Dünýädäki şäherlerde adamlaryň, ulaglaryň sanynyň artýan, köçeleriň, ýollaryň, şaýollaryň köpelýän, olarda hereketiň işjeňleşýän häzirki döwründe awtomobil heläkçiliginiň döremek howpy artýar. Köçe-ýol hadysalary zerarly ýylda dünýäde ýüzlerçe adam şikes alýar, maýyp bolýar. Köçe-ýol hereketine diňe sürüjiler däl-de, pyýadalar hem gatnaşýarlar. Şeýle ýagdaýda her bir adam köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bilmeli we dogry berjaý etmeli.
Hormatly sürüjiler, ýol hereketiniň kadalaryny doly özleşdiren bolsaňyz-da, olary wagtal-wagtal gaýtalap duruň. Ýola çykmazdan öň, ulagyňyzyň tehniki taýdan guratdygyna göz ýetiriň. Serhoş ýagdaýda ýa-da nerw dartgynlylygyny başdan geçirýän wagtyňyzda ulag sürmäň. Ýola düşmezden öň, ukyňy tutdurýan, ünsüňi gowşadýan, arterial gan basyşyňy peseldýän käbir dermanlary, antidepressantlary ulanmaň. Ilatly nokatlaryň köçelerinden, köp adamly ýerlerden geçeniňizde ulagyň tizligini peseldiň. Ulagy sürüp barýan wagtyňyzda ýolagçylar bilen gürleşip, ünsüňizi bozmaň, el telefonyny, ses gataldyjy enjamlary ulanmaň.