Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak we ýakyn-u-alysdaky döwletler bilen dost-doganlygy pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, çuňňur oýlanyşykly döwlet syýasatynyň esasy maksatlarydyr. Täze taryhy eýýamda döwletimiziň syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni taýdan ösüş depginini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Bu gün bagtyýar halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda taryhy wakalaryň, buýsançly günleriň şaýady bolýar. Her bir ulgamda alnyp barylýan giň gerimli oňyn özgertmeler, amala aşyrylýan ähmiýetli işler döwletimize asyrlara barabar ösüşleri gazanmaga şertler döredýär. Hormatly Prezidentimiziň 25-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli kanunçylyk ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak, syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, dünýäniň esasy reýting agentlikleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, kosmos işi babatda döwlet syýasatynyň konseptual esaslarynyň taslamasyny işläp taýýarlamak bilen bagly meselelere garalyp, degişli çözgütler kabul edildi. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek, nebiti gaýtadan işleýän desgalaryň durkuny täzelemek, täzelerini gurmak, gurluşyk pudagynda nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi milli bilim ulgamyny täze derejä çykaryp, Watanymyzyň geljegi bolan kämil ýaşlary kemala getirmekde toplumlaýyn işleriň nobatdaky tapgyryna badalga berýär.