Emeli aň hakynda okuw maslahaty geçirildi

19 Iýul 2024
921

Şu ýylyň 17-18-nji iýulynda paýtagtymyzda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan «Emeli aň we onuň erkin sözlülige edýän täsiri» diýen at bilen okuw maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmaga Bolgariýadan we Awstriýadan halkara bilermenler çagyryldy.

Maslahatyň ilkinji gününde gatnaşyjylar emeli aňyň döreýşi, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň emeli aň, sanly hyzmatlar babatdaky kanunçylygy bilen tanyşdyryldy. Okuw maslahatynyň ikinji güni hem gyzykly dowam etdi. Onda beýleki ýurtlaryň emeli aňy köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ulanyşlary, onuň düzgünleri, emeli aňy ulanmagyň etiki meseleleri, internet sowatlylygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sähra BATYROWA,
«Adalat».