Saglyk — esasy baýlyk

11 Mart 2021
1135

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň saglygyny has-da gowulandyrmak, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Häzirki döwürde ata Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak sagdynlygyň hem-de bagtyýarlygyň gözbaşyna öwrüldi. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasyny düzýär. Ähli bilim edaralarynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, dürli sport ýaryşlary, maslahatlar, bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Şonuň ýaly-da, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda zyýanly endikleriň öňüni almak, bedeni berkitmegiň usullaryny, öz-özüňe erk etmegi öwretmek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga ugrukdyrmak boýunça degişli wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bilim edaralarynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek işleri giňden alnyp barylýar. Bu bolsa ilatyň saglygyny goramaga we berkitmäge, ömür dowamlylygyny uzaltmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda adamyň sagdyn we netijeli zähmet çekmäge ukyply bolmagy üçin döwlet derejesinde alada edilýär.

Geldimyrat SAÝYPOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby-lukmançylyk fakultetiniň mugallymy, lukmançylyk gullugynyň maýory.