Halkymyzyň şahyrana mirasy

4 Iýul 2024
507

Dünýä medeniýetiniň, tutuş adamzadyň medeni-ruhy taýdan baýlaşmagynda uly hyzmatlary bitiren akyldarlaryň, şahyrlaryň ylmy hem-de edebi miraslaryny düýpli öwrenmek, bu ugurda ylmy-barlag işlerini ulgamlaýyn esasda alyp barmak babatda döredilýän ähli mümkinçilikler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesidir.

Döredijiligi içgin öwrenilýän ägirtleriň biri-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragydyr. Ýurdumyzda akyldar şahyryň hormatyna «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şu ýylyň 7-nji iýunynda bolsa bu hukuk namalarynyň üsti «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen ýetirildi. Bularyň ählisi türkmeniň beýik oglunyň şahsyýetine, umumadamzat ähmiýetli döredijiligine  goýulýan belent sarpadan nyşandyr.

Seýitjan ÝAŇYBAÝEW,
Kaka etrap kazyýetiniň kazysy.