Raýatlaryň ýaşaýyş jaý hukuklary

11 Iýul 2024
521

Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde hereket edýän kanunlar raýatlarymyzyň hukuklarynyň goraglylygyny kepillendirýär. Şonuň bilen birlikde-de, her bir raýat Konstitusiýa we kanunlar esasynda öz üstüne ýüklenilen borçlaryň ýerine ýetirilmegi üçin döwletiň öňünde jogapkärçilik çekýär. Bu kada ýaşaýyş jaýy bilen bagly ýüze çykýan meseleler babatda hem üýtgewsizdir.

Türkmenistanyň raýatlary öz isleglerine we bähbitlerine laýyklykda, özlerine degişli ýaşaýyş jaý hukuklaryny erkin amala aşyrýarlar, şol sanda olara ygtyýar edýärler. Raýatlaryň ýaşaýyş jaý hukuklary amala aşyrylanda we ýaşaýyş jaý gatnaşyklaryndan gelip çykýan borçlar ýerine ýetirilende beýleki raýatlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň bozulmagyna ýol berilmeýär. Türkmenistanyň raýatlary kanun esasynda we diňe konstitusion gurluşyň esaslaryny, ahlaklylygy, beýleki adamlaryň saglygyny, hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, döwletiň goranmak zerurlyklaryny we howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, zerur bolan çäkde ýaşaýyş jaý hukuklaryndan çäklendirilip bilner. Bular barada Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksinde jikme-jik beýan edilýär.

Bäşim ÝALKABOW,
Wekilbazar etrabynyň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.