Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

11 Iýul 2024
507

Güljahan MEREDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, podpolkownik:

— Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy-medeni giňişliginde Garaşsyz Watanymyzyň ornuny pugtalandyrmak babatda giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Şunda ylym ulgamynda täze işläp taýýarlamalary, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmagy çaltlandyrmak babatda-da anyk işler alnyp barylýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary esasynda, Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň Tertibiniň tassyklanylmagy hem bu ugurda möhüm ädim boldy.

«Adalat».