"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Welosiped sürüjileriň dykgatyna

Arkadagly eýýamymyzda ekologiýa taýdan arassa ulag diýlip ykrar edilen welosiped ynsan saglygyny berkitmekde hem uly ähmiýete eýedir. Hormatly raýatlar! Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy ýollarda welosipedi dolandyrmaga bildirilýän talaplaryň takyk ýerine ýetirilmelidigini ýatladýar. 

Sagdynlygyň sakasy

Dişlerimiziň sagdynlygy bedeniň beýleki agzalarynyň hem sagdyn bolmagyna öz täsirini ýetirýär. Dişleriň sagdyn bolmagy her kimiň özüne baglydyr. Agzyň nemli bardasynda has köp duş gelýän keselleriň biri bolan stomatit agyz boşlugynyň nemli bardasynyň gaýnaglamasy, zeperlenmesi, ojaklaýyn eroziw ýaralarynyň döremegi bilen ýüze çykýar. Stomatit keseli, esasan hem çagalarda has köp duş gelip, bedeniň immun ulgamynyň peselmegi netijesinde döreýär.

Ak bugdaýy ýangyndan goralyň!

Şu günler ýurdumyzyň bugdaýly meýdanlarynda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Belent sepgitlere ýetmekde gallaçy daýhanlarymyza üstünlikleri arzuwlap, ýangyn howpsuzlygy babatda şulary ýatlatmagy müwessa bildik. Galla oragyna gatnaşýan oba hojalyk tehnikalary ilkinji zerur bolan ýangyn söndüriji serişdeleri bilen üpjün edilmelidir. Tehnikalaryň tüsseçykaryjylary uçgun söndüriji enjamlar bilen enjamlaşdyrylmalydyr. Uçgun söndüriji serişdelerini öz wagtynda gurumlardan arassalap durmaly. Galla oragyna gatnaşýan oba hojalyk tehnikalaryň duralga ýerini, tehniki hyzmat etmek, ýangyç guýmak ýa-da kebşirleýiş enjamlaryndan peýdalanmak işini hasylly meýdandan 100 metr aradaşlykda, takyrlykda ýerleşdirip, şol ýerleriň daş-töweregi sürülmelidir.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan — Daşoguz ýokary woltly elektrik geçirijisiniň we täze elektrik beketleriniň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(Daşoguz şäheri, 2024-nji ýylyň 5-nji iýuny) Eziz watandaşlar!

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasly tagallalary: Watanymyzyň energetika kuwwatyny artdyrýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen sazlaşyklylykda  elektroenergetika pudagy hem ösüşlerini belentden-belent sepgitlere ýetirýär. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly tagallalary esasynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda gazanylýan şeýle üstünlikler Arkadagly eýýamymyzda dünýä bazarynda sarp edijilere elektrik energiýasyny eksport etmekde toplan  baý tejribämizi dabaralandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda 5-nji iýunda açylyp ulanmaga berlen Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasy hem munuň nobatdaky beýany boldy.

Ýurdumyzyň sport diplomatiýasy: dostlugyň we agzybirligiň aýdyň ýoly

Arkadagly eýýamymyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz dünýäde sportly mekan hökmünde ykrar edildi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanmaga berlen iň kämil mümkinçilikli sport desgalary ýokary derejeli sporty ösdürmäge we dünýä ýaryşlaryny geçirmäge mümkinçilikleri döretdi. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň dünýädäki sport abraýyna şöhrat getirýän türgenler kemala geldi. 2018-nji ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda Ýulduz Jumabaýewanyň itekläp götermekde 104 kilogram agram bilen we jemi 179 kilogram agram bilen ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny täzeläp, gazanan altyn medaly, 2021-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Polina Gurýewanyň agyr atletika boýunça 59 kilograma çenli agramda çykyş edip, 2-nji orna we kümüş medala mynasyp bolmagy ýurdumyzyň sport taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ýeri gelende bellesek, halkara sport çärelerinde Watanymyza mynasyp wekilçilik edýän türgenleri döwlet derejesinde sylaglamak, olara Şa serpaýlaryny gowşurmak  Arkadagly eýýamymyzda asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowamat-dowama öwrülen asylly işler bolsa dünýäniň sport däplerini döwrebap öwüşginler bilen baýlaşdyrýar.

Arkadag şäheri — sahawat mekany

Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlarynyň hem-de ýadawsyz tagallalarynyň netijesinde eziz Watanymyzda sebitde ilkinji «akylly» şäher — Arkadag şäheri bina edildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen we ýaşaýyş üçin ähli mümkinçilikleri özünde jemleýän «akylly» şäheriň kemala gelmegi ýurdumyzyň berk binýatly, ykdysady taýdan kuwwatly döwletdigini bütin dünýä äşgär etdi. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan kemala gelen Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy alnyp barylýar. Onda, esasan, önümçilik toplumlarynyň bina ediljekdigini nazara alyp, bu ýerdäki gurluşyklarda häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň giňden peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýakynda Milli Liderimiz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi.

Zähmet tejribesinde Kärdeşler arkalaşyklarynyň orny

«Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanda kärdeşler arkalaşyklary — agzalarynyň zähmet we onuň bilen baglanyşykda beýleki durmuş-ykdysady hukuklaryna we bähbitlerine wekilçilik etmek hem-de olary goramak, zähmeti gorap saklamak we onuň şertlerini gowulandyrmak üçin hünär bähbitleriniň umumylygy esasynda raýatlar tarapyndan meýletin döredilýän özbaşdak jemgyýetçilik guramalarydyr. Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy — kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamasy ýa-da kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy hakyndaky düzgünnama esasynda hereket edýän, guramaçylyk-hukuk hem-de eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, adatça, bir kärhanada, edarada, guramada we hakyna tutma zähmeti ulanýan zähmet gatnaşyklarynyň beýleki subýektinde işleýän, şeýle hem bilim edarasynda okaýan kärdeşler arkalaşygynyň agzalarynyň meýletin birleşigidir.

Biotehnologiýanyň toplumlaýyn ösüşi

Döwlet Baştutanymyz ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda duran Alym Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirip, ylym we bilimi ýurdumyzyň öňe gitmeginiň binýatlyk esasy hasaplaýar. Ylmy esasly, okgunly özgertmeler eziz Watanymyzyň ykdysady we durmuş ösüşi babatda dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna ýardam berýär. Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu maksatnamanyň esasy wezipesi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde ylmyň tutýan ornuny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. 

Terbiýe — röwşen geljegiň açary

Beýik ýeňişlere, uly üstünliklere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitaby türkmen ýaşlary üçin gymmaty egsilmejek serpaý boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu kitabynda merdana ýaşlarymyzyň öňünde durýan möhüm wezipeler hakynda täsirli söhbet edilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi, döwrebap bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen uly mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp  eserinde: «Men «Watan» we «Halk» diýen mukaddes sözleriň ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuş şygaryna öwrüljekdigine, olaryň ata-ene we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýip, türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär. Diýmek, ýaşlara bildirilýän bu günki ynam dowamat-dowamymyza, ertirlerimiziň röwşenligine bildirilýän ynamdyr. Şundan ugur alyp, biz — mugallymlar ýaşlara döwrebap bilim bermek üçin, ilki bilen, olaryň milli, kämil terbiýe almagyny gazanmaly. Türkmen halkynyň asyrlardan gelýän milli däp-dessurlaryna, müňýyllyklaryň synagyndan geçip, kämilleşip, biziň şu günlerimize gelip ýeten milli ýörelgämize, Watana

Döwletliligiň gözbaşy

Çagalaryň ylymly-bilimli, watanperwer nesiller bolup ýetişmekleri ugrunda alnyp barylýan belent maksatly özgertmeler köpmilletli agzybir halkymyzy buýsandyrýar. Körpe nesilleri bagtyýar geljegi ugrunda ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginiň işgärleriniň beren gürrüňlerini halkymyz bilen paýlaşmagy müwessa bildik. Maýagözel Hojamberdiýewa, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginiň müdiriniň orunbasary:

Beýiklige sarpa

Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur wekilleriniň heýkelleri bina edilen medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjynyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlendigini bellemek wajypdyr. Magtymguly Pyragynyň hatyrasyna bina edilen medeni-seýilgäh toplumynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň baýramynyň dabaraly bellenilýän günlerinde açylmagynda çuňňur many-mazmun bar. Sebäbi Esasy Kanunymyz we Döwlet baýdagymyz Pyragynyň şygyrlarynda halky üçin arzuwlan gymmatlyklarydyr.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Hajarbibi HANDURDYÝEWA,Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Maglumatlar merkeziniň 1-nji derejeli hünärmeni: — Şu ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň guramagynda Ylymlar güni hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň kazyýet hem-de ylym-bilim edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly «Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy — watançylyk terbiýesiniň gözbaşy»  atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Beýik Seljuklaryň binagärlik sungaty

Halkymyzyň bina gurmak, döretmek taglymaty öz gözbaşyny gadymlardan alyp gelýär. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny okanyňda hem muňa aýdyň göz ýetirýärsiň.  Döwlet Baştutanymyzyň bu kitabynda türkmen halkynyň şöhratly geçmişi düýpli we giňişleýin beýan edilip, halkymyzyň binagärlik sungaty barada dürli taryhy maglumatlar berilýär. Bu ajaýyp eserde halkymyzyň taryhy, asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy medeni, ruhy däp-dessurlary barada söhbet edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda: «Pikirler, düşünjeler, garaýyşlar, taryhy we ylmy maglumatlar biri‑biriniň üstüni ýetirip, biziň bereketli we derejeli döwletde, bagtyýar we beýik döwürde, topragy mukaddes Watanda ýaşaýandygymyzy ýene bir ýola tassyklaýar» diýip belleýär. XI-XII asyrlarda Beýik Seljuklar döwründe şäher gurluşygynyň meselelerine köp üns berlipdir. Merkezi Aziýanyň gadymy ýadygärliklerini öwreniji G.A.Pugaçenkowa Seljuklar zamanasynda özboluşly ýörite mekdepleriň bolandygyny  ylmy taýdan aýdyp geçýär. Olara mysal hökmünde Gündogarda ady belli bolan Sarahs binagärlik mekdebini aýtmak bolar. Onuň ymaratçy ussalary Gündogaryň köp şäherleriniň gurluşygyna gatnaşypdyrlar. Olaryň guran binalarynda diwaryň içinde däliz oňarmak, gümmezi iki gat gurmak ýörgünli bolupdyr. Biziň günleri

Mertlik kyssasy

Döwletmämmet Azadynyň öňküligi ýokdy. Il-günüň azatlygyny gorap, döwlet gurmak niýeti bilen, owgana giden ogullary Abdylla bilen Mämmetsapanyň hat-habarsyz ýitmegi onuň ýüreginde öçmejek yz goýdy. Ýyllar kerwen gurap geçdi. Ondan bäri, gör, niçe ýükli kerwenler Hajygowşan obasynyň orta gürpünden dähedem-dessemläp geçip gitdi?! Ýöne Abdylla bilen Mämmetsapadan welin  gördüm-bildimli  habar gowuşmady. Eziz doganlarynyň aýralyk dagy Magtymgulyny hem juwan ýaşynda otsuz-ýalynsyz çirkizdi. Bu jydalyk onuň joşgundan doly ýüreginde hasratly şygyrlary döretdi. Magtymgulynyň  bu döreden şygyrlary, dogrusy, özüniň içki gam-gussasy bolman, il-günüň erkinligi ugrunda ömür tanapy üzülen gerçekleriň mertligine dikilen ruhy heýkeldi. Magtymguly bu hakykaty şygryň dilinde şeýle beýan etdi: Ahmet patyşadan habar almaga,Umyt etdi iller Çowdur han üçin,Sag baryp, salamat gaýdyp gelmäge,Oňmady ykballar Çowdur han üçin.

Ýaşyl dünýä — ýaşaýyş

Häzir dünýäde ekologiýa meseleleriniň ähmiýetine hemme döwürlerdäkiden oňat düşünilýär. Şol meseleleri çözmezden, adamzat jemgyýetiniň mundan beýläkki durnukly ösüşini göz öňüne getirmek mümkin däl. Ýurdumyzda her ýyl ýaş agaç nahallaryny oturtmak boýunça ählihalk dabarasyna badalga berilýär. Paýtagtymyzyň töwereklerinde ýaşyl tokaý zolaklary döredilip, howanyň hilini gowulandyrmaga we biodürlüligi gorap saklamaga uly üns berilýär. 5-nji iýunda bellenilip geçilen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlanyp, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çapdan çykmagy bolsa, bu babatda edilen ajaýyp işdir. Galyberse-de,  bu waka ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamaga, baýlaşdyrmaga döwletimiziň ygrarlydygynyň ýene-de bir güwäsidir.

Görer gözüň gymmaty

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Bellidir» atly goşgusyndaky: «Görer gözüň gymmaty, kör ýanynda bellidir» diýen setirleriniň gymmaty sanly eýýamyň mümkinçilikleriniň ösýän we adamlary aşa özüne çekýän zamanasynda has artýar. Sebäbi telewizoryň, kompýuteriň, telefonyň başynda güýmenip, hereketsiz oturmak ynsan synalarynyň beýleki agzalary bilen birlikde, gözüň görüjiliginiň peselmegine täsirini ýetirýär. Ylmy barlaglaryň tassyklamagyna görä, adamlar maglumatlaryň 80—90%-ni gözüň üsti bilen kabul edýärler. Lukmanlaryň geçiren barlaglarynyň netijesinde, kompýuterleri ulanmakda wagt dowamlylygyny berjaý etmek wajypdyr. Çagalara 3 ýaşa çenli telefon, planşet berilmese gowy. Kompýuteriň başynda köp wagtyny sarp edýän uly adamlar bolsa her 20 minutdan göze dynç bermeli. 5 minudyň dowamynda gözüňi ýummaly, göz maşklaryny ýerine ýetirmeli we gözi nemlendirýän damjalary damdyrmaly. Kompýuteriň başynda köp oturýan adamlar ulanyş kadalary dogry berjaý etmese, onda olarda ýüze çykýan gözüň gyzarmagy, ýaşarmagy, içine gum sepilen ýaly, gözüň öňi tutulan ýaly alamatlar gözüň «gury sindromynyň» döremegine getirýär. Bu alamatlar kompýuteriň zyýanly täsiri bolman, eýsem, onuň ulanyş kadalarynyň dogry berjaý edilmezliginden ýüze çykýan ýagdaýdyr.

Jemgyýetçilik kabul edişligi

2024-nji ýylyň 8-nji we 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň gatnaşmaklarynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär. Kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda, ýagny Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda sagat 09:00-dan 12:00-a çenli geçirilýär. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-19-20; 39-19-21.

Hormatly okyjylar!

2024-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin «Adalat» gazetiniň elektron hem-de kagyz görnüşine abuna ýazylyşygyň dowam edýändigini habar berýäris. «Adalat» gazetiniň elektron görnüşine «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynda hem-de «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynyň üsti bilen «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» bukjasyndan ýazylmalydygyny ýatladýarys. «Adalat» gazetiniň elektron neşirine abuna ýazylmak bilen, şol bukjada jemi 27 sany ýurdumyzda neşir edilýän merkezi gazet žurnallaryny we welaýat gazetlerini hem okap bilersiňiz.

Buýsandyrýar ajap döwrüň ýalkymy

Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak we ýakyn-u-alysdaky döwletler bilen dost-doganlygy pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, çuňňur oýlanyşykly döwlet syýasatynyň esasy maksatlarydyr. Täze taryhy eýýamda döwletimiziň syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni taýdan ösüş depginini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu gün bagtyýar halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda taryhy wakalaryň, buýsançly günleriň şaýady bolýar. Her bir ulgamda alnyp barylýan giň gerimli oňyn özgertmeler, amala aşyrylýan ähmiýetli işler döwletimize asyrlara barabar ösüşleri gazanmaga şertler döredýär. Hormatly Prezidentimiziň 25-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli kanunçylyk ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak, syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, dünýäniň esasy reýting agentlikleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, kosmos işi babatda döwlet syýasatynyň konseptual esaslarynyň taslamasyny işläp taýýarlamak bilen bagly meselelere garalyp, degişli çözgütler kabul edildi. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklyk