"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Maşgala gymmaty

Günlerde bir gün täze öýlenip, öý-işikli bolan oglunyň öýüne kakasy gezmäge gelipdir. Ol: — Hany, oglum, ak kagyz bilen galam, bozguç al — diýipdir. Ogly getiripdir. Kakasy:

Gün şöhlesinden goranyň!

Tomus pasly Gün şöhlesinden derimizi goramagyň wagtydyr. Yssy howa adamda Gün urma, bedeniň madda alyşçalşygynyň bozulmagyna, içege, deri keselleriniň döremegine getirip bilýär. Howanyň üýtgemegi bilen bolsa, dürli allergik we dem alyş ýollarynyň keselleriniň ýüze çykmak ähtimallygy ýokarlanýar. Howanyň yssy wagtlarynda suwuklygy köp içmek diňe bir suw deňagramlylygyny saklamaga kömek etmän, eýsem, bedenden artykmaç duzlaryň çykyp durmagynada ýardam edýär. Suwy az mukdarda, ýöne ýygyýygydan içmek maslahat berilýär.

Jemgyýetçilik kabul edişligi

2024-nji ýylyň 3-nji we 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň gatnaşmaklarynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär. Kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda, ýagny Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda sagat 09:00-dan 12:00-a çenli geçirilýär.  Habarlaşmak üçin telefon belgileri:         

Emeli aň hakynda okuw maslahaty geçirildi

Şu ýylyň 17-18-nji iýulynda paýtagtymyzda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan «Emeli aň we onuň erkin sözlülige edýän täsiri» diýen at bilen okuw maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmaga Bolgariýadan we Awstriýadan halkara bilermenler çagyryldy. Maslahatyň ilkinji gününde gatnaşyjylar emeli aňyň döreýşi, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň emeli aň, sanly hyzmatlar babatdaky kanunçylygy bilen tanyşdyryldy. Okuw maslahatynyň ikinji güni hem gyzykly dowam etdi. Onda beýleki ýurtlaryň emeli aňy köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ulanyşlary, onuň düzgünleri, emeli aňy ulanmagyň etiki meseleleri, internet sowatlylygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Buýsanjyň, baýlygyň, bagtyň Diýary

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary hem-de raýatlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen Watanymyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak babatdaky asylly işler rowaçlyklara beslenýär. Ähli ulgamlarda ýokary netijeleriň gazanylmagy, belent sepgitlere ýetilmegi Gahryman Arkadagymyzyň ösüş-özgerişli ýoluny mynasyp dowam etdirýän döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan çuňňur oýlanyşykly syýasatynyň aýdyň netijesidir. Hormatly Prezidentimiziň 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşi

Akyldar şahyryň edebi mirasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Gündogaryň beýik akyldary, XVIII asyrda ýaşap geçen söz ussady Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň garaşsyz, özbaşdak döwletli bolmagyny arzuwlan şahyrdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýän döwlet berkararlygy, Watana bolan söýgi, päk ahlaklylyk, mertlik, gahrymançylyk, ata-enä hormat, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, salyhatlylyk ýaly duýgular ýüreklerimize täzeçe şugla saçýar. Bu gün akyldar şahyryň «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar // Göteriler ol ykbaly türkmeniň» ýa-da «Hor galmasyn puştdyr-puşdum // Berkarar döwlet istärin», «Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn // Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn» diýen arzuwlary hakykata öwrüldi.

Raýatlaryň durmuş goraglylygy

Berkarar döwletimizde durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady binýady kuwwatlanyp, raýatlarymyzyň ýaşaýyş şertleri yzygiderli gowulanýar. Döwletimizde kabul edilýän il-ýurt bähbitli kararlar, durmuşa geçirilýän maksatnamalar, ilkinji nobatda, raýatlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, amatly şertleri döretmäge gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Permana gol çekdi. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde, ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe  bolup, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 5-nji maddasynda kesgitlenilen «Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir» diýen kadanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bugdaý — bereket, rysgal

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly halkymyz üçin rysgal-bereketli ýyllaryň birine öwrüldi. Zähmetsöýer daýhanlarymyzyň türkmen topragyndan gallanyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasyl alyp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmegi şanly ýylyň şatlykly wakalarynyň üstüni ýetirdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygy iň bir ähmiýet berilýän, işini guramagyň esaslary we maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýän pudaklaryň biridir. Ýeriň hakyky eýesi bolan zähmetsöýer daýhanlary höweslendirmek, goldamak üçin döwletimiz tarapyndan uly işler edilýär. Olaryň halkymyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşmak ugrunda alyp barýan işleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin giň şertler we mümkinçilikler döredilýär. Şu ýyl bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzda däneçilik pudagyny ylmy esasda ösdürmek üçin ýörite Ylmy-barlag institutynyň döredilmegi, bugdaýyň bol hasyl berýän tohumlarynyň ekilmeginiň ýola goýulmagy bu pudagyň ösmegi üçin döwlet goldawynyň üstünlikli netijeleridir.

Döwrüň talaby — sanly ykdysadyýet

Hormatly Prezidentimiziň döwletiň we jemgyýetiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine gönükdirilen syýasaty ilatyň abadançylygy üçin üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Esasy Kanunymyzyň 16-njy maddasynda: «Döwlet ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýär, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýar» diýlip kesgitlenilýär. Bu konstitusion kadalar «Aragatnaşyk hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Maglumatlar we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda giňişleýin beýan edilendir.

Awaza: sapaly dynç alyş, şypaly melhem

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda her bir raýatyň sapaly we sagdyn durmuşda bagtyýar ýaşamagy üçin döredýän şertleri «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» atly döwlet ideologiýasynyň durmuş hakykatyny dabaralandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  ýiti zehini we çuň paýhasy siňen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa ýurdumyzda ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak bilen adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrýar.

Döwür we bagtly çagalyk

Garaşsyzlygyň ýyllary içinde ýurdumyzyň her bir raýatyny, her bir maşgalasyny durmuş taýdan doly goramaga gönükdirilen döwlet maksatnamalary hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan kanunlar we kadalaşdyryjy resminamalar kabul edildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we maşgala kanunçylygynda döwlet tarapyndan maşgalanyň atalygyň, eneligiň we çagalygyň goraglylygyna aýratyn üns berilýär. Olary goramagyň döwlet kepillikleriniň bellenilmegi, maşgalanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygynyň üpjünçiligi we onuň ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin şertleriň döredilmegi Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynyň esasy maksady bolup durýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenilen wezipeleriň düzüminde maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň hem mynasyp paýy bar. Şonuň bilen birlikde, çagalaryň hukuk goragyna degişli kanunçylygy kämilleşdirmek «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» hem-de Türkmenistanyň Maşgala, Zähmet, Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksleri bilen düzgünleşdirilendir. Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň üçünji bölüminde döwlet kömek pullary barada giňişleýin durlup geçilýär. Döwlet kömek puly — döwletiň ilaty du

Ýol hereketiniň hukuk binýady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynda: «Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan adamlaryň, aýratynam, çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygy barada düşündiriş işlerini geçirmegiň, hereket howpsuzlygynyň düzgünlerine düşünjeli garaýşy terbiýelemegiň örän möhüm wezipedigi hem birjik-de ünsden düşürilmeli däldir» diýip, parasatly nesihat etmek bilen pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek çäreleriniň häzirki wagtda bütindünýä hereketine öwrülendigini belleýär. Alym Arkadagymyzyň bu ajaýyp eserinde nygtaýşy ýaly, ol herekete Birleşen Milletler Guramasy howandarlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ýol-ulag infrastrukturasy barha ösdürilýär. Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýollar, köprüler, estakadalar gurlup, ýol hereketiniň howpsuzlygy üpjün edilýär. Ýollarymyzda hereket kadalarynyň berjaý edilmegini gazanmak bu işleriň aýrylmaz düzüm bölegi bolup, ol maksatnamalaýyn hem-de toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly şygar astynda ýurdumyzda her ýyl geçirilýän çäreler toplumy aýdylanlara doly şaýatlyk edýär. Giň jemgyýetçilik gyzyklanmasyna eýe bolýan bu köpçülikleýin çäräniň gerimi barha giňeýär.

Administratiw önümçiligi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 60-njy we 61-nji maddalarynda her bir adamyň döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we wezipeli adamlaryň çözgütlerine hem-de hereketlerine kazyýete şikaýat etmäge, şeýle hem her bir adamyň döwlet edaralarynyň, gaýry guramalaryň, olaryň işgärleriniň, şeýle hem aýry-aýry adamlaryň bikanun hereketleri bilen özüne maddy ýa-da ahlak taýdan ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyny kazyýet tertibinde talap etmäge hukugynyň bardygy kesgitlenilýär. Munuň özi, şol bir wagtyň özünde, her bir adamyň döwlet edaralaryna ýüz tutmaga bolan hukuklarynyň bardygyny äşgär edýär. Bu ýüztutma administratiw önümçiligi tertibinde seredilýär. Milli kanunçylykda, administratiw önümçiligi diýlip administratiw edaralary tarapyndan administratiw namalarynyň kabul edilmegi, ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly amala aşyrylýan işe aýdylýar. Türkmenistanda jemgyýetçilik gatnaşygynyň bu ugry 2017-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul edilen «Administratiw önümçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny arkaly düzgünleşdirilýär. Kanunyň 8-nji maddasyna laýyklykda, her bir şahsyň özüniň hukuklary we kanuny bähbitleri bilen gönüden-göni bagly bolan meseleler boýunça administratiw edara ýüz tutmaga, haýyşnama bildirmäge ýa-da administra

Ruhy mirasymyzyň gymmatly hazynasy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde milli edebiýatymyz içgin öwrenilip, täze derejelere çykarylýar. Bilşimiz ýaly, türkmen edebiýaty öz gözbaşyny gadymyýetden alýar. «Gorkut ata», «Oguznama», «Kowusnama», «Görogly», «Şasenem-Garyp» ýaly onlarça eposlardyr dessanlar birnäçe asyr mundan ozal halk tarapyndan döredilen çeper eserlerdir. Milli edebiýatyň ajaýyp eserlerini okamak arkaly gadymyýetden şu güne çenli halkyň ýaşaýyş-durmuşyna, dürli wakalara gatnaşygyna, gahrymançylygyna, arzuw-isleglerine içgin göz ýetirmek mümkin. Edebiýat ynsanlarda ahlaklylygy, ynsaplylygy, milli we dünýä gymmatlyklaryna söýgini terbiýeleýär, köpçülikde özüňi dogry alyp barmak endiklerini kemala getirýär. Mundan başga-da, edebiýatyň üsti bilen ýaşlaryň durmuşda duş gelýän dürli ýagdaýlardan dogry netije çykarmagy üçin düşünjeler berilýär, başarnyklar ösdürilýär. Milli edebiýatymyzyň ýeten derejesine buýsanmak, ony ruhy mirasymyzyň gymmatly hazynasy hökmünde aýawly saklamak her birimiziň borjumyzdyr.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Milli önümler dostlukly ýurtda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy giň gerimde ösdürilýär. Munda iki doganlyk hem-de goňşy ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn tagallalaryna hem-de şahsy ynanyşmak gatnaşyklaryna aýratyn orun degişlidir. Ýakynda Daşkent şäherinde «Türkmenistanda öndürilen» atly ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisiniň we işewürlik ugurly beýleki çäreleriň geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanda öndürilen dürli görnüşli önümleriň milli sergisi ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, türkmen telekeçileriniň işiniň has-da giňemegine ýardam eder. Dostluk köprüleriniň binýadyny berkidýän şeýle sergilerdir ýarmarkalar diňe bir goňşy döwletler bilen däl, eýsem, dünýäniň ösen döwletleriniň ençemesinde yzygiderli geçirilýär.

Gysga sözüň şerhi köp

Her bir sözi mukaddeslige, her bir jümlesi çuň mana eýe bolan, Hakdan içen şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi öçmejek ruhy we ahlak gymmatlyklaryna eýe bolup, umumadamzat mirasynyň altyn hazynasynda uly orun eýeleýär. Onuň şahyrana mirasy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şahyryň goşgularynda öňe sürlen ynsanperwerlik, watansöýüjilik, agzybirlik we jebislik pikirleri üç asyrdan bäri dünýäniň aglaba ýurtlarynyň şahyrlary we alymlary üçin nusgalyk ýörelge bolup hyzmat edip gelýär. Taryhdan belli bolşy ýaly, Magtymguly Pyragy halkymyzyň şygryýet dünýäsini öz döwrüniň çeper usullary we oňyn ýörelgeleri bilen baýlaşdyryp, türkmen edebiýatynda täze sahypany açdy. Şahyr köňlünden syzdyryp ýazýan eserlerinde türkmen diliniň çeperçiligine, baýlygyna örän uly ähmiýet beripdir. Munuň özi özboluşly milli edebi ýörelgäniň emele gelmegini şertlendirýär. Magtymgulynyň şahyrana dili şirinligi, halka ýakynlygy bilen özüne çekýär. Onuň goşgulary milli halk döredijiliginiň ruhy we çeperçiligi bilen baýlaşdyrylypdyr. Bu bolsa eserleriň ynsan kalbyna ýakynlygyny üpjün edýär.

Döredijilik dünýäsine syýahat

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň barha artýan ykdysady kuwwaty,  halkara jemgyýetçiligindäki abraýynyň has ýokary belentliklere çykmagy döredijilik işgärlerini hem ajaýyp zamanamyza mynasyp eserleri döretmäge borçly edýär. Şu nukdaýnazardan, üç ýüzden gowrak hekaýalaryň, birnäçe powestleriňdir romanlaryň, goşgular ýygyndylarynyň, sahna eserleriniň, çagalara niýetlenilen ençeme kitaplaryň awtory, önjeýli işleýän ýazyjylaryň biri Hemra ŞIROW bilen döredijilik işi, eser döretmegiň çylşyrymly tärleri barada söhbetdeş bolmagy makul bildik. — Halypa, söhbedimizi eser ýazylanda ýazyjynyň — döredijiniň öz ýoly, ussatlyk tilsimleri baradaky gürrüňden başlaýalyň?!

Mugallym we okuwçy

Agtyklary bilen seýilgähde gezelenç edip ýören bir adamyň 40 ýyl mundan ozal özüni okadan mugallymyna gözi düşüp, onuň ýanyna baryp: — Salam, mugallym! Meni tanadyňyzmy? — diýipdir.

Dogry iýmitlenmek

Sagdyn ýaşaýşyň üpjün bolmagynda dogry iýmitlenmek wajypdyr. Ekologiýa taýdan arassa tebigy önümlerden kadaly iýmitlenmek adamlaryň saglygyny we ýokary işjeňligini saklamak üçin, çagalaryň bolsa sagdyn ösmegine hem-de kämilleşmegine zerur bolan şertdir. Elbetde, sagdyn ösmek we ýaşaýyş üçin bedene zerur mukdarda beloklar, ýaglar, uglewodlar hem-de mineral duzlar möhümdir. Nädogry iýmitlenmek ýürek-damar, iýmit siňdiriş ulgamynyň,  keselleriniň, madda çalşygynyň bozulmalaryna getirýän keselleriň döremegine sebäp bolýar. Nahar bişirilende arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Azyk önümlerini gowy ýuwmaly. Bularyň hemmesi biologik hapalaýjy maddalaryň, mikroblaryň adam bedenine düşmezligini üpjün edýär.

Medeniýet halkyň kalbydyr

Medeniýet — bir milletiň geçmişi, şu güni we geljegi bilen aýrylmaz baglanyşykda bolan, onuň ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň jemidir. Halkyň kalby hasaplanýan medeniýet, jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň arasynda özara baglanyşygy we agzybirligi gorap saklaýar. Medeniýet halkyň ýörelgelerini, däp-dessurlaryny, dilini, sungatyny, edebiýatyny we ylym-bilimlerini öz içine alýan giňişleýin düşünjedir. Ol jemgyýetiň döredijilik we intellektual mirasy bolup, nesillerden-nesillere geçirilip, durmuş tejribelerini baýlaşdyrýar. Medeniýet, jemgyýetiň ahlak we ruhy gymmatlyklaryny kesgitlemekde möhüm rol oýnaýar. Halkyň dünýäni nähili görýändigini we kabul edýändigini görkezýär. Halkyň baýramçylyklary, toý-dabaralary, ýagşy ýörelgeleri, sungat eserleri we edebiýatlary arkaly onuň dünýägaraýşy we ruhy gymmatlyklary açylyp görkezilýär. Şol bir wagtyň özünde, medeniýet halkyň özboluşlylygyny we aýratynlygyny hem öňe sürýär. Medeni mirasy gorap saklamak we ony ösdürmek, nesilleriň arasynda ruhy baglanyşygy üpjün edýär.