Jemgyýetiň ruhy sütünini emele getirýän milli mirasy, däp-dessurlary, taryhy we edebiýaty bilmek watansöýüjilik, ýurduňa we halkyňa wepalylyk ýaly mukaddes duýgularyň kemala gelmeginiň esasy çeşmesi bolup durýar. Türkmen halkynyň şahyrana edebiýatyny Magtymgulusyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Söz mülküniň şasy hasaplanylýan Magtymgulynyň döredijiligi halkymyzda terbiýe mekdebi, akyl-paýhas terezisi hasaplanylýar. Üstünden ençe asyrlaryň geçendigine garamazdan, çyn göwheriň has ýiti lowurdaýşy ýaly, akyldaryň şygyrlary biziň günlerimizde-de gymmatyny ýitirmän, paýhas dürlerini seçmegini dowam edýär. Şol dürdäne eserleriň geljekde-de ähmiýetini ýitirmejekdigine şübhe ýokdur.
Ykbaly çylşyrymly döwre gabat gelendigi bilen baglanyşykly Pyragynyň şygyrlarynda biziň häzirki döwürde eýe bolan asudalyk, erkinlik, döwletlilik ýaly bahasyz baýlyklarymyzyň gadyr-gymmaty has ýiti duýulýar. Ol türkmeniň ruhy dünýäsiniň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň, ruhy gymmatlyklarynyň, şol sanda döwletlilik we garaşsyzlyk pelsepesiniň kemala gelmeginde ägirt uly goşant goşan danadyr. «Türkmen ilim, eý adamzat!//Azat il, güzer gözlär men» diýen setirler şahyryň öz iliniň erkana ýaşaýşyny arzuwlandygyndan habar berýär. «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýlişi ýaly, şahyryň şygyrlaryndaky döwletlilik ýörelgesi pederi Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eserinden gözbaş alýar. Bir başa bakyp, bir döwletiň penasynda ýaşamagyň öz halkyny bagta ýetirip biljekdigine düşünen şahyr bu garaýyşlary öz şygyrlarynda yzygiderli ösdüripdir. Türkmenleriň bir döwlete birikmek, goňşy halklar bilen dostlukly ýaşamak ýörelgesi şahyryň eserleriniň süňňüne ornaşypdyr. Agzybirligi erkin, rehnetli durmuş gurmagyň esasy açary hasaplan şahyryň eserlerinde bitewülige çagyryş örboýuna galýar. Onuň «Türkmeniň», «Türkmen binasy» ýaly şygyrlary hyýalynda berkarar bolan türkmen döwletiniň, agzybir türkmen halkynyň nusgalyk keşbidir. Magtymguly Watana, halka wepalylygy adamyň esasy güýji hasaplaýar. Şol egsilmez güýje eýe bolan ogullaryň döwür geçip, öz halkyna arka boljagyna şahyr çyn ýürekden ynanypdyr.