"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Pyragynyň döredijiliginde jemgyýetiň we ynsan gatnaşyklarynyň beýany

Häzirki wagtda ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda Magtymguly Pyragynyň baý we gymmatly edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek maksady bilen, toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň durşy bilen nesihata ýugrulan, durmuş synaglaryndan geçen, çuňňur many-mazmuna eýe bolan, ýazylan pursadyndan bäri, nesilden-nesle geçip, aýtgylara, nakyllara öwrülen dana sözleriniň ähmiýetiniň döwlet derejesinde sarpalanýandygyny tassyklaýar. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we dünýä ýurtlarynda halkara derejesinde guralýan çäreler milli mirasymyza, beýik akyldaryň döredijiligine dünýä halklarynyň gyzyklanmasyny artdyrýar. Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragy kimin aňyrsyna-bärsine gözýetmez, çäksiz hem-de düýpsüz döredijilik ummanyny döreden beýik şahyrlarymyzyň mirasy ýyllaryň, asyrlaryň, müňýyllyklaryň dowamynda zähmetiň, zehiniň hem-de ylhamyň sazlaşygynyň miwesi bolan ruhy baýlyklarymyzyň, jemgyýetimiziň ruhy çyragydygyny, dostlugy, doganlygy, ynsanperwerligi ündeýän aňyýetimiziň egsilmez hazynasydygyny, mizemez nusgasydygyny belleýär.

Durnukly ykdysady ösüşiň hatyrasyna

Mälim bolşy ýaly, şu günler Kazanda «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XV halkara ykdysady forumy geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu foruma hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Gahryman Arkadagymyz 2022-nji ýylda geçirilen 13-nji foruma hem gatnaşypdy. 2009-njy ýyldan bäri her ýyl geçirilýän bu wekilçilikli halkara çäräniň işine ýurdumyzyň wekiliýeti ençeme gezek gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna bu gezekki iş sapary dostlukly halklaryň gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşmegine ýardam eder.  Milli Liderimiziň bu gezekki sapary Russiýanyň iri sebitleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýar. Şeýle hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Tatarystan Respublikasy bilen özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik ýörelgeleri, bilelikdäki işiň oňyn tejribesi esasynda alnyp barylýan köpýyllyk netijeli gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.

Watanymyzyň hukuk binýady

Ösüşler, özgerişler her bir döwrüň süňňüne döwrebaplyk çaýýar. 1991-nji ýylyň güýzünde ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyny ykrar etmegi bilen,  halkymyzyň ykbalynda täze heňňam, täze döwür, täzeçe mümkinçilikler başlandy. Türkmen halky öz köpasyrlyk taryhynda ençeme döwleti gurup, dolandyryp, şöhratlandyryp, agzybir, döwletli-döwranly ýaşapdyr. Döwlet Garaşsyzlygynyň ykrar edilmegi bilen, türkmen halkynyň häzirki zaman döwletliliginiň syýasy-hukuk şertleri döredildi. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 32 ýyl boldy. Konstitusiýa türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösüşiniň hem-de kämilliginiň hukuk esasy bolup durýar. Beýleki kanunçylyk namalary bilen deňeşdireniňde, Konstitusiýa döwletiň gurluşyny, raýatlaryň esasy hukuklaryny we erkinliklerini kepillendirýär, döwleti dolandyrmagyň görnüşini we döwletiň ýokary häkimiýet edaralarynyň ulgamyny kesgitleýär, ýokary ýuridik güýje eýedir, kanun çykaryjylyk işi üçin binýat bolup hyzmat edýär, durnuklylygy bilen tapawutlanýar, kabul etmek we üýtgetme girizmek babatynda oňa aýratyn tertip häsiýetlidir, gös-göni täsir etmek güýjüne eýe bolan kadalaşdyryjy namadyr, döwletiň ähli çäginde ýokary güýje eýedir.

Agzybirlik — bagtyýarlygyň özeni

Il-ýurdy üçin ýaşamagy, olaryň gülläp ösüşiniň we bähbitleriniň hatyrasyna zähmet çekmegi bagtyýarlyk hasaplaýan ynsanlar bilen söhbetdeş bolmak, güýjüňe güýç goşmak, maksatlaryňa aýdyňlyk çaýmak bilen birlikde, özüň üçin baýramçylyk döretmekdir. Türkmenistanyň Gahrymany, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Çynar RÜSTEMOWA bilen söhbetdeşlik — aýratyn baýramçylyk. — Çynar Täjiýewna, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlaýarys.

Döwrüň talabyndan ugur alyp

Raýatlaryň kanuny bähbitlerini halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda goramak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hereket edýän kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegi ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna, durmuş ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi ilatyň intellektual ukyplaryny amala aşyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Häzirki wagtda innowasion dolandyryşa, döwlet gullugynyň takyk hem sazlaşykly işlemegine, hünärmenlerdir ýolbaşçylar gorunyň ulgamlaýyn taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi hukuk medeniýetiniň netijeliligini, zähmet öndürijiligini, innowasion işjeňligi ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet dolandyryşyny guramagyň täze gurallaryny kemala getirmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda öňdebaryjy usullaryny we häzirki zaman serişdelerini ulanmak esasynda okuwlar guralyp, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, çuňňur bilimlere eýe, giň gözýetimli döwlet gullukçylary taýýarlanylýar hem-de olaryň hünär derejeleri ýokarlandyrylýar.

Şahyryň arzuwlan zamanasy

Şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenilýän Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden eserleri dünýä üçin ýolgörkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýär. Çünki beýik akyldar, filosof, Gündogaryň pähim-paýhasyny öňe süren, ynsanyýeti başyna täç eden, öz milletini jany-teni bilen söýen watançy şahyr durmuşyň ähli temalary bilen birlikde, Watan we watançylyk duýgularyny has hem täsirli teswirleýär. Söz ussadynyň Watana bolan beýik söýgüsi onuň adyny dünýä edebiýatynda ebedileşdirdi. Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlyk we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Dana Pyragynyň şygyrlary adamlaryň kalbynyň töründen orun aldy. Çünki olarda bütin adamzadyň üýtgewsiz gymmatlyklary — Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş çuňňur beýan edilýär. Bu ýörelgeler Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirýär we ýurdumyzyň diplomatiýasynyň parasatlylygynyň, dowamatlylygynyň hem-de ähmiýetiniň çeşmesi bolup durýar.

Milli gymmatlyklar — mertebämiz

Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň bellenilýän ýylyna gabat gelmegi milli mirasymyzyň dabaralanmagyna uly goşant goşýar. Esasy Kanunymyzda: «Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn bolýan her bir adam Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny berjaý etmäge, milli däp-dessurlary, taryhy, medeni we tebigy mirasy hormatlamaga borçludyr» diýlip bellenilýär. Diýmek, medeni mirasymyzy sarpalamak hem-de maddy we ruhy gymmatlyklarymyzyň geljekki nesillere üýtgewsiz ýetirilmegi ugrundaky işlere goşant goşmak biziň her birimiziň borjumyzdyr.

Ýerden peýdalanmagyň kadalary

Ýurdumyzda ýerleri ulanyşa bermek işi «Ýer hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna esaslanýar. Bu Bitewi kanun ýerleri dolandyrmagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady esaslaryny kesgitleýär we olary rejeli peýdalanmaga, goramaga hem-de daşky gurşawy abat saklamaga, şeýle-de gowulandyrmaga, ýerde hojalyk işlerini alyp barmagyň dürli görnüşlerini ulanmaga, ýer gatnaşyklaryny düzgünleşdirmäge gönükdirilendir. Milli kanunçylyga laýyklykda, ýer bölekleri eýeçilige, peýdalanmaga ýa-da kärendesine berlip bilner. Ýer böleklerinden peýdalanmagyň görnüşleri barada «Ýer hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 17-nji maddasynda jikme-jik beýan edilýär.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Asudalygyň kepili Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň guramagynda «Berkararlygyň we asudalygyň kepili» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň kazyýetleriniň kazylary we kazyýet işgärleri gatnaşdylar.

Şygryýet bossany

Goşa mukaddeslik  Halkymyzyň buýsanjy hem guwanjy, Esasy Kanunym, Döwlet baýdagym.Gözlerde nur, dideleriň begenji,Esasy Kanunym, Döwlet baýdagym.

Terbiýe mekdebi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň baý hem-de şöhratly taryhy we medeni mirasy ylmy esasda içgin öwrenilýär. Ýaşlary watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak we estetik taýdan terbiýelemekde olaryň ähmiýeti örän uludyr. Özüniň ajaýyp döredijiligi bilen dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy bolsa türkmen halkynyň milli şahyry, guwanjy, buýsanjy hasaplanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygrynda nygtaýşy ýaly, ol «Ähli mekan-zamanlaryň çyn-hakyky raýaty». Gahryman Arkadagymyz ady äleme dolan ussadyň sözleriniň we pelsepewi pikirleriniň diňe milli däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna girendigini nygtaýar.

Akyldaryň şygyrlarynda halk döredijiligi

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy halk döredijiliginiň eserleriniň dürli görnüşleriniň çeperçilik tärlerini we şirinligini öz eserleriniň süňňüne siňdirmegi ussatlyk bilen başarypdyr.  Halk döredijiligindäki göçme manyly idiomatik söz düzümlerinden başlap, türkmen nakyllarynyň baý many-mazmunynyň heňňamlara siňen bakylygyny goşgularynda diýseň ezberlik bilen ulanypdyr. «Çopan adam çoka bolmaz, // Ala garga oka gelmez» ýaly jaýdar söz düzümlerini şahyr öz goşgularynda beýan edipdir. Türkmen halk döredijiliginiň asyl ýordumynda päk niýetli halal zähmet we parahat, agzybir durmuş bar. «Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir, ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir» diýen atalar sözi dürli röwüşde, her hili pikir-garaýyşlarda Magtymgulynyň şygyrlarynda gabat gelýär.

Okamak barada

Alp Arslan soltanyň ogly şazada Mälige atalyk ulamalar her günde on sagat dürli ylymlary okadar ekenler. Şazada her günde birnäçe sagat beden hem söweş türgenleşigini geçer eken. Ol günüň dowamynda bary-ýogy bäş-alty sagat ýatypdyr. Ogluna dözmedik ejesi aram-aram: — Şazadam, senem dynjyňy alaý! Sen şazada ahyry — diýse, Mälik:

Sagdyn durmuş – uzak ömür

Gahryman Arkadagymyzyň alymlyk paýhasy bilen işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi milli saglygy goraýyş ulgamynda ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini we hilini halkara derejelere laýyklykda ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň kabul edilmegi  ilatyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek bilen adam ömrüniň uzalmagyny gazanmaga bolan mümkinçilikleri artdyrýar.

Ýangyndan ägä boluň!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň rowaçlanýandygyny her günde, her ädimde görýäris. Halkyň gazananlaryny ýangyndan goramak döwrüň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Şu wajyp wezipeden ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri öz maslahatlary bilen raýatlarymyza ýüzlenip, şulary ýatladýar.  Söwda kärhanalarynyň ýangyn howpsuzlygy boýunça jogapkär işgärleri ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen ähli çäreleriň öz wagtynda amala aşyrylmalydyr. Ýerzeminlerde, jaýlarda partlaýan jisimler, gazly ballonlar, ýanýan suwuklyklar, durmuş himiýasynyň harytlary, aerozol gaply harytlar, şeýle-de olardan edilen önümleri saklamak gadagandyr.

Hormatly okyjylar!

2024-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin «Adalat» gazetiniň elektron hem-de kagyz görnüşine abuna ýazylyşygyň dowam edýändigini habar berýäris. «Adalat» gazetiniň elektron görnüşine «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynda hem-de «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynyň üsti bilen «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» bukjasyndan ýazylmalydygyny ýatladýarys.

Ynsan hukugynyň goraglylygy

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, bu ugurda kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelmelidigi babatynda yzygiderli tagallalary edýär. Adyl kazyýetlige bolan hukugy adamyň esasy hukuklarynyň biri bolup, ol  Esasy Kanunymyzda öz beýanyny tapýar. Adyl kazyýetlik giň manyda bolup, ol diňe bir jenaýat kazyýet önümçiliginde däl, eýsem, raýat we administratiw işlerine seretmek hem-de çözmek arkaly amala aşyrylýar.

Maşgalam — baş galam

1992-nji ýylyň 18-nji maýy Konstitusiýanyň kabul edilen senesi bolmak bilen, şol gün  ählihalk baýramy diýlip yglan edildi. Konstitusiýanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň milli hukuk ulgamynyň taryhynda möhüm waka bolup, kanunçylygyň ähli ugurlarynyň, şahalarynyň ösüşi üçin ýörelgedir. Esasy Kanunymyzda maşgalany pugtalandyrmaga, maşgala gymmatlyklaryny goramaga gönükdirilen ýörelgeleýin kadalar mynasyp orun tutýar. Maşgala döwlet tarapyndan goralýar. Çüňki döwletiň, jemgyýetiň binýadyny düzýän, agzybirlik, adalatlylyk, zähmetsöýerlik, birek-birege hormat goýmak ýaly umumadamzat gymmatlyklary maşgalada kemala gelýär. Maşgala jemgyýetimiziň jebisligini pugtalandyrmakda wajyp ähmiýete eýedir. Esasy Kanunymyzyň 40-njy maddasyna laýyklykda maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýarlar. Nika ýaşyna ýeten erkek bilen aýalyň özara razylygy boýunça nikalaşmaga we maşgala gurmaga hukugy bardyr. Maşgala gatnaşyklarynda är-aýal deňhukuklydyrlar. Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga hukuklydyrlar we borçludyrlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(Ahal welaýatynyň Bäherden etraby, 2024-nji ýylyň 8-nji maýy) Hormatly adamlar!

Parahatçylyk we abadançylyk

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda: «Özygtyýarly Watanymyzda parahatçylyk we abadançylyk rowaçlanýar, milli ykdysadyýetimiz depginli ösýär. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgämizden ugur alyp, döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň — ýurdumyzyň her bir raýatynyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen işlerimizi üstünlikli amala aşyrýarys» diýip belleýär. Munuň şeýledigine 8-nji maý güni bolup geçen taryhy wakalaryň mysalynda-da göz ýetirýäris. Şol gün hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatyndaky ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenilen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, şeýle hem kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Bu desgalar täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, diňe bir Ahal welaýatynyň däl-de, eýsem, tutuş ýurdumyzyň hem durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine uly goşant goşjak iri kärhanalardyr.