"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Binagärligiň beýik nusgasy

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň belent maksatlary bilen ýurdumyz giň gerimli gurluşyk meýdançasyny ýatladýar. Milli Liderimiziň amala aşyran şähergurluşyk maksatnamasy esasynda ak mermere beslenen Aşgabat dabarasy dünýä dolan, ýaşamak üçin amatly, iň ajaýyp şäherleriň birine öwrüldi. Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk gurluşyk taslamasynyň täzeçil usullaryny özünde jemlän, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheri hem döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň nobatdaky subutnamasydyr. Bary-ýogy birnäçe ýylyň içinde gurluşygy amala aşyrylan Arkadag şäheri ekologiýa taýdan arassa we owadan ýurdumyzyň möhüm merkezleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutanlygyna girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda: «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar» diýip bellemegi raýatlaryň abadan durmuşda ýaşamagynyň döwlet syýasatynda esasy orny eýeleýändigini görkezýär. Binýady berkden bolan şähergurluşyk maksatnamasyny esaslandyryjy Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylyk etmegi bilen täze şäher IT tehnologiýalarynyň we döwrüň talaplaryna laýyk gelýän binagärlik işleriniň nusgasyna öwrüldi.

Jemgyýetiň jebislik sütüni

Il-ýurt bähbitli meseleleri ýaşululardyr halkyň ynamdar wekilleri bilen maslahatlaşyp çözmek türkmeniň gadymdan gelýän asylly ýörelgesidir. «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz»  diýlişi ýaly, halkymyz islendik bir uly tutumly işiň başyny başlanda, ilki bilen, demokratik ýol-ýörelgeli däp-dessurlardan ugur alypdyr. Türkmen halky hemişe dili senaly ýaşululara çuňňur hormat bilen garap, olaryň pikirini diňläp, baý durmuş tejribesine bil baglapdyr. Şunuň ýaly asylly milli ýörelgelerimiz halkymyzyň arasynda durmuşyň ýazylmadyk kanuny hökmünde asyrlaryň dowamynda nesillerimiziň ruhuna we aňyna siňipdir. 2009-njy ýylyň 6-njy martynda gojaman Jeýhunyň boýundaky Türkmenabat şäherinde geçirilen Ýaşulular maslahaty hem halkymyzyň we döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan möhüm seneleriň biri boldy. Bu umumymilli forumda ýurdumyzy we jemgyýetimizi ösdürmegiň ähli meselelerine — durmuş, ykdysady, syýasy, kanunçylyk, medeni meselelere garaldy hem-de olar boýunça netijeli çözgütler kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetiň möhüm pudagy hasaplanýan oba hojalygyny ösdürmegiň täze strategiýasynyň kabul edilmegi ata Watanymyzyň rowaçlygy we ösüşi, türkmen halkynyň abadançylygy babatda netijeli ädim boldy. Bu strategiýada döwlet syýasatynda ileri tutulýan möhüm ugurlar hem-de milli ykdysadyýetiň esasy pudagynyň köpugurly mümkinçiliklerinden, öňdebaryjy y

Kämilleşýän sanly ulgamda täze döwür

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeden ugur alýan hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady ösüş babatyndaky strategiýasynyň esasy wezipesi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistan demokratik, hukuk kadalaryna esaslanýan, ykdysady taýdan durnukly ösýän döwlet hökmünde sebitde-de, dünýä jemgyýetçiliginde-de mynasyp orun eýeleýär. Ösen bazar gatnaşyklaryny nazarlaýan işjeň syýasatyň esasy ugurlarynyň hatarynda öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan kämil senagaty kemala getirmek ýurdumyzyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar.  Elektron senagaty döretmek, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, galyberse-de, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek hukuk kepilliklerini talap edýär.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Jemal DIWANOWA, Mary şäher kazyýeti, kazynyň kömekçisi:— Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyz goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň Gazagystan Respublikasynda saparda bolup, iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda ýokary derejedäki duşuşygyň geçirilmegi hem iki dostlukly döwletiň arasyndaky syýasy, ykdysady ulgamlardaky gatnaşyklary ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim boldy. Duşuşykda hormatly Prezidentimiz oktýabr aýynda ýurdumyzda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günlerini guramagyň meýilleşdirilýändigini hem-de häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň çäginde gazak şahyry we filosofy Abaý Kunanbaýewiň ýadygärligini oturtmak üçin ýer bölegini bermek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Munuň özi medeni-ynsanperwer ulgamyň türkmen-gazak gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidigini tassyklaýar. Bütin adamzadyň abadan durmuşyny nazarlaýan asylly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Seýran OGŞUKOW,maýor:— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde Merkezi Aziýa döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk barha pugtalandyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagy h

Döwlet gullugynyň talaby

Döwlet gullukçylarynyň eýeleýän wezipesine garamazdan, goldanmaly bolan gulluk, hünär etikasynyň umumy ýörelgeleriniň we özüňi alyp barşyň esasy düzgünlerini özünde jemleýän «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny döwlet gullukçysynyň ahlak keşbine we işewür sypatlaryna talaplary ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. «Döwlet gullugy hakynda», «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda», «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň talaplarynyň her bir döwlet gullukçysy tarapyndan doly, dogry, gyşarnyksyz berjaý edilmegi raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň iş ýüzünde durmuşa geçýändigini görkezýär.

Magtymgulynyň şygryýet dünýäsi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli guralýan dabaralar ýurdumyzyň çar künjegini gurşap alýar. Biz 2024-nji ýylyň 17-nji maýynda şeýle taryhy wakalaryň birnäçesine şaýat bolduk. Söz ussadynyň 300 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli paýtagtymyzda halkara derejesinde çäreleriň geçirilmegi, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde şahyryň Aşgabadyň günorta künjeginde bina edilen belent heýkeliniň we adybir medeni seýilgäh toplumynyň açylmagy, şeýle-de «Magtymguly» atly kitabyň giň okyjylar köpçüligine ýetirilmegi ähli watandaşlarymyzyň başyny göge ýetirdi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan şahyryň saýlanan goşgularynyň 271-si ýerleşdirilen ýygyndysynyň türkmen, rus, iňlis dillerinde çap edilmegi Magtymguly Pyragynyň ajaýyp eserleriniň dünýä ýaýylýandygynyň aýdyň mysalydyr. Bu kitapda edep-terbiýe, ahlaklylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, gahrymançylyk, milli döwletlilik, watançylyk baradaky filosofik garaýyşlary beýan edýän şygyrlar orun alypdyr. Söz ussadynyň şanly toýuna bagyşlanyp çap edilen şygyrlar ýygyndysy ýokary hilliligi, özboluşly bezegleri bilen okyjylarda uly täsir galdyrýar.

Kämilligiň gözbaşy

Edep-terbiýe hakynda gürrüň edilende, halkyň arasynda durmuş tejribesi ýetik adamlaryň aglabasynyň «türkmençilik» diýen düşünjeden gelip çykýan hakykaty ykrar edýändiklerine şaýat bolýarsyň. Edep-terbiýäniň ýazylmadyk kanunlarynda çagany ýaşdan terbiýeläp başlamak, oňa asylly terbiýe bermek halkymyzyň kadasyna öwrülipdir.  Türkmençiligiň edim-gylymlaryny, ýol-ýörelgelerini üýtgewsiz ýerine ýetirýän, asylly maşgaladan çykan çagalar ýagşy işleri ýerine ýetirmäge ukyply bolýarlar. Şahsyýetiň doly derejede kemala gelmeginde onuň çagalyk döwründe çekilen zähmetiň netijesiniň ýokary bolýandygyna anyk göz ýetiren halkymyz ençeme pedagogik garaýyşlary, düzgün-kadalary, däp-dessurlary döredipdir.

Gaýtalanmajak sungat eseri

Dürli döwürlerde ussatlaryň ylhamyny özüne siňdiren milli medeniýetiň tämiz owazlary halkymyzyň kalbyna bakylyk mukamy bolup siňýär. Medeniýet halkyň begenjini, buýsanjyny süňňüne siňdirip, ebedilik tapýar. Nepisligi bilen tutuş dünýäde sungat diýlip ykrar edilen milli halyçylyk senedimiz hem gadyry gaçmaýan gymmatlykdyr. Dünýä derejesinde ady arşa galan halylary dokan ussat gelin-gyzlarymyzyň inçe sungaty il gezip, halka, ýurda şöhrat getirýär. Bu gün dünýäniň haýsy künjeginde bolanda-da «Türkmen halysy» diýlip tanalýan beýik sungat halkymyzyň hem ata Watanymyzyň abraý-mertebesini belentliklere çykarýar. Türkmenleriň haly önümçiligi köklerini gadymyýetden alyp gaýdýar. Ol türkmen halkynyň taryhy, ýaşaýşy, milli däpleri, tebigy howa şertleri bilen berk baglanyşyklydyr. Gözelligi babatda deňsiz-taýsyz hasaplanýan, umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynda mynasyp orun tutýan halylarymyz türkmeniň dünýä beren naýbaşy gymmatlygydyr. Halyçylyk sungaty inçe, nepis sungat bolmak bilen, ol ene-mamalarymyzyň baý tejribesini özünde jemleýär.

Sagdynlygyň goragy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamynda toplumlaýyn strategiýa yzygiderli durmuşa geçirilýär. Çünki Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurtdur. Döwlet Baştutanymyz nebit senagatynyň işiniň ekologiýa taýdan arassalygyny üpjün etmegiň zerurdygy bilen baglylykda ulanylýan tehnologiýalaryň adamyň daşky gurşawy goramak işjeňligine goşant goşmalydygyny yzygiderli nygtaýar. Häzirki wagtda öňdebaryjy tejribäni peýdalanmak bilen tebigaty goramagyň standartlary işlenip düzülýär, «ýaşyl» energetikany ösdürmekde täze mümkinçilikler öwrenilýär. Howanyň üýtgemegine garşy göreş dünýäniň energetika syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrülýär. Halkara derejede howanyň üýtgemegini dolandyrmak boýunça ählumumy ulgamy guramak ugrundaky ilkinji ädimler 1992-nji ýylda ädildi. Şonda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gol çekildi. Ýer ýüzüniň howasyny dolandyrmak boýunça birnäçe resminamalar kabul edildi.

Bagtyýarlygyň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gözel tebigatyny, onuň ösümlik, haýwanat dünýäsini aýawly saklap,  ýangyn hadysalarynyň ýüze çykmak howpunyň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy aşakdaky düzgünleri ýatladýar. Ýurdumyzyň tebigatynyň gözel ýerlerinde açyk ot ýakmak, çilim çekmek, söndürilmedik otluçöpi taşlamak, uçgun berijileri ulanmak, çüýşe gaplaryny, aýna böleklerini, zir-zibilleri, şeýle-de dürli görnüşdäki ýag siňen esgileri taşlap gitmek, awtoulaglary guran ot-çöpli meýdanlara salmak we şol ýerlerde awtoulaglara tehniki hyzmatlary geçirmek gadagandyr. Türkmenistanyň çägindäki eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalaryň, guramalaryň ählisi tebigatyň gözel ýerlerinde islendik işleri geçirende, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmäge borçludyrlar. Biz döwletimiziň gözel we baý tebigatynyň, onuň ösümlikdir haýwanat dünýäsiniň aýawly saklanylmagyna   jogapkärdiris.

Hoşniýetli gatnaşyklar pugtalanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda gazanylýan üstünlikler raýatlarymyzyň buýsanjyny artdyryp, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da pugtalandyrýar. Dünýä döwletleri, iri halkara guramalar, hususan-da, BMG bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň strategik ugrudyr. Özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanyp, häzirki wagtda bu hyzmatdaşlyk täze mazmuna eýe bolýar. Bu hakykat «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda amala aşyrylan işlerde-de aýdyň görünýär. Halkara gatnaşyklary pugtalandyrmakda we giňeltmekde ýokary derejedäki saparlaradyr gepleşiklere aýratyn orun degişlidir. Şu ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli guralan dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy türkmen-rus dostlugyny pugtalandyrmak babatda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Demokratik ösüşiň aýdyň ýoly

Ýurdumyzda jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna, raýat jemgyýetini kämilleşdirmäge, syýasy, ykdysady, demokratik özgertmeleri çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Il-ýurt bähbitli meseleleri halkdyr ýaşulular bilen geňeşip çözmek türkmeniň gadymdan gelýän häsiýetli aýratynlygydyr. Häzirki wagtda halkymyzyň bu ajaýyp syýasy we durmuş tejribesi giňden ulanylýar. Munuň şeýledigini jemgyýetçilik gurluşynyň iň gadymy düzümleriniň biri bolan Halk Maslahatynyň mysalynda görmek bolýar. Her bir halkyň we döwletiň durmuşynda diňe bir häzirki nesilleriň däl, eýsem, geljekki nesilleriň hem ykbalyny kesgitleýän wakalar bolýar. 2007-nji ýylyň 14-nji fewralynda halkymyzyň durmuşynda taryhy waka boldy. Şol gün geçirilen Halk Maslahatynda Gahryman Arkadagymyz ilkinji gezek Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek bilen, ýurdumyzy ösdürmek babatda maksatnamalaýyn çykyş etdi. Geçen taryhy döwürde gazanylan guwandyryjy üstünlikler, ýetilen belent sepgitler türkmen halkynyň öz ykbaly üçin mynasyp baştutany saýlandygyny görkezdi. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen döwletimiz dürli ulgamlarda — ylymda, bilimde, saglygy goraýyşda, sportda, oba hojalygynda, senagatda, gurluşykda, ulag-aragatnaşykda uly ösüşlere eýe boldy.

Halk maslahaty: jebislik, agzybirlik we aýanlyk

Halkymyzyň asyrlardan bäri durmuşyň wajyp meselelerini halkyň içinden sylanýan, hormatlanýan adamlar bilen maslahatlaşyp, sala salşyp çözendigi bize taryhdan mälimdir. Hormatly Prezidentimiz öňden dowam edip gelýän bu däpleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy gurluşynyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrüp, ony zamanabap talaplar esasynda ösdürýär. Döwlet Baştutanymyz 2024-nji ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Bu babatda häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli düzümlerinde taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, 24-nji sentýabrda geçiriler.

Pederleriň milli ýörelgesi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 3-nji maddasy: «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr». Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda döwlet Garaşsyzlygynyň baýramçylygynyň öň ýanynda Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 2024-nji ýylyň 20-nji iýulyndaky kararyna laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda bu umumymilli forumyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda röwşen geljegini gurýan agzybir halkymyzyň döredijilikli zähmeti netijesinde ýurdumyzyň taryhy ähmiýetli wakalara beslenýän häzirki günlerinde bu umumymilli forumy guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar.

Ähli şäherlerden saýlanýan şäher

Garaşsyz ýurdumyzda gazanylýan ykdysady ösüşler «Döwlet adam üçindir!»  diýen ynsanperwer taglymatyň ägirt uly işler arkaly durmuşa giňden ornaşdyrylýandygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ata Watanymyz ykdysady taýdan näçe galkyndygyça, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýy has-da gowulanýar. Şu ýylyň 3-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyryp, şäheriň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen tanyşmagy hem halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Şol gün ir bilen Milli Liderimiz dikuçarda täze şähere nobatdaky iş saparyny amala aşyrmak maksady bilen, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline bardy. Ol ýerde degişli ýolbaşçylar  şäherde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

Tebigatyň tämizligi — durmuşyň gözelligi

Güneşli Diýarymyzda ajaýyp tebigatymyzy ylmy taýdan öwrenmek we onuň gözelliklerini gorap saklamak babatda oňyn işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň täsin tebigy gözellikleriniň döwrebap ösüşi bilen utgaşyp gidýän ýerleriniň biri-de Hazar deňzi sebitidir. Hazar deňziniň kenarlaryny syýahatçylyk, dynç alyş merkezine öwürmek işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Deňiz kenarynda oturdylan we barha gürelýän agaç nahallary deňziň gözelligine görk goşýar, howany has-da arassalaýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Hazar deňziniň arassalygyny goramak, şypaly, jana melhem suwuny ylmy taýdan öwrenmek işleri alnyp barylýar. Hazar deňzi bütin dünýäde ajaýyp tebigy suw howdany bolup, suw bioserişdeleri we uglewodorod çig-mal serişdeleri onuň esasy baýlyklarydyr. Hazar deňzi onuň kenarlarynda ýaşaýan halklaryň umumy baýlygydyr. Şu aýratynlygy nazara almak bilen, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, bu täsin tebigy suw howdanynyň biodürlüligini gorap saklamak, baýlyklaryny rejeli peýdalanmak kenarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudyr. Bu ulgamda ýurdumyz esasy hyzmatdaşlary, şol sanda abraýly halkara guramalary bilen ýakyndan gatnaşyk etmek arkaly Hazar deňzindäki bar bolan we ýüze çykyp biläýjek ekologik meseleleri çözmekde täze usullary teklip edýär. Döwletimiz BMG-niň tebigaty goramak boýunça esasy Konwensiýalaryny tassyklap,

Watansöýüjiligiň belent göreldesi

«Watan öz gerçekleri bilen beýikdir!» diýlen sözlerde uly many bar. Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň içeri işler edaralarynyň düzüminde geçen asylly we göreldeli gulluk ýoly Watan goragçylarynyň her biri üçin merdanalyk mekdebidir. Mälikguly halypa öz ömrüni ösüp gelýän ýaş nesle edep-ekram öwretmäge, olara il-ulsa hormat goýmak, harby borç, halallyk, watansöýüjilik, ýokary ahlaklylyk, döredijilikli işlemek, zähmetsöýerlik, adamkärçilik, adalatlylyk, hoşniýetlilik ýaly häsiýetleri öwretmäge bagyş etdi. Käri boýunça mugallym, harby işgär, usulyýetçi, adamkärçiligiň beýik nusgasyny görkezen, mekdep mugallymçylygyndan uly serkerdelige çenli gulluk ýoluny geçen Mälikguly halypanyň röwşen şöhratly ýoly baradaky maglumatlary, nusgalyk ömri ösüp gelýän ýaş nesillerimizi, Watan goragçylarymyzy döwrebap terbiýelemekde mertebe mekdebi bolup durýar. Mälikguly aga 1932-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gökdepe etrabynyň 1-nji Birleşik obasynda eneden dogulýar. 1958-nji ýyla çenli dürli wezipelerde zähmet çekýär. 1958 — 1982-nji ýyllar aralygynda Mälikguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň goşunlarynda we edaralarynda dürli wezipelerde gulluk edýär. Ol öz gullugyny halal, harby kasama wepaly alyp barýar. 1982-nji ýylda içerki gullugyň podpolkownigi de

Şöhrata beslenen ömür

Taryhda bolup geçen wakalar, olara dahylly ynsan ömürleri barada pikir ýöretmek, hakydalarda galar ýaly, geljek nesillere ýetirmek üçin beýik şahsyýetleriň atlaryny ebedileşdirmek ynsan ogluna mahsus zatdyr. Ýyllar geçip, heňňamlar aýlanyp dursa-da, döwri döwür eden şahsyýetler hakyndaky ýatlamalar ýyllar geçdigiçe nesilleriň hakydasynda berkäp, ruhlandyryjy çeşme bolup hyzmat edýär. Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedow barada söz açylanda, ilkinji nobatda, bu eziz ynsanyň nesiller üçin nusgalyk ömür ýoly barada oýlanýarsyň. Bütin ömrüni halkyna hyzmat etmäge bagyş eden bu sahawatly ynsan baradaky ýatlamalary okanyňda, onuň parasatlylygyna, zähmetsöýerligine, adalatlylygyna, dogruçyllygyna, merdi-merdanalygyna ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. 

Zenan kalbynyň sungaty

Halkymyz asyrlarboýy özüniň milli gymmatlyklaryny gorap we ösdürip gelen halkdyr. Garaşsyz ýurdumyzda türkmen halkynyň medeni gymmatlyklarynyň hatarynda esasy orun eýeleýän maddy däl medeni mirasyň öwrenilmegine, aýalyp saklanylmagyna, wagyz edilmegine we dünýä ýaýylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Döwletimizde türkmen halkynyň milli maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hereket etmegi hem bu ugra gönükdirilen asylly işleriň berk hukuk binýadyny üpjün edýär. Türkmenistanyň raýatlarynyň milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerine bolan elýeterlilik hukugynyň durmuşa geçirilmegine we her bir adamyň milli maddy däl medeni mirasy aýawly saklamak hakynda alada etmäge bolan borjunyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen bu Kanunyň  ýerli, umumydöwlet we halkara derejelerinde milli maddy däl medeni mirasyň gymmatlyklarynyň ykrar edilmegini üpjün etmek esasy maksatlarynyň biridir.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Allanazar MEREDOW,Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, maýor: — Ýakynda Milli Liderimiz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäheriň önümçilik desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy hem-de dikuçarda «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleri, önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlady. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň anyk görkezmeleridir öňde goýýan wezipeleri gurluşygy dowam edýän bu ajaýyp şäheriň ikinji tapgyrynyň hem ählitaraplaýyn döwrüň talaplaryna laýyk gelmegini şertlendirýär. Döwletli işleri durmuşa geçirip, bize nusgalyk görelde bolýan Milli Liderimize, raýatlarymyzyň sapaly ýaşaýşy ugrunda bimöçber tagallalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.