Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 60-njy we 61-nji maddalarynda her bir adamyň döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we wezipeli adamlaryň çözgütlerine hem-de hereketlerine kazyýete şikaýat etmäge, şeýle hem her bir adamyň döwlet edaralarynyň, gaýry guramalaryň, olaryň işgärleriniň, şeýle hem aýry-aýry adamlaryň bikanun hereketleri bilen özüne maddy ýa-da ahlak taýdan ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyny kazyýet tertibinde talap etmäge hukugynyň bardygy kesgitlenilýär. Munuň özi, şol bir wagtyň özünde, her bir adamyň döwlet edaralaryna ýüz tutmaga bolan hukuklarynyň bardygyny äşgär edýär. Bu ýüztutma administratiw önümçiligi tertibinde seredilýär.
Milli kanunçylykda, administratiw önümçiligi diýlip administratiw edaralary tarapyndan administratiw namalarynyň kabul edilmegi, ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly amala aşyrylýan işe aýdylýar. Türkmenistanda jemgyýetçilik gatnaşygynyň bu ugry 2017-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul edilen «Administratiw önümçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny arkaly düzgünleşdirilýär. Kanunyň 8-nji maddasyna laýyklykda, her bir şahsyň özüniň hukuklary we kanuny bähbitleri bilen gönüden-göni bagly bolan meseleler boýunça administratiw edara ýüz tutmaga, haýyşnama bildirmäge ýa-da administratiw edaradan maglumat almaga hukugy bardyr. Administratiw edara bolsa bu ýüztutmalar boýunça degişli çözgütleri kabul etmäge ýa-da maglumaty bermäge borçludyr.