Arkadagly  Gahryman  Serdarymyzyň  beýik  işleri: şöhratly  taryhymyzyň  şanly  sahypalary

19 Sentýabr 2024
362

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri maddy we ruhy bereketi bilen kalplary joşdurýar. Döwlet Baştutanymyzyň beýik pikirleri, parasatly tagallalary, nusgalyk göreldesi hemmeleri asylly işlere ugrukdyrýar. Halkymyzyň: «Sanasaň sogaby bar» diýen pähimi ýagşylyk getirýän,  bagta eltýän keramatly zatlar babatda aýdylýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Hak iş etseň Hak biler» diýip nesihat edişi ýaly,  döwlet Baştutanymyzyň beýik işlerini sanamakda hem ykbalymyza, ojagymyza nur-bereket berýän keramat bar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda öňe süren «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» atly döwlet ideologiýasy parahatçylykly ösüşde täzeçilliklere we netijeli üstünliklere badalga boldy.  Hut şonuň netijesinde hem ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda her günde halkara derejesindäki öňegidişlikleri getirýän tutuş dünýä ähmiýetli üstünlikler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy»  atly eserindäki: «Taryh beýik işler bilen ýazylýar. Taryh halk üçin edilen, halk bilen bilelikde ýerine ýetirilen beýik amallar bilen ýazylýar» diýen çuňňur paýhasa ýugrulan manyly setirlerini hakydaňda janlandyrýar. Şol pursatda halkymyzyň bagty hem sapaly durmuşy hormatly Prezidentimiziň yhlas-aladasyndan dowamat-dowam bolýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şöhratly taryhy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurduna we halkyna bolan beýik söýgüsi, kämil başarnygy, parasatly tutumlary bilen amala aşyrýan beýik işleriniň guwandyryjy netijeleri bilen ýazylýar diýip, buýsançly pikirleriňi beýan etmäge howlugýarsyň.

Maksat NURYÝEW,
«Adalat».