Ähli şäherlerden saýlanýan şäher

8 Awgust 2024
421

Garaşsyz ýurdumyzda gazanylýan ykdysady ösüşler «Döwlet adam üçindir!»  diýen ynsanperwer taglymatyň ägirt uly işler arkaly durmuşa giňden ornaşdyrylýandygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ata Watanymyz ykdysady taýdan näçe galkyndygyça, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýy has-da gowulanýar. Şu ýylyň 3-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyryp, şäheriň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen tanyşmagy hem halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen ähmiýetli wakalaryň biri boldy.

Şol gün ir bilen Milli Liderimiz dikuçarda täze şähere nobatdaky iş saparyny amala aşyrmak maksady bilen, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline bardy. Ol ýerde degişli ýolbaşçylar  şäherde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

«Adalat».