"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Içerki zähmet düzgün-tertip kadalary

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 160-njy maddasy kärhanada zähmet tertibiniň içerki zähmet düzgün-tertip kadalary bilen kesgitlenilýändigini kanun taýdan berkidýär. Agzalan Kodeksiň 10-njy maddasyna laýyklykda, zähmet gatnaşyklary diýlip, kärhananyň içerki zähmet düzgün-tertip kadalaryna işgäriň tabyn bolmagyna esaslanan gatnaşyklara hem düşünilýär. Kodeksiň 13-nji maddasyna laýyklykda, işgäriň kärhananyň içerki zähmet düzgün-tertip kadalaryny berjaý etmäge borçludygy, 26-njy maddasyna laýyklykda, iş berijiniň işgäri işe kabul edende, içerki zähmet düzgün-tertibini kadalaşdyrýan resminamalar bilen tanyşdyrmaga borçludygy bellenilýär. Her bir kärhanada resmi içerki zähmet düzgün-tertip kadalarynyň bolmagy hökmanydyr. Munuň özi jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň okgunly özgerýän, ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçirilýän we diwersifikasiýalaşdyrylýan häzirki döwründe her bir işiň hukuk binýadynyň mäkäm tutulmagynyň zerurlygy bilen hem şertlendirilýär. Kärhananyň içerki zähmet düzgün-tertip kadalary, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 10-njy bölüminiň kadalaryna görä, şol Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, işgärleri işe kabul etmegiň we işden boşatmagyň tertibini, zähmet şertnamasynyň taraplarynyň esasy hukuklaryny, borçlaryny we jogapkärçiligini, iş düzgünini, dynç alyş wagtyny, işgärlere ulanylýan höweslendiriş we temmi çärelerini, şeýle he

Ýol abat — il abat

Eziz diýarymyzda ýokary tehnologiýalar ornaşdyrylan täze ýollaryň gurulmagy, öňden bar bolan ýollaryň durkunyň täzelenmegi Watanymyzyň görküne görk goşýar. Halkymyza ajap döwri peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň beýik tagallalarynyň netijesinde, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýylsaýyn gowulanýar. Döwletimizde we şahsy hojalyklarda ulanylýan ýük hem-de ýeňil awtoulaglaryň sany barha artýar. Şonuň üçin her gün ýola çykan sürüjileriň-de, pyýadalaryň-da ýollarymyzyň hadysasyz bolmagy üçin köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry bilmegi gerekdir. Sürüji bolmak, pyýada ýolagçy bolmak — bularyň ikisem örän jogapkärli işdir. Ýoldaky howpsuzlyk ýolagçylaryň we sürüjileriň edýän umumy tagallalaryna baglydyr. Kähalatlarda ýol hereketiniň düzgünlerini bilmezligi ýa-da bilse-de, olara äsgermezçilikli garamagy netijesinde, ýol-ulag hadysasynyň günäkäri pyýada ýolagçynyň özi bolýar. Ýol hereketiniň düzgünleri çagalykdan öwredilýär. Esasy düzgün bolsa, ýoldan geçende, ýoluň garşylyklaýyn tarapyna seretmekdir. Bu düzgüni her bir pyýada ýolagçy berjaý etse, onda ýol hadysalarynyň ep-esli derejede azalmagyna özüniň uly mümkinçiligini berýär. Häzirki wagtda mekdeplerimizde ýol hereketiniň kadalaryny doly we dogry berjaý etmek boýunça bäsleşikler, wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Arkadag hem Watan (oda)

Halk üçin bagt bolup dörän Howandar, Kalplaryň çyragy, nury-röwşi Siz. Edermen, gaýratly, merdem, rehimdar, Köňülleň soltany, ýürek nagşy Siz. Russiýa, Hytaý, ABŞ, Hindistan, Eýran...Fransiýa, Italiýa...düşdi nazarňyz.Beýik işlerňize giň dünýä haýran,Hak halatly, ugrunadyr edenňiz.

Saglyk ýoly

Durmuşyň manysy — saglyk,Altyn täç ol, bilseň başa. Gurat bedendir baş baýlyk,Lezzetdir goja hem ýaşa.Yzany duýmasa ynsan,Kalby rahat bor hemişe.Ýaşar gülüp hem çekip jan,Okgunly bor her bir işe.Lukman indi öňki ýaly,Ylganok hiç öýden-öýe.Sebäp diýseň Saglyk ýoly,Adamlara boldy söýe.Gurbat-güýji däldir çeniň,Laýyk bilseň saglyk ýolun.Ylgap ýa ýöräp geçeniň,Kän uzaldar ömür salyn.Ýöreseň goýman kemini,On menzil getirmez derdi.Lukmansyz derdiň emini —Ynha, Saglyk ýoly berdi!

Ýeňişleriň hemde şöhratly ösüşleriň mekanynda

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ähli durmuş düzümlerini sazlaşykly ösdürýän beýik başlangyçlary we durmuşa geçirýän işleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň her gününi şanly wakalara, uly üstünlikleriň baýramyna besleýär. Şu ýylyň 10njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň 2018nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda eýe bolan ýokary sylagyny gowşurmak mynasybetli guralan dabara hem bu babatdaky aýdyň beýandyr. Türkmen türgeniniň dünýäde gazanan uly üstünligi mynasybetli guralan bu dabara hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna hemde paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň baýramyna bagyşlanan möhüm wakalary mynasyp mazmun bilen bezedi. Munuň özi Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň täze Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen hem sazlaşykly utgaşýar. Bu barada dünýäniň habar beriş serişdelerindede öwranöwran nygtalýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde eden çykyşy

(2021-nji ýylyň 4-nji marty) Hormatly jenap Başlyk!

Döwre buýsanç - zähmete hyjuw

Wepa AMANOW,Daşoguz welaýat kazyýetiniň kazysy: — Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyz sebitiň we kontinentiň möhüm ulag-logistika merkezine öwrüldi. Gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň we çig mal serişdeleriniň ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek we gaýtadan işlemek, şeýle hem ýokary goşmaça binýady bolan taýýar önümleri öndürmek milli ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi maýa goýumlaryny çekmek, kärhanalary hasaba alyş ulgamyny kämilleşdirmek, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän, iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen bilelikdäki kärhanalary döretmegi höweslendirmek, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly hukuk şertlerini döretmek zerurlygyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýuridik şahslaryň döwlet tarapyndan bellige alnyşyny döwrebap ýagdaýa getirmek maksady bilen, «Ýuridik şahslary döwlet tarapyndan bellige almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak barada parasatly tekliplerini berdi.

Özgertmelerimiziň hukuk esaslary

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinden başlap, Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda il bähbitli, ýurt ähmiýetli alnyp barylýan döwlet syýasaty taryhyň gatlaryna öçmejek altyn harplar bilen ýazylýar. 25-nji fewralda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen geçiren duşuşygynda döwlet ähmiýetli işleriň birnäçesine badalga berildi. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklanyldy. Türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanun çykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident maksatnamasynda göz öňünde tutulan özgertmeleriň hukuk esaslaryny döretmegiň, bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulmaga gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegiň we hereket edýän kanunlary kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. Durmuşyň ähli ugurlaryna, şol sanda ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek ulgamyna-da aýratyn üns çekildi. Bu ugurda milli kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek, hususan-da, ýuridik şahslaryň döwlet tarapyndan bellige alnyşyny döwrebap ýagdaýa getirmek üçin «Ýuridiki şahslary döwlet tarapyndan bellige almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň taýýarlanylmagynyň zerurdygy bellenildi. Bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi bolsa halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etme

Garaşsyzlyga buýsanç — kalba ganat

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen badalga alan 2021-nji ýylymyzda her bir gün hoş habarlaryň buşlukçysy bolup dogýar. Şanly wakalara beslenjek bu ýylymyzda halkymyz ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, mermer paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk toýuny uludan toýlar. Ýylyň başyndan bäri ähli ugurlarda bu şanly toýlara giňden taýýarlyk görlüp, dürli mazmundaky çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Her bir ulgamda gazanylýan üstünlikler medeniýetiň, sungatyň üsti bilen dünýä ýaýylýar. Döredijiligiň dürli ugurlaryndaky sungat eserlerde döwrümiziň ýeten beýik derejeleriniň waspy belentden ýetirilýär. Ählitaraplaýyn sazlaşykly ösýän eziz diýarymyzyň tarypy milli sungatymyzda döwrebap şöhlelendirilýär. Ýaş zehinlerimiziň ylham joşgunyndan döreýän sungat eserlerde döwlet Garaşsyzlygymyza bolan buýsanç göwünlere ganat berýär. Olaryň çaga kalplaryndaky Watan mukaddesligi düşünjesiniň döredijiligiň üsti bilen beýan edilmegi daş-töweregimizi gurşap duran gözellikleriň döredýän ylham joşgunyny görkezýär. Muňa diňe bir paýtagtymyzyň mysalynda hem göz ýetirmek kyn däl. Ýurdumyzyň ýüregi Aşgabadyň merkezinde taryhy şahsyýetlerimiziň şeýle-de döwürdeş ýazyjy-şahyrlarymyzyň hormatyna gurlup, ulanylmaga berlen «Ylham» seýilgähi, Watanymyzyň asuda durmuşy üçin gahrymançylykly ýol geçen beýik şahsyýetlerimiziň edermenligini ebedileşdirýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy ýaşl

Saýlawlar —demokratiýanyň kämil instituty

Şu ýylyň 28-nji martynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly esas bolan demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Döwletimizde saýlawlaryň geçirilmegini taýýarlaýan we üpjün edýän gurluşlar bolup, saýlaw toparlary çykyş edýär. Şonuň bilen birlikde saýlawlaryň ýokary derejede geçirilmegine wekilçilikli edaralar, jemgyýetçilik guramalary we birleşikleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, hukuk tertibini üpjün edýän degişli döwlet edaralary ýakyndan ýardam berýärler.

Ýaşlar — Watanymyzyň daýanjy

Ýurdumyzda ýaş nesle bilim bermek, olaryň döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmak, ýaşlaryň saýlap alan hünärlerine eýe bolmaklary, ylym bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleri döretmek bilen bagly meselelere aýratyn uly üns berilýär. Döwlet ýaşlar syýasaty şol möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilip, ol ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamagyň, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň kepili bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmak, olary sanly ulgama geçmek boýunça geçirilýän işlere giňden çekmek, zähmete wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen, 2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz resminama gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy maksatlarynyň hatarynda ýaşlaryň konstitusion, durmuş-ykdysady hukuklarynyň we azatlyklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň we borçlarynyň ähmiýeti barada düşünjelerini artdyrmak; ýaşlaryň döwletiň we jemgyýet

Erkana durmuşyň eşreti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek hem-de ýurdumyzyň çalt depgin bilen ösdürilmegine ýardam berjek täze kanunlary kabul etmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belleýär. Şeýle hem milli Liderimiz geljekde-de jemgyýetimizde demokratiýany ösdürmek, kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak boýunça netijeli işleriň alnyp barylmalydygyny, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ykdysadyýeti, senagat pudaklaryny, ylmy, bilimi we medeniýeti ösdürmek bilen bagly meseleleriň çözülmelidigini aýratyn nygtaýar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda şeýle belleýär: «Eger-de milletiň erkana we özerkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana parahat ýaýnaýşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, çeper dil bilen aýtsam, Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!». Diýmek, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» bolan 2021-nji ýylda Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň bütin dünýä ýaň saljak 30 ýyllyk dabaralary, geçen ýyl halkara derejesinde giňden bellenilen baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk dabaralarynyň mynasyp dowamyna öwrülip, bu iki senäniň taryhy wakalary biri-biri bilen ajaýyp sazlaşyp, Ýer ýüzüne ýaýylar.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ösüşiň milli ýolunda

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen döredilen türkmen ykdysadyýetiniň özboluşly milli modeli ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, önümçilige iň öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýurtda syýasy durnuklylygy üpjün etmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, durnukly ykdysady ösüşi gazanmak ýaly ugurlara daýanýar. Ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak, bazaryň alamatlaryny we döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini utgaşdyrmak milli Liderimiziň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlary bolup durýar. Döwrüň belentliklerini nazarlap, öňe barýan ata Watanymyzyň her bir güni bize ajaýyp pursatlary, taryhy wakalary bagyşlaýar. Il-gününiň agzybirligini, halkynyň abadanlygyny baş maksat edinýän Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, berkarar Watanymyz gülläp ösýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýär.

Döwletliligiň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyz dünýä okyjylar jemgyýetine «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseri sowgat etmek bilen, zenanlara sarpa goýmagyň belent nusgasyny görkezdi. Çünki hormatly Prezidentimiziň gyz-gelinlere goýýan sarpasy, bimöçber tagallasy netijesinde mähremligiň, gözelligiň, eli çeperligiň, päkizeligiň, edep-ekramyň ajaýyp nusgasy bolan türkmen eneleri, zenanlary eşretli zamanamyzyň hözirini görüp ýaşaýarlar. Maşgala — her ynsanyň dünýäde iň eziz görüp, mukaddes hasaplaýan öý-ojagy. Maşgalada agzybir bolup, asudalykda, bilelikde ýaşamak her bir adamyň esasy arzuwy bolup, şeýle maşgalalar halk içinde «Döwletli, sylanýan maşgala», «Bagtly maşgala» diýlip atlandyrylýar. Maşgala agzalarynyň ulyny uly hökmünde hormatlap, kiçini kiçi ýerinde sylamagy — maşgalanyň iň gymmatly baýlygy. Maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowy bolmagy, ýurduň ösüş depginine oňaýly täsir edýär.

Bitaraplygymyzyň ähmiýeti barha artýar

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwründen bäri Bitaraplygyň esas goýujy ýörelgelerine daýanyp, hoşniýetli goňşuçylygyň, parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna gazanylan üstünlikler, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne çuň mazmun bilen baýlaşýar. Şu geçen döwrüň içinde parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk döwletimiziň daşary syýasatynyň düýp özeni bolup gelýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan şeýle hukuk ýagdaýy berlen ilkinji döwlet bolmak bilen, halkara hukugyna laýyklykda, gelip çykyşy boýunça hemişelikdir, mazmuny boýunça oňyndyr, ýagny munuň özi döwletiň parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde, ýurtlaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde işjeň orny eýeleýändigini görkezýär. Hormatly Prezidentimiz: «Hemişelik oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar» diýip, parasatlylyk bilen belläp geçýär.

Aşgabat

Ak ertirleň nura meňzeş, gijelerňe saz gelişer,Uçmahdan paýly goýnuňa pasly bahar-ýaz gelişer,Gülleriň roýuna hoşluk, bilbile perwaz gelişer,Peripisint gözellerňe jilwe bilen näz gelişer,Asyryň husny-jemaly, joşgun-heseri, Aşgabat,Arkadagyň dünýä dolan kämil eseri, Aşgabat! Toý-baýramy daglar aşar, Ýer ýüzünden geler bagşy,Munda medeniýetler duşar, saz-söhbetler joşar ýagşy,Watan — deňli-derejeli döwletleriň köňül nagşy,Döwlet üste döwlet goşar halkyň tämiz aň-garaýşy,Asyryň husny-jemaly, joşgun-heseri, Aşgabat,Arkadagyň dünýä dolan kämil eseri, Aşgabat!

Aşgabat — beýik medeniýetiň ojagy

Gahryman Arkadagymyz Watanymyzyň ýüregi bolan Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň häkimliginde geçiren maslahatynda taryhymyzyň şanly sahypalary baradaky maglumatlary halkymyza yzygiderli ýetirip durmagy ündedi. Taryha baý Watanymyzyň şöhratly geçmişini öwrenmegiň, parasatly pederlerimiziň watanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolmagyň ýaş nesillerimiz üçin aýratyn terbiýeçilik we ýokary watançylyk ähmiýetiniň boljakdygy ikuçsuzdyr. Taryhçy Ö.Gündogdyýewiň «Aşgabat — keramatly Ärsagyň şäheri» atly kitabynda ýazyşy ýaly, Watanymyzyň daýanjy bolan Aşgabat müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň umumy taryhy üçin ähmiýetli wakalaryň amala aşan mekany bolup geldi. Paýtagtymyz we onuň töweregindäki gadymy obalarda ekerançylyk, maldarçylyk tejribeleri kemala gelipdir, binagärlik, ylym-bilim, medeniýet we sungat babatdaky ösüşleri tutuş sebitiň özgermegine, goňşy halklaryň medeni aň-bilim kämilligine täsir edipdir. Aşgabadyň gadymy Oguz türkmen döwletiniň, kuwwatly Parfiýanyň, Beýik seljuklar şadöwletiniň merkezi paýtagt şäherleriniň biri hökmünde taryhyň baş sahnasynda mynasyp orun eýeländigi hem-de onda asyrlara ýaň salan medeni galkynyşlaryň amala aşandygy munuň şeýledigini doly tassyklaýar. Hatda eziz Watanymyzyň taryhynyň iň çylşyrymly asyrlarynda hem Aşgabat özüniň tebigy gözellikleri, bol suwy we rysgal-berekede beslenen topragynda ýetişdirilen

Gözegçiliksiz otdan ägä boluň!

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýurdumyzdaky ähli önümçilik senagat kärhanalarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý ediliş tertibini kesgitleýän gaýragoýulmasyz çäreleri ýatladýar. Edaradyr kärhanalarda, ilkinji nobatda, ýangyn howpsuzlyk çäreleri babatynda gözükdirmeler bölümleriň, gurluşlaryň, ammarlaryň, barlaghanalaryň ýolbaşçylary tarapyndan işlenip taýýarlanylmaly, baş inžener tarapyndan tassyklanylmaly. Agzalan gözükdirmä çig malyň, taýýar önümiň, önümçiligiň alnyp barlyşyna gönükdirilen howpsuzlyk çäreleri, aýratyn önümçilik tilsimatlary üçin ýangynyň öňüni alyp biljek ýörite çäreler, tilsimat enjamlaýyn ulgamyny togtatmagyňdyr ýangyn howpsuzlyk bölümleri çagyrmagyň düzgünleri, çilim çekmek, açyk ot ulanmak gadagan edilen ýerler barada maglumatlar, ýangyn hadysasy dörän halatynda, işçidir gullukçylaryň borçlary, ýangyn söndüriji serişdeleri herekete getirmegiň usullary, maddalarydyr materiallary saklamagyň tertipleridir kadalary, şeýle-de olaryň ýangyn, partlama howply häsiýetnamalary barada maglumatlar hökmany girizilmelidir.

Saglyk — esasy baýlyk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň saglygyny has-da gowulandyrmak, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Häzirki döwürde ata Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak sagdynlygyň hem-de bagtyýarlygyň gözbaşyna öwrüldi. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasyny düzýär. Ähli bilim edaralarynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, dürli sport ýaryşlary, maslahatlar, bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Şonuň ýaly-da, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda zyýanly endikleriň öňüni almak, bedeni berkitmegiň usullaryny, öz-özüňe erk etmegi öwretmek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga ugrukdyrmak boýunça degişli wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bilim edaralarynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek işleri giňden alnyp barylýar. Bu bol

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda eden çykyşy

(Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 25-nji fewraly) Hormatly deputatlar!