Taryhy-medeni mirasyň gymmatlyklary
Bilşimiz ýaly, demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizde amala aşyrylýan ähli hereketler milli kanunçylyk esasynda düzgünleşdirilýär. Niýetlenilişi we tebigaty boýunça jemgyýetçilik ýa-da adamzat tarapyndan döredilenine 50 we ondan köp ýyl geçen gozgalýan maddy eserler milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary hökmünde kesgitlenilýär. Mundan başga-da, uly medeni gymmata eýe bolan beýleki serişdelere, hususan-da, etniki, arheologik, taryhy, çeperçilik, ylmy, tehniki, dini we gaýry babatdaky serişdelere, şeýle hem türkmen halkynyň durmuşynyň umumy we özboluşly wakalaryny häsiýetlendirýän görnüşlere milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary hökmünde garalýar. Uly medeni gymmata eýe bolan ajaýyp eser döredilenine 50 ýyl bolmadyk bolsa-da, taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygy bolup biler. Bu barada «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda jikme-jik beýan edilendir.