Dünýäniň iň howpsuz ýurtlarynyň biri hökmünde ykrar edilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty we jemgyýetçilik abadançylygy bilen halkara giňişlikde uly abraýa eýedir. Munuň şeýle bolmagy hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň yhlasly tagallalarynyň netijesidir. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranmak ukyby we harby kuwwaty yzygiderli pugtalandyrylýar.
Döwlet Baştutanymyz eziz Diýarymyzyň asudalygyny, abadançylygyny üpjün etmek wezipesini hemişe üns merkezinde saklaýar. 3-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.