EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGYNYŇ MÖHÜM ŞERTI

21 Dekabr 2024
86

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Tutuş adamzadyň üns merkezinde duran ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Türkmenistanyň alyp barýan syýasaty, öňe sürýän başlangyçlary uly ähmiýete eýe bolup, dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary gyzyklanmasyna eýe bolýar. Munuň özi döwletimiziň bu babatdaky özboluşly syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir.

Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde dürli önümleriň dogry peýdalanylmagyna hen köp zat bagly bolup durýar. Olaryň hatarynda senagatda hem-de tehnologiýada ulanylýan iň zerur baýlyklaryň biri bolan nebiti aýratyn bellemek bolar. Onuň peýdaly taraplary bilen bilelikde zyýanly taraplary-da bardyr. Dogry we talabalaýyk ulanylmazlygy onuň  mukdarynyň azalmagyna hem-de Ýer şarynyň, onuň suwlarynyň hapalanmagyna getirýär. ITOPF (International Tanker Owners Pollution Federation) guramasynyň berýän maglumatyna görä, soňky ýyllarda deňizlere dökülýän nebitiň mukdarynyň artmagy netijesinde, deňiz suwlarynyň  hapalanmagy has-da artyp, ondaky janly organizmlere zeper ýetdi.

Bahar SEÝITGULYÝEWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.