hem suwuň her bir damjasyny edil altyn dänesi ýaly tygşytly ulanmaga gönükdirilen çäreleriň halkara derejesindäki ähmiýeti günsaýyn artýar. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasy çölleşmäge, topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmek, gurakçylygyň täsirlerini peseltmek boýunça ýurtlaryň hem-de guramalaryň halkara, sebit we milli derejede tagallalaryny birleşdirmek maksady bilen kabul edildi. «Bitewi suw» sammiti Durnukly ösüş maksatlarynyň biri bolan arassa agyz suwuna elýet

Ekologiýa abadançylygy

Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselesi dünýä jemgyýetiniň möhüm wezipeleriniň biridir. Ekologiýany goramak boýunça dünýäniň dürli künjeklerinde sergiler, maslahatlar, ylmy gözlegler yzygiderli geçirilýär. Ekologiýa abadançylygy Durnukly ösüş maksatlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Halkara derejede uly üns-alada bilen gurşalan bu meseläniň iň ygtybarly çözgüdi bolsa, her bir ýurduň öz gezeginde, her bir raýatyň öz ornunda daşky gurşawa aýawly garaýşyny gazanmakdyr. Biziň Watanymyz hem ählumumy ekologiýa abadançylygyna saldamly goşant goşýar. Ýaşlara berilýän ekologik bilimleriň hatarynda kanunçylyk we medeniýet düşünjeleriniň baglanyşygyny döretmäge, ýaşlaryň bu ugurdaky düşünjelerini çuňlaşdyrmaga, bilimlerini artdyrmaga uly üns berilýär. Ösüp gelýän nesliň ekologiýa taýdan dünýägaraýşyny we düşünjelerini kemala getirmek maksady bilen, ýaşlara ekologiýa medeniýeti babatda maksatlaýyn ekologiýa terbiýesi berilýär. 2024-nji ýylda ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaga gönükdirilen Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çap edilmegi bu işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär. Milli hem-de ählumumy derejede ekologik abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu Maksatnamada senagat düzüminiň, ulag-kommunikasiýalar ulgamynyň okgunly ösmegi, şäherleriň we täze ilatly ýerleriň döremegi bilen ba

Döredeliň bagy-bossan, goý, güllesin Türkmenistan!

7-nji dekabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän okuwçylaryň hem-de olaryň mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda bag ekmek dabarasy geçirildi. Howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýa hem-de Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, bu ekologik çäre «Döredeliň bagy-bossan, goý, güllesin Türkmenistan!» şygary bilen guraldy. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet ekologiýa syýasatyna ýaş nesliň işjeň gatnaşmagyny gazanmakda netijeli häsiýete eýedir. Biz hem bag ekmek dabarasyna gatnaşan okuwçylar bilen söhbetdeş bolup, olaryň käbiriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris.

Iň ýyly güýz boldy

2024-nji ýylyň güýzi Moskwa şäherinde 1879-njy ýyldan bäri iň ýyly howaly güýz boldy. Russiýanyň paýtagtynda howanyň temperaturasy güýzde ortaça +8,8 gradus boldy. Bu barada «Fobos» howa merkeziniň öňdebaryjy hünärmeni Mihail Leus habar berýär. Maglumat üçin, mundan öň Moskwada iň ýyly howaly güýz 1938-nji we 1974-nji ýyllarda bolupdy.

Ýaşaýşyň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 3-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna  gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (COP 16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna  bolan iş sapary ýurdumyzyň suw diplomatiýasynyň ählumumy ähmiýetiniň aýdyň beýany boldy. Alymlar Ýer ýüzündäki ilkinji ýaşaýşyň hut suwly gurşawda emele gelendigini tassyklaýarlar. Zeminiň 70 göteriminden gowragyny suw düzýär. Adam bedeniniň hem 60 — 85 göterimi suwdan ybarat. Iň täsini — biziň beýnimizem 90 göterim suwdan durýar. «Suw — ýaşaýyş» diýilmeginiň asyl sebäbem, ine, şunda jemlenýär.

Ýene-de bag ekdik

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki», «Bagym bar, barym bar» diýilýär. Bu aýtgylardan we atalar sözlerinden görnüşi ýaly, bag adam durmuşynda örän uly orun tutýar. Häzirki wagtda Arkadag şäherinde-de täze nahallary ekmek we öňden bar bolanlaryna ideg etmek işleri asylly däbe öwrüldi. Ýakynda şäheriň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýaşaýjylarynyň gatnaşmagynda bu mekany ekologiýa taýdan abadanlaşdyrmak, tokaý zolaklaryny döretmek maksady bilen agzybirlikde bag ekmek işleri geçirildi. Güýzki bag ekmek möwsüminde häzire çenli 17500 sany bag nahallary oturdylan bolsa, bu gezekki oturdylan 4000 düýp bag nahaly öňküleriň üstüni ýetirdi.

Ekologiýa abadançylygy: Milli strategiýa hereketde

Güneşli Diýarymyzda durnukly ösüşi üpjün etmek üçin howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirleriniň netijelerini peseltmek maksadyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak, zyňyndy gazlaryň mukdaryny azaltmak ýaly işler döwlet derejesinde durmuşa geçirilýär. 2023-nji ýylyň dekabrynda Dubaý şäherinde geçirilen (COP28), BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjylaryň 28-nji maslahatynda Türkmenistan döwletimiz Global metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Şeýlelikde, ata Watanymyzda 2030-njy ýylda parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň derejesini azaltmak meýilleşdirildi. Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň çäklerinde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda emele gelýän parnik gazlarynyň, esasan hem, metan zyňyndy gazlarynyň möçberlerini yzygiderli azaltmak ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligine gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň karary esasynda Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň pudagara topary hem döredildi.

«Akylly» şäheriň arassa ekologik gurşawy

Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak hem-de olaryň biodürlüligini köpeltmek, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wajyp wezipeler bellenilýär. Türkmenistanda daşky gurşawy goramak we ekologiýa syýasaty boýunça ýerine ýetirilýän işleriň ýurt we halkara derejede ähmiýeti uludyr. Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiziň başlangyjy bilen gurlup, birinji tapgyry 2023-nji ýylda ulanmaga berlen Arkadag şäheri sebitde ekologiýa taýdan arassa şäherleriň birine öwrüldi. Onuň gurluşygynda möhüm ekologik talaplara, ýagny Köpetdagyň etegindäki tebigy gözelligi saklap galmak üçin «ýaşyl» tehnologiýalary giňden ulanmaga aýratyn üns berildi. Şonuň üçin şäherde zir-zibil galyndylary hem täze tehnologiýalaryň esasynda öz wagtynda ýygnalyp, arassaçylyk düzgünleri berjaý edilýär. Şäheri dürli saýaly we pürli baglar, bezeg gülleri bezeýär, agaçlar damjalaýyn suwaryş ulgamy esasynda suwarylýar. Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulandygy baradaky güwänama hem täze şäheriň gurluşygyna ýokary baha berlendigini görkezýär.

Topraga togap — sogap

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Daşky gurşawy arassa saklamak, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek we olary rejeli peýdalanmak, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar» diýip belleýär. Şol jähetden hem Arkadag şäherimizde bu günki gün daşky gurşawy goramak ýaly asylly işler giň gerimde alnyp barylýar. Tebigaty, Watany söýmek, öz ýaşaýan ýeriňe hormat goýmak, daş-töweregimizi gurşap alýan tebigata aýawly göz bilen garamak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Daşky gurşawyň arassalygy möhüm wezipedir

Ýaşaýan ýerindäki daşky gurşawyň arassalygy, durmuş şertleriniň ýagdaýy ynsan saglygy üçin uly ähmiýete eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň gaýtalanmajak tebigy gözelliklerini gorap saklamakda, ony has-da baýlaşdyrmakda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tebigaty goramak we daşky gurşawyň arassa bolmagyny üpjün etmek baradaky taýsyz tagallalary, ilkinji nobatda, halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyna gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eserinde hem sahawatly topragymyzda bitýän ösümlikleriň adamyň saglygyna, ruhy sagdynlygyna taýsyz melhemdigi giňden açylyp görkezilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän tutumly işleriniň halkymyzyň saglygyny goramaga, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilýändigi bizi diýseň begendirýär.  

Arassa suw — ýaşaýşyň gönezligi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselesine uly üns berilýär. Häzirki adamzat jemgyýetiniň üns merkezinde ekologik meseleleriň iň wajyp ugurlarynyň biri hem ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmekdir. Mälim bolşy ýaly, Ýer ýüzüniň 70 göterimine golaýy suw bilen örtülendir. Ýöne şonuň diňe 2,5 göterimi süýji suwdur. Süýji suw gorlarynyň aglaba bölegi barmasy kyn daglarda we buzluklarda ýerleşýär. Soňky asyrlarda süýji suwuň sarp edilişiniň, önümçilikde peýdalanylyşynyň artmagy netijesinde onuň çeşmeleri ep-esli kemeldi. Bütin dünýäde arassa suwa we elektrik energiýasyna bolan isleg artýar. Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika we Merkezi Aziýa sebitlerinde suw baýlyklarynyň gymmaty has-da ýokarydyr. Şoňa görä-de, bu ugurda netijeli çözgütleri gözläp tapmak zerurlygy ör-boýuna galýar. Häzirki döwürde suwy süýjetmek boýunça işjeň hereket edýän ýa-da işlenip düzülmek tapgyryndaky dürli taslamalar bar. Emma olaryň hemmesi diýen ýaly gazylyp alynýan ýangyç — nebit ýa-da gaz peýdalanyp işleýän desgalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar.

Baglar — gözellik

Gözel Diýarymyz bagy-bossanlygy bilen akylyňy haýrana goýýar. Ýurdumyzda her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde bag ekmek boýunça ählihalk dabaralarynyň geçirilip, ýaş bag nahallarynyň köpçülikleýin oturdylmagynyň bagy-bossanlygy döretmekdäki ähmiýeti uludyr. Soňky sanlyja ýylyň içinde ak mermerli Aşgabadyň daş-töwereginde, şeýle-de Arkadag şäheriniň we welaýatlaryň çäklerinde millionlarça düýp agaç nahallary oturdyldy. Şonuň bilen baglylykda, oturdylan dürli baglar, şol sanda pürli, saýaly, miweli baglar, üzüm nahallary bu gün barha boý alyp, özboluşly gözellik emele getirýär. Adam eli bilen döredilýän şeýle gözellikler ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge hem ýardam edýär. Şu şanly ýylymyzda hem hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýazky we güýzki bag ekmek möwsümlerine dabaraly badalga berildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň güýzünde geçen ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda Gökdepe etrabynyň täze, döwrebap obasynda — Köpetdagyň ýalkymy obasynda dürli baglaryň ýüzlerçesi oturdyldy. Obanyň gözelligini artdyran şol baglara yzygiderli ideg edilýär. Nesip bolsa, şanlyja ýyldan şol baglar ulalar, saýa salar. Oba ilaty onuň hözirini görer. Şeýle gözellikleriň döredilmegine etrabymyzyň ýaşlarynyň hem saldamly goşantlarynyň bardygyny buýsanç bilen bellemek gerek.

Bio­lo­gik köp­dür­lü­lik: eko­lo­gi­ýa hem gö­zel­lik

Bio­lo­gik köp­dür­lü­lik — ýa­şa­ýyş üçin il­kin­ji şert­le­riň bi­ri. Çün­ki ösüm­lik­ler­dir jan­dar­lar hut şeý­le te­bi­gy şert­ler­de ýa­şamak üçin ge­rek zat­la­ry­nyň äh­li­si­ni tap­ýar. Diý­mek, bu te­bi­gy­lyk di­ňe bir eko­lo­gik ýa-da gö­zel­lik ba­bat­da ze­rur­lyk bol­man, eý­sem, hil-hil­lik ahyr­so­ňun­da yk­dy­sa­dy bäh­bi­de öw­rül­ýär. Çün­ki tä­ze yk­dy­sa­dy­ýet lük­ge­li­gi bi­len äh­lu­mu­my ýa­şaý­şa hyz­mat et­me­li, ýag­ny di­ňe yn­sa­na däl-de, äh­li jan­ly dün­ýä­niň bäh­bi­di­ne bol­ma­ly. Bi­ziň hal­ky­myz gül­zar­ly­ga ta­pyl­gy­syz be­zeg lez­ze­ti di­ýip dü­şün­ýär. Ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­ny ga­zan­ma­gy bi­len, şeý­le te­bi­gat be­ze­gi­niň ge­rim-ýaý­ra­wy­nyň gör­lüp-eşi­dil­me­dik de­re­je­de gi­ňe­me­gi­ne hem-de köp­dür­lü­li­giň ha­sa­by­na hil taý­dan düýp­li go­wu­lan­ma­gy­na müm­kin­çi­lik has-da art­dy. Şeý­le iş­ler so­ňy bi­len dün­ýä­de eko­lo­gik saz­la­şy­ga bar­ha art­ýan ze­rur­ly­gyň, ho­wa­nyň üzül-ke­sil üýt­ge­me­gi ne­ti­je­sin­de gaý­ra­go­ýul­ma­syz we­zi­pä öw­rü­lip, has mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Diý­mek, Türk­me­nis­ta­nyň bu ba­bat­da öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty we yzy­gi­der­li ta­gal­la­la­ry hä­zir­ki za­man dün­ýä me­ýil­le­ri­ne la­ýyk gel­ýär. Hal­ky­myz bu iş­le­riň hö­zi­ri­ni öň­räk­den gö­rüp ug­ra­dy. Mu­ňa bol de­lil­ler­den ýe­ke my­sal: ýol­la­ry­my­zyň ýa­şyl jä­he­

Arkadag şäheri: asylly däbe eýerip

Ata-babalarymyzdan miras galan daşky gurşawa aýawly garamak ýaly milli däplerimiz häzirki günde aýratyn uly ähmiýete eýe bolýar. Her ýyl ýurdumyzda ählihalk bag ekmek çäreleri geçirilip, dürli görnüşli bag nahallarynyň ýüz müňlerçesi ekilýär, ozal ekilenlerine ideg etmek işleri alnyp barylýar. Olaryň ösüp ulalmagy bilen, türkmen topragy bagy-bossanlyga bürenip, jana şypaly arassa howasy bilen halkymyzyň tebigata bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Ýakynda däp bolan bu asylly ýörelgä eýerilip, Arkadag şäherinde Akhan, Aba Annaýew we Kärizek şaýollarynyň ugrundaky sil suw akabalarynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça şäheriň ýaşaýjylarynyň, edara-kärhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň, talyplaryň gatnaşmagynda bag ekmek we ekilen baglara ideg etmek çäresi geçirildi. Bu türkmen jemgyýetinde ýokary ekologik medeniýeti kemala getirmäge uly üns berilýändiginiň mysalydyr.

Ýerajy — gözellikleriň mesgeni

Altyn güýzüň gözelliklere beslenen ajaýyp keşbi ülkämiziň görküne özboluşly görk berýär. Güýz aýlary Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň Ýerajy çäkli goraghanasynyň keşbine hem birgeňsi täsirini ýetirýär. Bu döwürde ýurdumyza gyşlamaga gelýän guşlaryň uly bölegi çäkli goraghananyň adybir köllerine gelip gonýar. Şeýle-de Diýarymyzyň çäginden uçup geçýän guşlaryň dürli görnüşi goraghananyň suw üsti böleginde wagtlaýyn mesgen tutýar. Hemişelik ýaşaýan guşlary hasaba alanymyzda bolsa, gözýetmez giňişlikdäki guş sürüleriniň ýaýrawy tebigatda ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.

Ýaşaýşyň çeşmesi

Häzirki wagtda ekologiýa meselesi möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Ykdysady ösüşleriň, senagatlaşmagyň we ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegi bilen bir hatarda, adamzadyň daşky gurşawyň üýtgemegine edýän täsiri hem ýokarlanýar. Ekologiýany abadanlaşdyrmak maksady bilen bitirilýän beýik işler hemmämiz üçin örän ähmiýetlidir. Berkarar Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen amal edilýän işler nusga alarlyk tejribedir. Suw, howa, toprak we biziň ýaşaýan ýerimiz — bular biri-biri bilen pugta baglydyr. Şonuň üçin ekologik deňagramlylygy saklamak we daşky gurşawy goramak biziň iň möhüm wezipämizdir. Häzirki döwürde iň uly ekologik meseleleriň biri tebigy serişdeleriň köp ulanylmagy we köpçülikleýin sarp edilmegidir. Adamlara gowy ýaşaýyş şertlerini döretmek üçin senagatlaşma giňelýär, emma bu ýagdaýda tebigata ýetirilen täsir göz öňünde tutulmaly. Şeýle-de bolsa, adamzat Ýer ýüzüni we ekodüzümi saklamak üçin öz işini düzgünli alyp barmaly. Düzgünleri we çäklendirmeleri döredip, olaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmeli.