Durmuş abadançylygy — döwletiň berkararlygy
Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilen tagallalarynyň netijesinde bu günki gün raýatlarymyz bolelin durmuşyň hözirini duýup ýaşaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda halkymyzyň sapaly ýaşaýşy üçin döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşen halkymyzyň agzybirliginiň netijesinde ýetilýän belent sepgitler täze taryhy eýýamda asylly maksatlarymyzyň myradyna gowuşýandygyna şaýatlyk edýär. Suw — ähli janly-jandaryň ýaşaýşy üçin iň zerur serişdeleriň biri. Şoňa görä-de, tebigatyň bu gymmatly baýlygy ýaşaýşyň gözbaşyna deňelýär. Nirede suw, derýa, çeşme ýa-da gazylan guýy bar bolsa, şol ýerde durmuş gülleýär. Milli Liderimiz «Suw — ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly kitabynda: «Şöhratly taryhymyzda merdanalygy, pähim-paýhasy, parasatlylygy we edermenligi bilen özüni tanadan pederlerimiz yssy howa şertlerinde suw gorlaryny tygşytly we rejeli peýdalanmak üçin howdanlary, kärizleri, topragyň gan damarlary ýaly bolup görünýän köp sanly suw ulgamlaryny gurupdyrlar, şerbet suwuň her damjasyny isrip etmän peýdalanmagy başarypdyrlar» diýýär.