"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Barlygyň bahasyz baýlygy

Döwletimiziň esasy baýlygy bolan ilatyň saglygy we milletiň geljegi hakyndaky alada hemişe ileri tutulýan ugur bolup çykyş edýär. Çünki ynsan saglygy diýlen düşünjäniň aňyrsynda dünýäniň ähli baýlygy, adamzat ösüşiniň düýp özeninde durýan hereketlendiriji güýç jemlenýär. Dogry iýmitlenmek, sport bilen meşgullanmak we zyýanly endiklerden daşda durmak adama sagdyn we güýçli bolmaga ýardam berýär. «Meniň iň esasy we iň ygtybarly daýanjym halkym bolar» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň bu esas goýujy ýörelgesi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynda kabul edilýän birnäçe kanunçylyk namalarynda öz beýanyny tapýar. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksiniň rejelenen görnüşini, «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Derman üpjünçiligi hakynda», «Psihiatrik kömek bermek hakynda», «Psihologik hyzmatlar hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümleriniň ulanylmagynyň netijelerinden goralmagy hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda», «Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny we beýleki hukuk namalaryny mysal getirmek bolar.

Geografik taýdan amatly ülke

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa ulgamy bedew bady bilen ösýär. Ýurdumyzdan dünýäniň çar ýanyna uzaýan nurana ýollar dost-doganlyk ýollaryna öwrülýär. Milli kanunçylygymyzyň howa, deňiz, awtoýol ulgamlarynda amala aşyrylýan işleri we hyzmatlary düzgünleşdirýän hukuk namalary yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzüminiň hem-de aragatnaşyk telekommunikasiýalar ulgamynyň kemala gelmegi, Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi, diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebit we bütindünýä ösüşine kuwwatly itergi berýär. Türkmenistan geografik taýdana örän amatly sebit we sebitara ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, ägirt uly ulag-üstaşyr kuwwatlyklaryny döwletleriň we halklaryň bähbidine gönükdirýär.

Bu Bitarap, bu bagtyýar Watanda

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzda parahatçylygy, asudalygy üpjün etmek, Watanymyzyň ykdysady we syýasy durnuklylygyny berkitmek, durmuş we medeni özgerişleriň ýagty geljegini kepillendirmek babatynda atalyk aladasy jemgyýetçilik jebisliginiň esasyny emele getirdi. Hukuk döwletiniň aýrylmaz wezipeleriniň biri hem ýurdumyzda gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň, hukuklaryň borçlanmalarynyň ykrar edilmegini we goralmagyny kämilleşdirmek, şeýle hem döwlet belligine almakdan ybarat bolup durýar. Döwlet belligine almak boýunça ygtyýarlyklar adalat edaralarynyň işini düzgünleşdirýän ýörite kanunlarynda öz beýanyny tapýar. Şolaryň biri hem «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bolup durýar. Kanuna laýyklykda, Gozgalmaýan emlägiň bazarynyň emele gelmegine ýardam edilmegi gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň esasy wezipeleriniň biridir.

Aslymyzdan — neslimize

Atababalarymyz öz perzentleriniň süňňi halal, päk ahlakly, adamkärçilikli, Watana wepaly, zähmetsöýer bolup ýetişmekleri barada uly alada edipdirler. Türkmen nusgawy edebiýatymyzyň ägirtleriniň hem döredijiliginiň köp bölegini öwütündew häsiýetli eserler tutýar. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininiň miwesi bolan eserleri hem ýaş nesillere görelde mekdebi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» romany ýaş nesilleri watançylyk, ýokary ahlak kadalary hemde milli ýörelgeler esasynda terbiýelemekde aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Ýaşaýyş menzilleriniň tejribesini, manyly ömrüň paýhas maňyzlaryny özünde jemleýän bu roman halkymyza bagyş edilen durmuş hazynasydyr.

Ýaşlar röwşen geljegimiz

Bedew batly ösüşlere beslenen bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny gorap saklamak, olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Hut şu nukdaýnazardan, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny, çärelerini hem-de tärlerini kesgitlemek maksadynda ýurdumyzda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanunyň hukuk ýörelgeleri esasynda yzygiderli işler amala aşyrylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 8-nji ýanwarynda milli Liderimiziň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy munuň aýdyň mysalydyr.

Adalat ynsanperwerlik ýörelgelerinde rowaçlanýar

(Dowamy. Başlangyjy gazetimiziň 2020-nji ýylyň 52-nji sanynda). Hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen bolan duşuşygynda: «Men adam öz Watanyny beýgeldip we hormatlap, ynsanlyk mertebesini ýokary tutsa, parahatçylygy we dostlugy wasp edip, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi dabaralandyrsa, ine, şol kämillige ýetmegiň ýoly diýip hasaplaýaryn» diýipdi. Durmuş mekdebiniň sapaklaryny doly hem dogry özleşdiren adamlaryň pikirleri, ýörelgeleri, gazanan durmuş tejribeleri arkaly gelen netijeleri birmeňzeş bolýan eken. Ine, Türkmenistanyň Mejlisiniň bilermen-maslahat beriş bölüminiň hukuk meseleleri boýunça bilermen-maslahat berijisi, halypa hukukçy Halykberdi Ataýew hem: «Kämillige ýetmek üçin, ilkinji nobatda, ynsanperwer, hoşniýetli, dostana bolmaly. Şu sypatlar hakyky duýgulara beslenip ýüze çykanda, ynsan gözel hem ynamdar bolýar. Adam ynsanperwer bolanda, hakyky watanperwer bolýandyr. Diňe watanperwerligiň bilen kämillige ýetip bolar. Watanperwerlik ynsana güýç berýär» diýdi.

Hakdan berlen beýik ykbal

1991-nji ýylyň sahawatly gelen altyn güýzi türkmen halkyna Garaşsyzlyk atly uly bagty peşgeş berdi. Şol ýyl ata Watanymyz özini Ýer ýüzünde parahatçylyk söýüjilik syýasaty, adamzadyň abadan durmuşyny üpjün etjek giň gerimli taslamalary bilen tutuş dünýäde asudalygy berkarar etmäge hyzmat etjek özygtyýarly döwlet hökmünde ykrar etdi. 2021-nji ýylda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny tutuş agzybir halkymyz bilen bir başa jebisleşip uly ruhubelentlikde giňden belläris. Hawa, şahyryň aýdyşy ýaly, Garaşsyzlyk Hakdan berlen beýik ykbaldyr türkmene. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy merdana ata-babalarymyzyň päk arzuwlarynyň wysalydyr. Garaşsyzlyk köpasyrlyk milli ruhy gymmatlyklarymyzyň, şeýle hem asylly ynsanperwer dessurlarymyzyň täzeden ýaýbaňlandyrylmagy üçin oňyn şertleri döretdi. Baky Bitarap ýurdumyz özygtyýarly döwlet hökmünde Garaşsyzlygyny berkarar etmekde milletimize gadymy döwürlerden bäri mahsus bolan hakyky demokratik ýörelgelere esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli, oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Bu ýol halkymyzy döwletli-döwrana, rowaçlyga, ýurdumyzyň gülläp ösmegine alyp barýan ýol bolup, eziz diýarymyzyň adyny taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazýar. Bu ýoluň her bir menzili taryhy ähmiýetli, syýasy, ykdysady we medeni ösüşleriň aýdyň hem şöhratly wakalaryna beslendi. Garaşsyzlyk ýyllarynda at

Sanly ulgam — döwrebap mümkinçilikler

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, durmuş-ykdysady ulgamyň ähli ugurlarynyň täze tehnologiýalar esasynda sanly ulgama yzygiderli geçirilmegi babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda «Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti bilen Türkmenistanyň Arbitraž, Aşgabat şäher we welaýat kazyýetleriniň arasynda elektron gatnaşyklar ýola goýuldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň elektron hukuk maglumat binýady we ýöriteleşdirilen elektron hukuk kitaphanasy döredildi.

Baky bagtyýarlygyň bagtly miweleriýetilen belent sepgitlerde we ösüşlerde has aýdyň şöhlelenýär

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasatyndan ugur alyp, parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen Bitaraplyk syýasatynyň ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda, Türkmenistanyň migrasiýa babatdaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, eziz Watanymyzyň howpsuzlygyny we bähbitlerini goramak, Türkmenistanyň migrasiýa babatdaky halkara ylalaşyklaryndan gelip çykýan borçlarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek ýaly wezipeleri ýerine ýetirmegi ýokary derejede alyp barýar. Dünýäniň häzirki zaman ösen tehnologiýasyndan netijeli peýdalanmak, şeýle hem raýatlara döwrebap hyzmatlary bermek maksady bilen, gullukda resminamalaryň elektron dolanyşygy hem giňden ýola goýlandyr. Elektron resminama dolanyşygy hemra aragatnaşyk ulgamy we optiki süýümli kabel arkaly amala aşyrylýar. Hemra aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we gullugyň ähli birlikleriniň arasynda ýokary hilli ýörite aragatnaşyk tory gurnalan.

Bankada gögeren gämikler

Amanguly aga agtygynyň elindäki ýarym litrlik agzy ýapyk bankanyň içindäki akja ösüntgi çykaran çigitleri elindäki çaýly käsesini ýerde goýup, äýnegini geýip, mazaly synlady. Agtygynyň: — Ata, hurmanyň çigitlerini iki gulak gämik bolandan soň, öý gülleri ösdürilýän küýzejige oturdyp, ýazda topraga göçürsem nähili bolar? — diýen soragyny aňynda aýlanyndan soň:

Ýiti respirator keselinden ägä boluň!

Her bir adam öz saglygy barada alada etmekligi derwaýys zatlaryň biri hasaplamalydyr. «Görk agyzdan» diýlişi ýaly, kadaly we peýdaly iýmitlenmek, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak, zähmet bilen dynç almagy utgaşdyrmak hem-de arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek, pasla görä geýinmek, bularyň ählisini gündelik durmuşyňa öwürseň, dürli kesellerden gorar hem-de sagdyn we berk bedenli bolmaga kömek eder. Möwsümleýin döreýän ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin her bir adam daşaryk çykanda, hökman, burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly, agyz-burun örtügini dakynmaly we daş-töwerekdäki adamlar bilen 2 metrden az bolmadyk howpsuz araçägi saklamaly. Şahsy arassaçylyk talaplaryny berk berjaý etmeli, elmydama ellerini arassa saklamaly, sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwmaly we zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly.

Yhlas

Öz ukybyna göz ýetirip, ony ösdürmegiň, paýhasyňy ýiteltmegiň ugrunda gezýän adamlar — hakyky bagtly we durmuşda öz ornuny tapyp, göz öňüne getirýän ykbalyna eýe bolup bilýän adamlardyr. Şeýle bir rowaýat bar. «Bir wagtlar Ýer ýüzünüň ähli ynsanlary örän güýçli, keramatly bolupdyrlar. Emma adamlaryň arasynda öz güýjüni, keramatyny hyýanatly peýdalanýanlary köpelip başlapdyr. Şonda Gudraty Güýçli adamlary adatdan daşary güýçden mahrum edip, ony elýetmez bir ýerde gizläp goýmagy makul bilýär. Şonda perişdeler: «Belki ummanyň iň çuň ýerinde goýarsyňyz» diýip maslahat berýärler, ýöne ol: «Günleriň birinde adam ummanyň iň çuň ýerine-de aralaşar» diýip, bu pikiri makullamandyr. Şondan soň ýene-de köp dürli pikirler aýdylypdyr, ýöne olaryň hiç biri göwnejaý bolmandyr. Ahyrsoňy: «Keramatly güýji adamyň özünde goýalyň, adam ol güýji hiç wagt özündedir diýip pikir etmez» diýen netijä gelipdir. Rowaýatda diýiljek bolunýan zat — adam öz başarnygyny, güýjüni irginsiz zähmeti, paýhasly hereketi bilen tapyp biler. Diňe yhlasly zähmet adama öz başarnyklaryna, güýç-kuwwatyna göz ýetirmäge kömek berip biler. Bu ajaýyp dünýäde kän işleri ýerine ýetirip bileris. Etmeli işlerimizi paýhas eleginden geçirip, oňat seljersek, ony durmuşa geçirmek islesek hem-de yhlasly zähmet çeksek, şol maksadymyza ýetip bileris.

Aýdym bilen adyganlar

Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa» atly kitaplary türkmen aýdym-saz sungatyny döwrebap derejede öwrenmäge giň mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz kitaplarynda bu sungatyň halypa-şägirtlik ýoluny hem inçelik bilen yzarlaýar we onuň ähmiýetini nygtaýar. Gahryman Arkadagymyz müň keren mamla. Halypa-şägirtlik ýoly arkaly türkmen aýdym-sazlary halypadan şägirde, atadan ogla, asyrdan asyra geçip gelipdir. Mary welaýatynyň Pendi topragynda ýaşan Akmyrat bagşy, Akmyrat bagşynyň ogullary Gurban, Amansähet öz döwrüniň ussat bagşy-sazandalarydyr. Doganlar Gurban bilen Amansähediň aýdym-saza ezberligi olaryň meşhurlyk örüsini giňeldipdir. Şonuň üçin doganlar Pendi ýaýlasyndan Mary welaýatynyň ähli çäginde tanalyp ugrapdyrlar. Soň-soňlar Ahal sebitlerinde, Balkanda, Daşoguzdyr Lebapda tanalypdyr.

Parahatçylygyň goragynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni zähmet üstünliklerine, şanly wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 6-njy ýanwarda geçiren täze ýylyň ilkinji Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi hem muny doly aýan etdi. Mejlisde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçen 2020-nji ýylda amala aşyran işleriniň netijeleri jemlenilip, ýakyn geljek üçin wezipeler kesgitlendi.

Halkara gatnaşyklaryň hukuk binýady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň agza döwletleriniň goldamagy esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi halkymyzyň buýsanjydyr, bagtyýarlygynyň, döwletliliginiň aýdyň nyşanydyr, halkara ähmiýetli möhüm taryhy wakadyr. Adamzat ýaşaýşynyň parahatçylyga, ynanyşmaga, goraga, howpsuzlyga bolan zerurlygy hemmelere mälim hakykatdyr. Parahatçylygy, howpsuzlygy, adamlaryň abadan ýaşaýşyny syýasy diplomatik, durmuş-ykdysady, hukuk, ruhy-ahlak, medeni usullar bilen gazanyp bolýandygyny Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ösüş arkaly parahatçylyk tejribesi tassyklady. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda möhüm halkara-hukuk guraly bolmagy, Bitaraplygyň mazmunynyň baýlaşmagy, onuň ösüş ykbaly milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň netijeliligi bilen baglanyşyklydyr.

Döwre buýsanç - zähmete hyjuw

Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde «Sagdyn durmuş ýörelgelerini we ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek — kanun bozulmalarynyň öňüni almak» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň işgäri, polisiýanyň kapitany Döwran Amanmyradow, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Jenaýat agtaryş müdirliginiň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory Guwanç Weliýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri, polisiýanyň kapitany Daýanç Durdyýew, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň lukmany Ata Boppyýew dagy çykyş etdi. Çärede ulag dolandyrýan ähli sürüjilere we pyýadalara ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, köpçülik ýerlerinde, işde, okuwda arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, lukmanlaryň berýän maslahatlaryny dogry ýerine ýetirmek we zyýanly endiklerden daşda durmak barada nygtalyp geçildi. Çäräniň ahyrynda halkymyzyň sagdyn, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin bimöçber aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak we işleriniň elmydama rowaç bolmagy arzuw edildi.

Milli kanunçylygymyzyň ösüşiniň şanly sahypalary

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda gazanylan üstünlikleriň hatarynda ýurdumyzyň hukuk ulgamynyň ösüşi hem aýdyň şöhlelenýär. 2020-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen kanunçylyk namalarynda döwletimiziň demokratik esaslaryny pugtalandyrýan, bazar gatnaşyklary hem-de ynsanperwerligi dabaralandyrýan kämil kadalar öz beýanyny tapdy. Jemgyýetimiziň barha ösýän durmuşy milli hukuk ulgamynyň hemişe kämilleşdirilip durulmagyny talap edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzda täze kanunlaryň kabul edilmegi bilen demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan Türkmenistanyň hukuk ulgamy barha berkeýär. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň kabul edýän kanunlarydyr kodeksleri hem tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan kanunçylyk-hukuk özgertmeleriniň çäklerinde işlenilip taýýarlanan täze kanunlaryň we hukuk namalaryň mazmuny, gurluşy, döwrebaplygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan, milli däp-dessurlarymyzdan ugur alýandygy bilen tapawutlanýar. Milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi bilen bagly döwlet dolandyryşyny, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmek babatda ençeme kanunlar hem-de dürli kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi.

Geňeşli salamat bolar

Parasatly ata-babalarymyzyň «Geňeşli salamat bolar», «Geňeşli ýerde kemlik ýok» diýen dana sözleri adamzadyň kämil ösüşiniň, ynsan ýaşaýşynyň ýörelgelerine bagly bolýandygyny görkezýär. Olaryň birinjisi, halk köpçüligi bilen sala salyşmak, beýlekisi bolsa halk wekilleri bilen geňeşmek we maslahatlaşmak ýörelgeleridir. Pederlerimiziň taryhy geçmişi, halka geňeşmek ýaly asylly durmuş ýörelgesiniň, adamzat kämilliginiň ruhy sütüniniň biri bolandygyny anyk ykrar edýär. 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde milli Liderimiziň Watanymyzyň milli parlamentini hil taýdan täze, iki palataly gurluşda döretmek hakyndaky ündewi taryhy çykyşyň düýp manysy boldy. Şeýle taglymat derejesindäki tagalladan ugur alnyp, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Kanunyň ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasy bolan, Türkmenistanyň Halk Maslahaty bilen baglanyşykly 61-njy maddasy aýrylýar. Bu bolsa Halk Maslahaty babatyndaky syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik we medeni derejäniň has-da ýokary, ýagny halk bilen döwletiň arasyndaky gatnaşygyň jebis we ysnyşykly derejä eýe bolandygyndan mysaldyr. Hut şeýle bolansoň, Esasy Kanunymyzyň 66-njy maddasyndaky «Mejlisi» diýen söz, «Milli Geňeşi (Halk Maslahaty we Mej

Parahatçylygyň ýoly bilen

Türkmenistanyň Mejlisiniň — 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek hakynda karar kabul etmegi halkymyzyň ruhuny joşdurdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň milli gymmatlyk hem-de ýörelge derejesinde durmuşymyza ornaşmagydyr. Ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Nýu-Ýork şäherinden ýurdumyza hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň jemleýji resminamasynyň BMG-niň alty resmi dilinde çap edilendigi hem-de agza döwletleriň arasynda resmi taýdan ýaýradylandygy barada hoş habaryň gelip gowuşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Dünýä içre adyň belent

Adamyň ruhy ahwaly bilen ýürek tarynyň tirpildisi mylaýym sazy emele getirýär. Şol mylaýym sazy kalby bilen duýup, ýaşap bilýän ynsana — bagtly ynsan diýilýär. Şol bagtly ynsan biziň ýurdumyzda ýaşaýan adamlar diýsegem, ýalňyşmarys. Sebäbi Arkadag Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan özgerişleriň keşbi, türkmen ykbalynyň belentliklere göterilmegi baradaky ajaýyp aýdym bolup kalplara dolýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Göteriler ol ykbaly türkmeniň» diýilýän döwri, megerem, şu biziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüdir. Çünki halkyň arzuwlarynyň wysaly şu bagtyýar zamanada jemlenendir. Biz muny türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri, döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň ýörelgelerinde aýdyň duýýarys.