"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Hormatly okyjylar!

2024-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin «Adalat» gazetiniň elektron hem-de kagyz görnüşine abuna ýazylyşygyň dowam edýändigini habar berýäris. «Adalat» gazetiniň elektron görnüşine «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynda hem-de «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynyň üsti bilen «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» bukjasyndan ýazylmalydygyny ýatladýarys. «Adalat» gazetiniň elektron neşirine abuna ýazylmak bilen, şol bukjada jemi 27 sany ýurdumyzda neşir edilýän merkezi gazet žurnallaryny we welaýat gazetlerini hem okap bilersiňiz.

Buýsandyrýar ajap döwrüň ýalkymy

Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak we ýakyn-u-alysdaky döwletler bilen dost-doganlygy pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, çuňňur oýlanyşykly döwlet syýasatynyň esasy maksatlarydyr. Täze taryhy eýýamda döwletimiziň syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni taýdan ösüş depginini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu gün bagtyýar halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda taryhy wakalaryň, buýsançly günleriň şaýady bolýar. Her bir ulgamda alnyp barylýan giň gerimli oňyn özgertmeler, amala aşyrylýan ähmiýetli işler döwletimize asyrlara barabar ösüşleri gazanmaga şertler döredýär. Hormatly Prezidentimiziň 25-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli kanunçylyk ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak, syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, dünýäniň esasy reýting agentlikleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, kosmos işi babatda döwlet syýasatynyň konseptual esaslarynyň taslamasyny işläp taýýarlamak bilen bagly meselelere garalyp, degişli çözgütler kabul edildi. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklyk

Sport — dostluk köprüsi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  ýurdumyzyň sport mümkinçilikleri dostlukly hyzmatdaşlygy, parahatçylygy ösdürmek bilen utgaşyklylykda uly üstünliklere beslenýär. Garaşsyz ýurdumyzda 24-nji maýda geçirilen  GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde sportly Watanymyzyň paýtagty Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi sebitde döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmäge  täze itergi berýän taryhy waka boldy. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde eden taryhy çykyşynda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň jebisleşmeginde sport boýunça hyzmatdaşlyga  möhüm ornuň degişlidigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň GDA-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň howandarlygynda halkara sport oýunlaryny geçirmek boýunça Utgaşdyryjy komiteti döretmek baradaky teklibi agza döwletler tarapyndan giňden goldanyldy.

Strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugry

Ýurdumyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem dünýä döwletleri bilen dostlukly, deňhukukly we hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýän iri sebitleriň biri hem Aziýa—Ýuwaş umman sebiti bolup durýar. Bu sebitde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek hem-de bar bolan möhüm meseleleriň sazlaşykly çözgüdini tapmak ýurdumyzyň sebit strategiýasynyň esasyny düzýär. Aziýa—Ýuwaş umman sebitinde okgunly ösýän we ýurdumyzyň iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biri hem Hytaý Halk Respublikasydyr. Döwletleriň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Aziýa yklymynda geografik taýdan örän amatly ýerde ýerleşmegi «Gündogar — Günbatar» ugry boýunça iri taslamalary durmuşa geçirmekde giň mümkinçilikleri döredýär.

Baglar — köňül saýasy

Dünýä medeniýetiniň bäşinji ojagy we ekerançylygyň Watany bolan Türkmenistanyň tebigy şertleri, dag çeşmeleri, hasylly topragy we amatly howa gurşawy ýurduň ösümlik dünýäsini baýlaşdyryp, ekerançylygyň netijeli häsiýete eýe  bolmagyny üpjün edýär. Geçirilen gazuw-agtaryş işleri gadymy döwürde ýurdumyzyň ýaýlalarynyň gülläp ösendigini, paýhasly pederlerimiziň ekerançylyk, miweçilik bilen meşgullanandygyny görkezýär. Diýarymyzda her ýyl birnäçe gezek hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi bilen millionlarça bag nahallary oturdylyp, dürli şekilleri özünde jemleýän ajaýyp haly ýaly gözelligi döredip, olara ýylyň ähli paslynda döwrebap ideg etmek işleri ýokary derejede ýola goýuldy. Ýurdumyzyň ekologiýa taýdan has-da sagdynlaşmagy üçin soňky ýyllarda tokaý zolaklarynyň, ajaýyp seýilgähleriň, seýilbaglaryň örän köp sanlysy döredildi. Şeýle seýilgähleriň biri hem 17-nji maýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylan gojaman Köpetdagy etekläp oturan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumydyr. Ol ýerde Magtymguly Pyragynyň Zemin togalagyndaky iň belent heýkeli gurlup, oňa barýan basgançakly ýolda ýerleşdirilen 5 sany haly göllerimiziň şekilleriniň iki gapdalyny  dürli bag nahallary, arçalar we ýaşyl meýdan otlar bilen bezelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir.

Pederlerimiziň watançylyk ýörelgesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň durnukly ösmegi bilen gazanylýan üstünlikler  Bitaraplyk ýörelgelerimizden ugur alýan, Harby doktrinamyz esasynda giňden ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleriň netijeli durmuşa geçirilmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Ýakynda ýurdumyzyň günbatar sebitinde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen geçirilen bilelikdäki harby okuw meýdan türgenleşikleri hem muny aýdyň dabaralandyrdy.

Ýaşaýşymyzyň ýaraşygy

Ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda, şäherleriň we ilatly ýerleriň açyklygyny, howpsuzlygyny, durmuşa ukyplylygyny hem-de ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şäherleriň durnukly ösüşi olarda ýaşaýan ilatyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi bilen aýrylmaz baglydyr. Şähergurluşyk işinde daşky gurşawyň ýagdaýynyň hasaba alynmagynda «Şähergurluşyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň möhüm ähmiýetlidigini aýratyn bellemek gerek. Agzalan Kanun ýurdumyzyň islendik özgertmelerinde ekologiýa kadalarynyň, ekologiýa taýdan amatly usullaryň, tejribäniň ornaşdyrylmagynyň kanunçylyk esasda üpjün edilýändiginiň nobatdaky mysalydyr. Kanunyň 4-nji  maddasyna laýyklykda, ýurdumyzda şähergurluşyk işi daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýyny hasaba almak bilen, öndüriji güýçleriň ýerleşdirilmegini, inženerçilik, ulag, durmuş infrastrukturasynyň emele getirilişini, çäk boýunça ilaty ýerleşdirmegiň taslamalaşdyrylmagyny we düzgünleşdirilmegini öz içine alýar. Türkmenistanyň tebigaty goramak kanunçylygyna laýyklykda, şäherleriň we beýleki ilatly nokatlaryň taslamalaşdyrylmagy, gurulmagy, durkunyň täzelenilmegi ekologiýa howpsuzlygynyň we daşky gurşawy gorap saklamagyň talaplaryny hasaba almak bilen, ilatyň ýaşamagy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin has amatly şertleri üpjün etmelidir.

Hukuk maslahaty

Her ýylky esasy rugsada bolan hukuk Ýurdumyzda esasy zähmet rugsady näçe güne barabar, şeýle-de işgär ilkinji işläp başlan ýylynda esasy rugsada nähili tertipde çykyp biler?

Mynasyp goşant

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhubelent, ýokary ahlakly we bilimli ýaş nesli kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň döwletimizi ösdürmek boýunça kesgitlän strategik wezipeleriniň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaş nesiller biziň ähli umyt-arzuwlarymyzy geljekde amala aşyrmaly. Biziň häzirki döwürde amala aşyrýan işlerimiz ýaşlarymyz üçin edilýär» diýmeginiň özeninde umman deý çuňňur many bar. Çünki biziň şu günki berýän bilimdir terbiýämiziň netijesinde ýaşlarymyz geljekde sowatly, ýokary ahlakly kämil ynsanlar bolup, eziz Diýarymyzy özgertmäge mynasyp goşantlaryny goşmalydyr. Ýaş nesilleri häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda, milli ýörelgelerimiz esasynda terbiýeläp, watansöýüji raýatlary ýetişdirmek biziň her birimiziň borjumyzdyr.

Ýaş nesiller — röwşen geljegimiz

Döwlet Baştutanymyzyň milli kanunçylygy kämilleşdirmek, kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň iş ýüzünde gyşarnyksyz berjaý edilmegini gazanmak boýunça durmuşa geçirýän tagallalary ýurdumyzyň her bir raýatynyň adalatly jemgyýetde ýaşamagyny üpjün etmäge esaslanýar. Çagany goramagyň hukuk esaslary ýurdumyzda kabul edilen beýleki kanunçylyk namalarynda hem öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde durmuş gatnaşyklarynyň esasy meselesi hökmünde maşgala, nika, eneligi we çagalygy goramak babatda häzirki zaman ýörelgeleri kesgitlenilendir. Kodeksiň 12-nji babynyň çagalaryň hukuklaryna bagyşlanylmagy bolsa, milli kanunçylygy halkara hukuk kadalaryna laýyk getirmek, şeýle hem döwletimiziň öz üstüne alan borçnamalaryna pugta eýermek babatda möhüm ädim boldy.

Sahawat nury

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde: «Çaganyň dünýä inen gününden başlap, döwletimiz ýaş raýatyny alada bilen gurşap alýar. Çaga doglanda berilýän döwlet kömek pullary, çagalary enelerimiziň mähir bilen gurşap almagy, terbiýe bermegi üçin ýola goýlan ýeňillikler ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlarynyň sagdyn kemala gelmegi, ösmegi we bagtyýar durmuşda ýaşamagy baradaky aladalaryň miweleridir. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi bolsa ýaş nesliň saglygy hakyndaky düýpli aladalaryň ýene-de bir aýdyň mysalydyr» diýip, parasatly nygtamak bilen, bu gaznanyň ýurdumyzyň içinde we halkara derejesinde alyp barýan işlerine ýokary baha berýär. Habar beriş serişdelerinde hem egsilmez buýsanç bilen nygtalyşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işiniň has ilerlemegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýär. Döredilenine uzak wagt geçmedik hem bolsa haýyr-sahawat gaznanyň hasabyna ýurdumyzyň sebitlerindäki hassahanalara «Tiz kömek» ulaglary bilen birlikde, iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary yzygiderli satyn alnyp berilýär. Çagalary goramagyň halkara gününiň öň ýanynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleri

Adam hukuklary: ileri tutulýan wezipeler

Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň Esasy Kanunynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýlip aýdyň kesgitlenilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli kanunçylygyň we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Galla oragyna taýýarlyk

2024-nji ýylyň 15-nji maýynda Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň we «Ahalobahyzmat» önümçilik birleşiginiň bilelikde guramagynda okuw maslahaty geçirildi. Oňa galla oragyna gatnaşjak jogapkär işgärler, kombaýnçylardyr sürüjiler we Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler ýygylýan hasyly ýitgisiz ýygnamalydygyny, dänäni ýangyn howpundan goramalydygyny, galla oragy möwsüminde däneli ekin meýdanlarynda gije-gündiziň dowamynda nobatçy garawullaryň goýulmalydygyny, däneli ekinleriň hasyly ýygnalýan döwründe gury ot-çöpleri, meýdanyň samanyny otlamagyň gadagandygyny nygtadylar. Şeýle-de hasyl ýygnamaga gatnaşýan kombaýnlaryň, traktorlaryň we awtoulaglaryň ilkinji ýangyn söndüriji serişdeleri bilen üpjün edilmelidigi hem-de ulaglaryň tehniki taýdan gurat ýagdaýda bolmalydygy bellenildi. 

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Nurjemal TAGANOWA, maýor: — Dünýä halklaryny haýrana goýýan türkmen halysy zenanlarymyzyň özboluşly döredijiligi, yhlasy bilen kemala gelen nusgalyk sungatdyr. Gözüňi egleýän bu gözellikde nepisligi, köpöwüşginliligi, reňkleriň ajaýyp sazlaşygyny görmek bolýar. Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy giňden toýlanylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem bu baýram ýokary ruhubelentlige beslendi. Halyçy zenanlaryň zähmetine ýokary baha berlip, olara döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy, hormatly atlaryň dakylmagy çeper elli halyçylaryň öndürijilikli zähmetine goýulýan sarpanyň nyşanydyr.

Şygryýet bossany

Şygry Magtymgulynyň Üç asyrdyr her bir türkmen öýünde,Ýaňlanyp dur şygry Magtymgulynyň.Bagşylaň dilinde türkmen toýunda,Ýaňlanyp dur şygry Magtymgulynyň. 

Taryhy şäher — Änew

Türkmen topragy örän gadymy taryhy maglumatlary özünde saklaýan mekandyr. Änew şäheri hem şeýle baý taryhy maglumatlara eýedir. Türkmenistanyň çäklerinde miladydan öňki 4-5 müňýyllyklarda dowam eden Jeýtun medeniýetiniň we Änew medeniýetiniň keramiki önümleriniň umumylyklary we aýratynlyklary düýpli öwrenilmegini talap edýär. Türkmen topragynda ilkinji ekerançylyk we maldarçylyk medeniýetleri bolan Jeýtun, onuň yzy bilen bolsa Änew medeniýeti kemala gelipdir, dowam edipdir we gülläp ösüpdir. Neolit zamanynda Jeýtun medeniýetiniň keramiki önümleri inçeden uzyn görnüşinde böleklere bölünip, kesilip alnypdyr. Olary biri-biriniň üstünden ýelmäp, gerek bolan gaby ýasap, soňundan gabyň içi we daşy endiganlanylypdyr. Endiganlanylan gaplary Günüň gyzgynlygyna guradypdyrlar we ýylmapdyrlar. Soňundan, gaplara nagyş çekipdirler. Palçygynyň düzümine bolsa, owradylan saman goşulypdyr. Jeýtun keramikasynyň nagyşlarynyň esasy görnüşlerine tolkun görnüşli çyzyklar, kese we dik çyzyklar, ýaý we gözenek şekilindäki, seýrek ýagdaýda bolsa, üçburçluk şekilindäki nagyşlar degişlidir.

Tebigat — janly dünýä

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak, oňa aýawly çemeleşmek babatda yzygiderli işleri amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deý gorap gelipdir. Halkymyzyň bu asylly ýörelgesini has-da ösdürmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça bellän meýilnamalarymyz üstünlikli amala aşyrylýar» diýip belleýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek boýunça toplumlaýyn işler ýerine ýetirilýär. Parasatly ata-babalarymyz tebigata hemişe aýawly garapdyrlar. Tebigaty söýüp, gözüniň göreji ýaly gorapdyrlar. «Paýhas çeşmesi» atly kitapda: «Agaç bolan ýerde pudak synar» ýa-da «Bagym bar, barym bar» diýen pähimli jümleleriň beýan edilmegi hem tebigata, tebigy gözelliklere bolan sarpanyň aýdyň subutnamasydyr.

Edep — durmuşyň çyragy

Adamlarda edeplilik iki hili bolýar: göze görünýän edep, göze görünmeýän edep. Göze görünýän edep ynsanyň daşky hereketlerinde ýüze çykýar. Ol adamyň her günki durmuşynda ýerine ýetirýän işleri, aýdýan sözleri bilen baglanyşykly aýan bolýar. Göze görünmeýän edep ynsanyň içki dünýäsiniň beýany bolup, onda adamyň öz ömründe we gündelik durmuşynda öňde goýýan maksady, niýeti, başlangyçlary ýaýbaňlanýar.

Sagdynlygyň açary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmakda ähmiýetli işler alnyp barylýar.  Şunda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy»  raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga, sagdyn jemgyýetimizi mundan beýläk-de berkitmäge oňyn täsirini ýetirýär. Ilatymyza temmäkiniň zyýanly täsirlerini düşündirmek maksady bilen, lukman maslahatlarymyzy hödürleýäris.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 22-nji maýy) Hormatly adamlar!