Milli maslahatyň buýsanjy

5 Sentýabr 2024
236

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda belent sepgitleri nazarlap ösýän döwrümizde demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, türkmen halkynyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmekde giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Häzirki günlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmäge uly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Karar kabul etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen kabul edilen bu Kararda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Şeýle-de ony ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi tassyklanyldy.

Rozymuhammet ARTYKOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ýolöten etrap birleşmesiniň başlygy.