"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Täsin belgiler

✓ Germaniýanyň Drezden şäherinde 1987-nji ýyldan bäri gyzyl ýanyp duran ýolyşygy bar. Ol Sigelştrasse köçesinden çepe öwrülmegi gadagan edýär. Ýöne päsgelçilik döretmeýän bolsa saga öwrülmäge rugsat berýär. Bu ýolyşygyny aýryp, «Diňe saga hereket» ýol belgisini goýmaga ýerli kanunçylyk ýol bermeýär. ✓ Singapuryň köp pyýadaly geçelgelerindäki ýolyşyklary garrylara we maýyplara ýardam berýän ulgam bilen enjamlaşdyrylypdyr. Şeýle derejedäki pyýadalar ýörite karty sargyt edip bilýärler we düwmä basmaga derek,  ony sanaýjy enjama golaýladýarlar. Ulgam karty tanansoň, ýaşyl yşygy adatdakysyndan köp ýakýar. Geçelgäniň uzynlygyna görä 3-den 13 sekunda çenli wagt goşulýar.

Berjaý edilmeli kadalar

Hormatly raýatlar, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý etmek wajypdyr. Şu babatda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy öz maslahatlaryny berýär. Ulag kärhanalarynyň duralgasynda göz öňüne tutulanyndan, adatça, 25-den köp awtoulag saklanylýan bolsa, duralganyň girmäge we çykmaga niýetlenen derwezesi iki sany bolmalydyr.

Beden maşklarynyň ähmiýeti

Alym Arkadagymyz «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar» atly kitabynda ähli  gowulyklaryň saglykdan başlanýandygyny nygtap: «Beden, aň we ruh sazlaşygyny döretmek, güýç bilen ruhy utgaşdyrmak, kadaly iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ynsan sagdynlygynyň esasy ýörelgeleridir» diýip belleýär. Sagdyn we bagtyýar durmuşyň hözirini görüp, sagat ýaşamakda beden maşklary esasy orun eýeleýär. Lukmanlaryň nygtaýşy ýaly, hereket sagdynlygyň gözbaşy. Beden maşklaryny gündelik ýörelgä öwürmek ynsanyň döredijilikli işlemegine hem oňyn täsirini ýetirýär.

Asuda asmanly parahat Diýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletimiziň goranyş ukybyny pugtalandyrmaga, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly üns berilýär. 4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Ruhy arabaglanyşygyň nyşany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň şanyna täze bilim edaralarynyň açylmagy asylly däbe öwrüldi. 2024-2025-nji täze okuw ýyly hem ýurdumyzda we dostlukly döwletde möhüm binagärlik desgalarynyň dabaraly açylmagy bilen başlandy. Olaryň hatarynda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň ulanmaga berilmegi baýramçylyk günündäki şatlykly wakalaryň ýene-de biri boldy. Onuň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly iki döwletiň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşdylar. Dostlukly goňşy ýurtdaky täze bilim edarasynyň binalar toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan alnyp baryldy. Türkmen halkynyň we Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň adyny göterýän umumybilim berýän orta mekdebiň düýbüni tutmak dabarasy 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary wagtynda geçirilipdi. Şonda iki döw

Döwlet berkararlygynyň nusgalyk keşbi

Asyrlaryň dowamynda dünýäniň çar künjeginde azym-azym şäherleri, döwletleri guran türkmen halkynyň bu günki şöhratly nesli öz mukaddes ata Watanynda döwrebap we milli ruhda äleme nusgalyk şäherleri gurýar. Güneşli ýurdumyzyň göwher gaşyna öwrülen şol şäherleri bezäp oturan binalary synlanyňda  hormatly Prezidentimiziň egsilmez hyjuwy, Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz yhlasy aýdyň görünýär. Bina galdyrmak, ýol, köpri gurmak halkymyzda ata-baba sogaply iş hasaplanylýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ençeme etraplaryň, şäherçeleriň, şäherleriň gurulmagy, gurluşyk önümçiligi boýunça  döwrebap kärhanalaryň döredilmegi, bu asylly işleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe hem üstünlikli dowam etdirilmegi döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, depginli ösüşini aýdyň görkezýär. Bedew bady bilen öňe barýan ajaýyp zamanamyzda amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyklar mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilip, raýatlarymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeleýär.

Milli maslahatyň buýsanjy

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda belent sepgitleri nazarlap ösýän döwrümizde demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, türkmen halkynyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmekde giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki günlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmäge uly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Karar kabul etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen kabul edilen bu Kararda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Şeýle-de ony ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi tassyklanyldy.

Gurmak, döretmek bagty

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Ömrüň manysy özüň üçin ýaşap bilmekden başlaýşyna, soňra bu mertebeler başga biri üçin, maşgalaň üçin, obaň, il-ulsuň, halkyň, Watanyň üçin ýaşap bilmek derejelerine çenli beýgelip gidýär. Maksatlaryň çürbaşynda Watan bähbidini goýmak bolsa miýesser edip biljek mertebeleriň iň beýigidir» diýlen sözler bar. Halkara derejeli münberlerde ýa-da ýokary derejeli adamlar bilen duşuşyklarda, gepleşiklerde milli bähbitler bilen birlikde,  ählumumy bähbitleri gorap çykyş etmek, ylmy taýdan esaslandyrylandygy bilen ähmiýetli ählumumy bähbitlere gönükdirilen başlangyçlarydyr teklipleri öňe  sürmek hem, elbetde,  miýesser edip biljek mertebeleriň hataryndadyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda onlarça türk kompaniýalary işleýär. Olaryň  gatnaşmagynda ýüzlerçe önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar gurlup ulanylmaga berildi. Türkmenistanda we Türkiýe Respublikasynda halkara sergiler hem-de işewür maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Şunuň ýaly möhüm çäreleri geçirmek indi bu iki ýurduň arasynda asylly däbe öwrüldi. Munuň özi gatnaşyklary mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aňladýar. Türkiýäniň işewür toparlary daşary ýurtly hyzmatdaşlar we m

Watany söýmegiň berk binýatly mekdebi

2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda — Watan goragçylarynyň gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda düýbüni tutmak dabarasy geçirilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň açylyşy köňüllere şatlyk nuruny çaýdy. «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde: «Watany söýmegiň berk binýatly mekdebini döreden ata-babalarymyz özleriniň maksatlaryny geljegiň bagtyýarlygy ugrundaky işleri amala aşyrmaklyga gönükdiripdirler» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp jümläniň taryhy hakykatdygyny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze, ak mermerli binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, Watany söýmekligiň berk binýatly mekdebini sowgat bermek bilen ýene-de bir ýola subut etdi.

Döwrebap hukuk ýörelgeleri

Güneşli Diýarymyzda türkmen halkynyň her bir güni ajaýyp ösüşlere beslenýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlarynyň galkynyşly döwrümizde döwrebap many-mazmun bilen baýlaşýandygyna şaýatlyk edýär. Şöhraty  äleme dolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ähli ulgamlarynda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagyna gönükdirilen tutumlaryň netijesinde gazanylýan ösüşler döwletimiziň şanyna şan goşýar. Ýurtda agzybirligi we asudalygy pugtalandyrmakda, daşary ýurtlar bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda we yzygiderli ösdürmekde alnyp barylýan netijeli işler döwlet syýasatynyň özenini düzýär.

Gözbaşy gadymy taryhy mekan

Türkmenistan medeni mirasyň gadymylygy, baýlygy we köpdürlüligi boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna degişlidir. Halk binagärliginiň esasyny kesgitlän gadymy siwilizasiýanyň ösüşini alamatlandyrýan ilkinji binalar hut şu topraklarda peýda boldy. Türkmen halky bolup geçen kynçylyklara we özgertmelere garamazdan, öz baý medeni mirasyny birjik-de üýtgetmän, aýawly saklap gelmegi başardy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň neşir edilmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy. Üç dilde neşir edilen bu ajaýyp eserde çuňňur mazmunly taryhy maglumatlaryň üsti bilen türkmen halkynyň şöhratly geçmişi dabaralandyrylýar.

Dünýä mähre beslenýär

Eneler — dünýäniň bezegi, eneler — mähir ummany, eneler hakda söhbet edilse, dünýä mähre beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars diline terjime edilmegi   sözümiziň ajaýyp subutnamasydyr.  Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň ähli babatda nusgalyk durmuş ýoluny beýan edýän, ýaş nesli Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly orny eýeleýän  bu eseriň dünýä halklary üçin ähmiýetlidigini görkezýär. Ene-atalara hormat goýmak türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden dünýä nusgalyk asylly däbidir. Alym Arkadagymyzyň eseri hem enelere goýulýan hormat-sarpanyň belent nusgasydyr. «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitapda enäniň, maşgala ojagynyň mukaddesliginiň, Watana söýgi hem-de ene-atalar bilen perzentleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýeti barada gürrüň berilýär.

Ýagşylygyň ýalkymy

Alym Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinden: «Toprak suwa ezilýär we akyp gidýär ýa-da toprak suw bilen birigende, ondaky organiki esaslar janlanýarlar. Ody ýel, howa tutaşdyrýar, toprak, suw öçürýär. Umuman, ýaradylyşyň esasyny düzýän maddy barlyklar özara baglanyşykdadyr» diýen setirlerini okanyňda, halkymyzyň ruhy güýjüni ykdysady mümkinçiliklerimizde döredijilige öwrüp, asuda jemgyýetli, bolelin durmuşly bagtyýar zamanany döretmäge gönükdirilen kämil paýhasa göz ýetirýärsiň. Milli Liderimiz hem adamzadyň kalbyndaky iň ýagşy garaýyşly ruhy maddalary maddy mümkinçiliklerimiz bilen täsirlendirip, parahatçylykly ösüşiň iň kämil tejribesini döretdi. Gahryman hajy Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Änew şäherinde Seýit Jemaleddiniň adyny göterýän metjidiň, şeýle hem Gadyr gijesi mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap täze metjitleriň açylyp ulanylmaga berilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasly tagallalary bilen sahawatly işleriň dowamat-dowama beslenýändigini aýdyňlaşdyrýar.

Ykdysadyýetiň möhüm ugry

Ak bugdaýyň gadymy mekanynda ekerançylyk medeniýetiniň häzirki zaman tejribeleri — sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri bilen utgaşmagynda gazanylýan üstünlikler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mynasyp keşbidir. 4-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine guramaçylykly girişilmegi hem munuň aýdyň dabaralanmasy boldy.  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi  bilen badalga alan güýzlük bugdaý ekiş möwsümi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekip, ýerden bol hasyl almaklary üçin döwletimiz tarapyndan zerur şertleriň döredilýändigini tassyklady. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Diýarymyzyň ösüşleriň täze belentliklerine göterilýän häzirki döwründe oba hojalygyny ýokary depginler bilen ösdürmek hem-de özgertmek, ony iň bir girdejili pudaklaryň birine öwürmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen daýhanyna döwletimiz tarapyndan öndürijilikli işlemäge, toprakdan bol hasyl öndürip, ýokary zähmet netijelerini gazanmaga, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Gadam AŞYROW, polisiýanyň kapitany: — Ýurdumyzyň lukmançylyk edaralary ekologik taýdan arassa, hil babatda halkara görkezijilere doly laýyk gelýän, ýerli çig mallardan öndürilýän lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün edilýär. Bu ugurda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň orny aýratyn bellärliklidir. Ýakynda kärhana tarapyndan 6 aýdan uly bäbejikler üçin goşmaça iýmit bolan süýtli çaga şülesiniň 4 görnüşiniň öndürilip başlanmagy halkymyzy ýokary hilli, tebigy harytlar bilen üpjün etmek ugrundaky işleriň üstünliklere beslenýändigini aňladýar. Düzümi mikro we makro elementlere, witaminlere baýdygy, taýýarlanylyşynyň aňsatdygy bilen tapawutlanýan bu önümler  Diýarymyza import edilýän önümleriň mukdaryny ep-esli azaldar. Milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi we kuwwatlanmagy hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly çözgütleriniň, halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň netijesidir.

Pyragynyň şygyrlarynda jahankeşdelik

Magtymguly Pyragynyň öz döwründe hemmetaraplaýyn kämillige ýeten şahsyýetdigi dünýäde ykrar edilýär. Şahyryň döredijiligini ylmy taýdan öwrenijileriň aýtmaklaryna görä, ol dürli ylymlardan baş çykaryp bilipdir. Şol sebäpli hem onuň goşgulary paýhaslylygy, pähimliligi, çeperligi bilen bir hatarda, ylmylygy bilen hem sowatly adamlaryň ünsüni çekmegi başarýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen şahyryň ajaýyp goşgulary dünýäniň ençeme halklarynyň dillerine terjime edilýär. Dürli ýurtlaryň okyjylary Magtymguly Pyragynyň goşgularyny uly höwes bilen okaýarlar. Balkar şahyry Kaýsyn Kulyýew: «Magtymgulyny diňe bir türkmen poeziýasynyň däl-de,  eýsem, dünýä poeziýasynyň-da Elbursy hasap edýäris» diýip, uly baha berýär.

Beýikligiň badalgasy

Watan — ynsanyň ýüreginden başlanýar. Watansöýüjilik terbiýesi bolsa maşgaladan gözbaş alýar. Sebäbi adamyň ilkinji Watany onuň kemala gelen ojagydyr. «Ata Watan aman bolsa, reňki-roýuň saman bolmaz», «Atany söýen, Watany söýer», «Watanyň tüssesi ýat iliň odundan ýagşy» ýaly pähim-paýhasda jemlenen duýgular ata Watana bolan beýik söýginiň beýanydyr. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze, ak mermerli binalar toplumynyň 1-nji sentýabrda açylyp ulanmaga berilmegi  beýik ösüşlere beslenýän zamanamyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp wakalaryny çuň mazmun bilen baýlaşdyrdy. «Berkarar döwlet islärin» diýip arzuwlan Magtymguly Pyragy türkmen ýigitleriniň mertden dörän merdanadygynyň waspyny edipdir:

Synmaz sütün

Dana Pyragy eýýäm üç asyr bäri türkmen halkynyň ruhuny beýgeldip gelýän milli şahyrdyr. Ol halkynyň parahat we bagtly durmuşda ýaşamagyny arzuw edip, nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp şahyrana mirasy galdyrdy. Onuň geljege gönükdirilen manyly goşgularyndaky çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde beýik Pyragynyň heýkeli bina edilen medeni-seýilgäh toplumy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredildi. Çünki söz ussadynyň parasatly öwüt-ündewleri Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak we gülledip ösdürmek üçin möhüm ähmiýete eýedir. Adamlaryň kalbynda hemişelik orun alan, durmuşdaky ýagşy-ýamany ýalňyşsyz kesgitleýän ýolgörkeziji hökmünde hakydalarda ýaşaýan Magtymguly Pyragy türkmen ruhunyň öçmejek çyragydyr. Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň, ýagny tebigy belentlikde gurlan ýadygärligiň beýikligi 60 metre, şahyryň «Türkmeniň» goşgusyndan ganatly setirler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyndan setirler ýazylan binýadyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir. Şeýle hem medeni-seýilgäh toplumynda innowasion tehnologiýalar ulanylandyr. Mundan başga-da toplumda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň oturdylmagy Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde do

Ýola ugramazdan ozal

Dünýädäki şäherlerde adamlaryň, ulaglaryň sanynyň artýan, köçeleriň, ýollaryň, şaýollaryň köpelýän, olarda hereketiň işjeňleşýän häzirki döwründe awtomobil heläkçiliginiň döremek howpy artýar. Köçe-ýol hadysalary zerarly ýylda dünýäde ýüzlerçe adam şikes alýar, maýyp bolýar. Köçe-ýol hereketine diňe sürüjiler däl-de, pyýadalar hem gatnaşýarlar. Şeýle ýagdaýda her bir adam köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bilmeli we dogry berjaý etmeli. Hormatly sürüjiler, ýol hereketiniň kadalaryny doly özleşdiren bolsaňyz-da, olary wagtal-wagtal gaýtalap duruň. Ýola çykmazdan öň, ulagyňyzyň tehniki taýdan guratdygyna göz ýetiriň. Serhoş ýagdaýda ýa-da nerw dartgynlylygyny başdan geçirýän wagtyňyzda ulag sürmäň. Ýola düşmezden öň, ukyňy tutdurýan, ünsüňi gowşadýan, arterial gan basyşyňy peseldýän käbir dermanlary, antidepressantlary ulanmaň. Ilatly nokatlaryň köçelerinden, köp adamly ýerlerden geçeniňizde ulagyň tizligini peseldiň. Ulagy sürüp barýan wagtyňyzda ýolagçylar bilen gürleşip, ünsüňizi bozmaň, el telefonyny, ses gataldyjy enjamlary ulanmaň.