"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Olimpiýa şäherçesiniň mümkinçilikleri ykrar edilýär

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Aziýanyň tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumyna «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänama gowşuryldy. Ýurdumyzyň sebit we dünýä derejesinde iri ýaryşlary guramak üçin baý tejribesidir mümkinçilikleri bar. Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumlarynda halkara derejeli ýaryşlary geçirmek, netijeli türgenleşikleri guramak üçin ähli zerur şertler döredilendir.

Şöhratly taryhymyza sarpa

Ajaýyp döwrümizde gadymy türkmen topragynyň şöhratly taryhy, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen taryhy-medeni ýadygärlikleri çuňňur öwrenilip, halkymyzyň umumadamzat ösüşine goşan goşandy dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Şunda Beýik Ýüpek ýolunyň Zerewşan — Garagum geçelgesiniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmeginiň uly ylmy we taryhy ähmiýeti bardyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda taryhy ýadygärliklerimizi aýawly saklamak we dünýä ýaýmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen ulgamlaýyn esasda alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygy uly ähmiýete eýedir. 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürnamasy kabul edildi. Degişli hödürnama esasynda ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleriniň 6-sy, ýagny Lebap welaýatyndaky gadymy Amul galasy we Mary welaýatyndaky Mansaf galasy, Könegala, Akjagala we Gyzyljagala kerwensaraýlary hem-de orta asyr Kuşmeýhan duralgasy bu halkara düzümiň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Munuň özi sebitiň ekoulgamyny goramakda, medeni gatnaşykl

Türkmenistan — BMG: hoşniýetli gatnaşyklaryň täze sahypasy

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply, oňyn strategik hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu hyzmatdaşlygyň geçen 32 ýylynda BMG bilen bilelikde durmuşa geçirilen uly göwrümli taslamalar, ýetilen sepgitler ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiliginde derwaýys meselelere öz wagtynda mynasyp çözgütleri hödürleýändiginiň aýdyň mysalydyr. 2024-nji ýylyň 5 — 7-nji  iýulynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistana sapar bilen gelmegi hyzmatdaşlygyň täze derejelere çykarylýandygynyň nobatdaky beýanydyr. Mälim bolşy ýaly, 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistany bu abraýly düzüme kabul etmek hakyndaky çözgüdi kabul etmegi täze taryhymyzyň ýyl ýazgysynda şöhratly sahypany açdy. Bu taryhy waka halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň, saýlap alan daşary syýasy ugrunyň halkara derejede giň goldawa eýe bolýandygyny görkezdi. Ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky köpasyrlyk arzuw-umytlaryndan bina bolan Garaşsyz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny dünýä ýaýyp, häzirki zamanyň ylmy-tehniki ösüşlerine, täze gözýetimlerine çuňňur aralaşmagyna ak ýol açdy. Bu şanly sene Türkmenistanyň halkara işlere deňhukukly gatnaşmagyna mümkinçilik berip, dünýäde BMG tarapyndan ilkinji Bitarap döwlet hökmünde hukuk derejesiniň ykrar edilmegini şertlendirdi. Biziň ýurdumyz häzirki döwrüň wajyp meseleleri bo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuly) Hormatly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Antoniu Guterriş!

Türkmenistan – BMG: ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiziň ýokary diplomatik ussatlygy ýurdumyzyň sebit we dünýä döwletleri hem-de halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmäge itergi berýär. Bu günki gün döwletleriň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ösdürilmegi durnukly ösüşe, parahatçylyga we howpsuzlyga ýardam berýän bitaraplyk syýasaty bilen aýrylmaz baglydyr. Umumy bähbitleriň we abadançylygyň hatyrasyna dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmek, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Türkmenistan BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümlerine ählumumy gatnaşyklar ulgamynyň sütüni, bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň kepili hökmünde garaýar. Ýurdumyzyň bu düzümiň halkara konwensiýalarynyň 90-dan gowragyna goşulmagy munuň şeýledigini tassyklaýar. Bu bolsa bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Türkmenistan häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmak bilen, parahatçylyk, özara hormat goýmak diplomatiýasyny ilerletmek, ählumumy howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky Birleşen Milletler Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 6-njy iýuly) Hormatly jenap Baş sekretar!

Ösüşleriň täze mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda öňe sürýän başlangyçlary halkara jemgyýetçiliginde ähmiýetini barha artdyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 4-nji iýulda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna bolan iş saparynyň çuň mazmuna baý pursatlarynda muny aýdyň görmek bolýar. Mälim bolşy ýaly, eýýäm ençeme ýyllardan bäri  Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary derejede geçirilýän mejlislerine ýurdumyzyň hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna we dünýäde parahatçylygy ösdürmekde, ykdysady we medeni hyzmatdaşlyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ilerletmekde öňe sürýän ählumumy bähbitli tagallalaryna bildirilýän ýokary hormatyň beýanydyr.

Şöhratly taryh, şanly ýeňişler, şuglaly geljek

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adamzadyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen sahawatly işlerini uly üstünliklere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa ornaşdyrýan halk bähbitli özgertmeleri agzybir halkymyzy jebislik, bitewülik we Watanymyzyň beýik ösüşleriniň hatyrasyna yhlasly we döredijilikli zähmete joşdurýan, beýik üstünliklere ýetirýän kämil mekdep.   Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň okyjylar köpçüligine sowgat eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly çuňňur paýhasa we parasada beslenen dürdäne eserini okanyňda bolsa, ýaşlary terbiýäniň täsirine salmakda taryhyň ähmiýetiniň juda uludygyna düşünýärsiň.

Türkmenistan — ak bugdaýyň mekany

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan netijeli işler täze üstünlikler bilen ilerleýär. Ak bugdaýyň gadymy mekanynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda daýhanlarymyzyň ekerançylyk medeniýetiniň häzirki zaman tejribeleri — sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp ýetişdiren bol galla hasyly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbidir.

Ulag ulgamynyň hukuk binýady

Ýurdumyzyň ulag ulgamy milli ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biri bolup, onuň ösdürilmegine döwlet derejesinde aýratyn goldaw berilýär. Şeýle hem bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen birlikde, hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Bu ulgamynda alnyp barylýan işler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Türkmenistanyň kanunlaryna we beýleki degişli kadalaşdyryjy hukuk namalara laýyklykda durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda ulag ulgamynyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksi, Howa kodeksi, «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda», «Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda», «Ulag howpsuzlygy hakynda», «Demir ýol ulagy hakynda», «Awtomobil ulagy hakynda», «Magistral turba-geçiriji ulag hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi möhüm ädimleriň biri boldy.

Ynsanperwerligiň gözbaşy

Döwlet Baştutanymyzyň 2023-nji ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda öňe süren Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak babatdaky başlangyjy umumadamzat bähbitliligi babatdaky ähmiýetini barha artdyrýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýurdumyza sapary mahalyndaky taryhy wakalar onuň nobatdaky beýany boldy. Bilşimiz ýaly, ýurdumyz BMG bilen dürli ugurlar boýunça, şol sanda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly energetika, ulag, ykdysady, durmuş, ynsanperwer we ekologiýa meselelerini çözmek ýaly möhüm ulgamlarda ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Ata Watanymyzyň ähli ugurlar bilen birlikde, ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki başlangyçlarynyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmekde, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmekde ähmiýeti aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Şu ýylyň 6-njy iýulynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bilen bolan duşuşygynda ýurdumyz tarapyndan ulag ulgamy boýunça öňe sürlen, halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolan başlangyçlarynyň we teklipleriň aýratyn ähmiýetiniň bardygy barada nygtamagy diýseň buýsançlydyr.

Raýatlaryň ýaşaýyş jaý hukuklary

Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde hereket edýän kanunlar raýatlarymyzyň hukuklarynyň goraglylygyny kepillendirýär. Şonuň bilen birlikde-de, her bir raýat Konstitusiýa we kanunlar esasynda öz üstüne ýüklenilen borçlaryň ýerine ýetirilmegi üçin döwletiň öňünde jogapkärçilik çekýär. Bu kada ýaşaýyş jaýy bilen bagly ýüze çykýan meseleler babatda hem üýtgewsizdir. Türkmenistanyň raýatlary öz isleglerine we bähbitlerine laýyklykda, özlerine degişli ýaşaýyş jaý hukuklaryny erkin amala aşyrýarlar, şol sanda olara ygtyýar edýärler. Raýatlaryň ýaşaýyş jaý hukuklary amala aşyrylanda we ýaşaýyş jaý gatnaşyklaryndan gelip çykýan borçlar ýerine ýetirilende beýleki raýatlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň bozulmagyna ýol berilmeýär. Türkmenistanyň raýatlary kanun esasynda we diňe konstitusion gurluşyň esaslaryny, ahlaklylygy, beýleki adamlaryň saglygyny, hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, döwletiň goranmak zerurlyklaryny we howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, zerur bolan çäkde ýaşaýyş jaý hukuklaryndan çäklendirilip bilner. Bular barada Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksinde jikme-jik beýan edilýär.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Güljahan MEREDOWA, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, podpolkownik: — Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy-medeni giňişliginde Garaşsyz Watanymyzyň ornuny pugtalandyrmak babatda giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Şunda ylym ulgamynda täze işläp taýýarlamalary, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmagy çaltlandyrmak babatda-da anyk işler alnyp barylýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary esasynda, Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň Tertibiniň tassyklanylmagy hem bu ugurda möhüm ädim boldy.

Ussatlaryň mekany

Şu ýylyň 4-nji iýulynda Milli Liderimiziň Gazagystan Respublikasyna iş sapary wagtynda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň Astanada oturdylan ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy iki dostlukly döwletleriň ähli ugurlar bilen birlikde, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň hem çuň mazmun bilen baýlaşýandygyny aýan etdi. Hormatly Prezidentimiz döwrüň ýeten derejesini belentden wasp etmekde, il-günümizi täze üstünliklere ruhlandyrmakda, medeniýetiň we sungatyň has-da kämilleşmegini, täze derejelere göterilmegini üpjün etmekde ulgamyň işgärleriniň ilhalar, ruhubelent eserleri döretmekleri, hyjuwly işlemekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýär.

Dana şahyryň hormatyna

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiziň Türki medeniýetiniň halkara guramasy — TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygy barha kämilleşýär. 2022-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýyl «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de ýurdumyzyň Änew şäheri «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi.

Dost sarpasy

(Hekaýa)  Dogduk depäňde erkin ýaşamak uly bagt. Öz topragyň üstünde ýagşy häsiýetiňi mälim etmegiň özi-de ynsanlykdan nyşan. Magtymguly şeýle behişdi mekanda ýaşaýanlygyna guwanyp gezýärdi. Munuň üstüne, ol özüne wepaly dost tapanlygyna monça bolýardy. Jan içindäki jan bolýan dostuna guwanyp ýaşap ýören Magtymguly, her gün diýen ýaly, söwer dosty Orazmeňlini görmese, bir zady kem ýalydy. Orazmeňliniň düşünje-garaýşy-da örän giňdi. Toýlarda diňläp görensoň, dostunyň labyzly, şirin aýdymlary ony özüne imrindiripdi. Dogrusy, Magtymguly dostunyň aýdýan aýdymlaryna ýüregi bilen kökerilipdi. Ol aýdymlaryň köpüsi yşky aýdymlardy. Orazmeňli-de, Magtymguly-da juwan ýigitlerdi. Şonuň üçin bolmagy-da mümkin, Magtymguly onuň aýdýan yşky aýdymlaryny ýüregi bilen berlip diňleýärdi.

Gün şöhlesiniň ähmiýeti

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Dertli gullar asla salmaz ýadyndan, lukmanynyň eden emi nep bolsa» diýip, ynsanlaryň saglygyny goramakda lukmanlaryň maslahatynyň uludygyny nesihat edýär. Biz hem tomus paslynyň dowam edýän günlerinde ildeşlerimize Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanmak barada maslahatlarymyzy ýetirmegi makul bildik. Tomus bedeniň goraglylygyny ýokarlandyrmak, endamy taplamak üçin iň amatly wagtdyr. Çünki Gün şöhlesi bilen kuwwatlanan myşsalar bedenimiziň işjeňligini artdyrýar. Günüň täsiri bilen ynsan bedeninde D witamini emele gelip, boýuň ösmegine we bedeniň gorag ulgamynyň berkemegine oňyn täsir edýär. Gün şöhlesi bedeniň gorag (immun) ulgamyny pugtalandyrýar, gan aýlanyşygyny gowulandyrýar. Ol ynsanyň duýgy damarlaryna örän oňat täsir edýär.

Ýurt abadan — il bagtyýar

Dünýäniň iň howpsuz ýurtlarynyň biri hökmünde ykrar edilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty we jemgyýetçilik abadançylygy bilen halkara giňişlikde uly abraýa eýedir. Munuň şeýle bolmagy hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň yhlasly tagallalarynyň netijesidir. Hormatly  Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda  ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranmak ukyby we harby kuwwaty yzygiderli pugtalandyrylýar. Döwlet Baştutanymyz eziz Diýarymyzyň asudalygyny, abadançylygyny üpjün etmek wezipesini hemişe üns merkezinde saklaýar. 3-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Goramak we nesillere geçirmek ýoly

Häzirki wagtda taryhy-medeni ýadygärlikler döwlet tarapyndan goralýar we olary rejelemek, ylmy esasda öwrenmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen Taryhy, arheologiýa, şähergurluşyk, binagärlik we monumental çeper ýadygärlikleriň, tebigy-landşaft desgalarynyň gorag zolaklaryny bellemegiň tertibini tassyklamak hakyndaky Karar hem munuň şeýledigini aýdyň tassyklaýar. Bu resminama medeni mirasyň obýektlerini, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini goramaga gönükdirilip, Türkmenistanyň çäginde ýerleşen medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda gözegçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Medeni mirasa hormatyň, ony goramagyň, nesilden-nesle geçirmegiň mazmuny we maksady adamzadyň medeni ösüşine saldamly goşant goşan ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen paýhasly ýörelgelerinden ugur almakdyr. Şu nukdaýnazardan, 2012-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda kabul edilen «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna 2023-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahatynda üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi milli taryhy-medeni mirasymyzy goramak babatdaky tagallalarynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm ädim boldy.

Halkymyzyň şahyrana mirasy

Dünýä medeniýetiniň, tutuş adamzadyň medeni-ruhy taýdan baýlaşmagynda uly hyzmatlary bitiren akyldarlaryň, şahyrlaryň ylmy hem-de edebi miraslaryny düýpli öwrenmek, bu ugurda ylmy-barlag işlerini ulgamlaýyn esasda alyp barmak babatda döredilýän ähli mümkinçilikler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Döredijiligi içgin öwrenilýän ägirtleriň biri-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragydyr. Ýurdumyzda akyldar şahyryň hormatyna «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şu ýylyň 7-nji iýunynda bolsa bu hukuk namalarynyň üsti «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen ýetirildi. Bularyň ählisi türkmeniň beýik oglunyň şahsyýetine, umumadamzat ähmiýetli döredijiligine  goýulýan belent sarpadan nyşandyr.