"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Terbiýäniň gözbaşy

Her bir halkyň öz milli häsiýetine gabat gelýän edep-ekram kadalary bar. Alym Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde türkmen halkynyň ahlaklylygynyň milli nusgalaryna, baý mirasyna göz ýetirýäris. Öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli ruhy gymmatlyklarymyzyň arasynda türkmen halkyny dünýä tanadan onuň özboluşly milli edepliligidir. XIX asyryň 60-njy ýyllarynda Türkmenistana gelen wenger alymy A.Wamberiniň ýazgylarynda: «Olaryň her bir hereketini gadymdan höküm sürüp gelýän, göze görünmeýän, emma özüniň bardygyny ykrar etdirýän «edep» diýen düşünje ugrukdyrýar» diýlip bellenilmegi hem muny aýdyň tassyklaýar. Kämilleşip, sungat derejesine ýetirilen bu milli edep häzirki döwür üçin hem, geljek üçin hem ähmiýetini ýitirmeýär. Türkmen edebini ata ogla, ene gyza öwredip, asyrdan asyra geçirip, şu günlere alyp gelipdir.

Adamzat kalbynyň şahyry

Gadymy hem müdimi türkmeniň taryhynda öçmejek yz galdyran nusgawy şahyrlarymyza Arkadagly eýýamymyzda uly sarpa goýulýar. Olar bilen baglanyşykly şanly seneler döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Karara gol çekmegi ähli türkmen halkymyz üçin buýsançly wakadyr. Bu gün aýratyn bellenilmeli zatlaryň biri-de, dana hem merdana halkymyzyň watançylyk terbiýesiniň many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylyp dowam etdirilýändigidir, mertleriň mertebesiniň barha beýgelýändigidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, mertleriň Watany, Watanyň bolsa mertleri beýgeldýän döwrüdir. Ýurduň goragy, halkyň asuda, abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hemişe we ilkinji nobatda, il-günüň agzybirligine, jemgyýetiň jebisligine, pähim-parasatly, adyl-adalatly döwlet Baştutanyna, Watany goraýan mertlere baglydyr.

Ot babatda örän seresap boluň!

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň binalarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berk berjaý edilmegi üçin aşakdakylary ýatladýarys: Hassahanalaryň ýangyn howpsuzlygyna jogapkär işgärler her gün näsaglaryň ýatylýan otaglaryny jikme-jik gözden geçirmelidirler. Köp gatly hassahanalarda çagalar we agyr keselli näsaglar jaýyň birinji gatynda ýerleşdirilse, talabalaýyk bolar. Näsaglaryň ýatylýan otaglarynda ütük, elektrik gyzdyryjy we gaz enjamlaryny ulanmaga ýol berilmeli däldir. Hassahanalarda ulanylýan kislorod ballonlary hassalaryň bolýan jaýlaryndan uzaklykda, ýörite jaýlarda berk gözegçilikde saklanmalydyr. Hassahanalaryň ýolbaşçylary tarapyndan işgärleriň ilkinji ýangyn söndüriji serişdelerini ulanmagyň düzgünlerini bilişleri boýunça barlaglar geçirilip durulmalydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

(2021-nji ýylyň 12-nji fewraly) Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!Hormatly adamlar!

Demokratik saýlawlaryň hukuk esaslary

Eziz diýarymyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan hukuk özgertmelerinde döwletiň, jemgyýetiň we şahsyýetiň deňagramly we sazlaşykly ösüşini üpjün etmek üçin ähli şertler döredilýär. Döwletimizde emele gelýän raýat jemgyýetiniň esasy alamatlarynyň biri bolan saýlaw ulgamynyň kämilleşdirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. 2020-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparynda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Barha rowaçlanýan daşary syýasat

Türkmenistan döwletimiz daşary syýasatda taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak wakalara beslenýär. Şol taryhy wakalar ýurdumyzyň ösüşiniň saýlanyp alnan, kesgitlenilen syýasy, durmuş-ykdysady we daşary syýasat ugrunyň parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýandygynyň netijesidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwlet gurluşynyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanýar. Ol taryhy taýdan gysga döwrüň içinde dünýä giňişliginde belent abraýa mynasyp bolup, sazlaşykly ösýän ykdysadyýeti bolan döwletleriň hataryna girdi. Türkmenistan özüni dünýäde bagt hem eşret, dostluk hem bagtyýarlyk höküm sürýän ýurt, ähli döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýan döwlet hökmünde tanatdy. Munuň aňyrsynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ýurduň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösdürilmegini hem-de onuň dünýä bileleşigindäki ornunyň barha ýokarlanmagyny üpjün edýändigi baradaky hakykat bar. Çünki hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy özeni bolmak bilen, ýurdumyzyň ösmegi we özgermegi üçin oňyn sebit hem-de halkara şertlerini döredýändir. Hemişelik Bitaraplyk bähbitleri utgaşdyryjy, howpsuzlygy üpjün ediji, hoşniýetli gatnaşyklara we ösüşlere bolan islegleri jebisleşdiriji halkara huku

«Altyn kölüň» kenarynda

Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçiren giňişleýin mejlisinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän «Altyn kölüň» kenarynda häzirki zaman dynç alyş zolagyny döretmek, bu ýerde ekologiýa şertlerini has-da gowulandyrmak, kölüň kenaryny şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly ýerleriň birine öwürmek maksady bilen, 2021 — 2024-nji ýyllarda dynç alyş zolagyny gurmak hakynda Karara gol çekmegi aýratyn guwandyryjydyr. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşen «Altyn kölüň» kenarynda geçen ýyl ähli amatlyklary bolan häzirki zaman dynç alyş düzüminiň kemala gelendigi taryhy hakykatdyr.

Sanly ulgamyň ösüşi

Hormatly Prezidentimiz 12-nji fewralda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi ýakyn geljegiň bu ugurdaky anyk wezipelerini kesgitledi. Ýeri gelende bellesek, ilatyň sanly aragatnaşyk ulgamynyň Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen tassyklanylan «Kiberhowpsuzlyk boýunça döwlet topary hakynda» Düzgünnama laýyklykda, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamasyndan we ony ýerine ýetirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen, harby we hukuk goraýjy edaralar hem-de degişli beýleki döwlet edaralary tarapyndan möhüm işler durmuşa geçirilýär.

Ekologiýa özgertmeleri

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň daşky gurşawy goramak we onuň abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly syýasaty jemgyýetiň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, Karara gol çekmegi ildeşlerimiziň göwün guşuny ganatlandyrdy. Karara laýyklykda, ýurdumyzda 2021-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň, şol sanda ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine 10 million düýp nahalyň, welaýatlaryň häkimliklerine 20 million düýp nahalyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Miweli bag we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmek babatda wajyp wezipeler kesgitlenildi.

Kämil kanunçylyk esasy — dogry netije

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli möhüm resminamalaryň birnäçesi kabul edildi. Şeýle resminamalaryň biri hem «Himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak hakyndaky» Karardyr. Himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda işi amala aşyrmak üçin ygtyýarnama üç ýyl möhlete berilýär. Bu möhlet Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda azaldylyp bilner, ýöne ol bir ýyldan az bolmaly däldir.

Päk zähmetiň höziri

Adamzat taryhyna we medeniýetine saldamly goşant goşan türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýar. Bu gün ýaşyl Tugy al-asmanda parlaýan Garaşsyz döwletimiz hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde pajarlap ösýär, ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar. Şeýle abadan, asuda durmuşda ýaşaýan halkymyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda uly-uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Ýurdumyzda halal zähmet çekeniň hemişe sarpasy belent tutulýar. Gahryman Arkadagymyz zähmetsöýerligiň nusgalyk göreldesini görkezýän ildeşlerimiziň armasyny yzygiderli ýetirip, olara özüniň Şa serpaýlaryny ýapýar. Geçen hepdäniň anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary bilen, Daşoguz welaýatynyň, S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň 2020-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň, etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edilmegi hem-de S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň häkimliginiň 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanylmagy etrabyň ýaşaýjylary we bütin halkymyz üçin ýatdan çykmajak taryhy waka boldy. Munuň özi dana halkymyzda «Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýlişi ýaly, ähli watandaşlarymyzy

Hasyl bolan arzuwlar

Garaşsyzlygyň 30 ýylynyň içinde adam hukuklaryny berjaý etmekde Türkmenistan oňyn tejribe toplady. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasaty esasynda, ata-babalarymyzdan gelýän hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, ýurdumyzda hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek boýunça dowamly işler alnyp barylýar. Raýatlygy bolmadyk adamlaryň müňlerçesiniň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatynda adam baradaky aladalaryň ilkinji orunda durýandygyny äşgär edýär. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň hem maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkemegi, işgärlerimiz üçin döwrebap şertleriň döredilmegi, her bir harby gullukçynyň hukuk we durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegi, raýatlarymyza ýokary hilli migrasiýa hyzmatlarynyň berilmegi üçin kämil, döwrebap tehniki enjamlaryň ornaşdyrylmagy biziň işe bolan hyjuwymyzy artdyrýar we harby gulluga bolan borçlarymyzy has-da ýokarlandyrýar.

Döwrüň ýalkymy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda her bir şanly senäni mynasyp dabaralandyrmak, toýlary uludan tutmak ajaýyp däbe öwrüldi. Baýramçylyk dabaralarynyň halkara derejesinde guramaçylykly geçirilmegi, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň giňden wagyz edilmegi, dünýä nusgalyk syýasaty durmuşa geçirýän, ýurdumyzyň mertebesini has-da belende göterýär. Şol dabaralaryň içinde halkara we ylmy maslahatlaryň, bäsleşikleriň, medeni sport çäreleriniň, media-forumlaryň, brifingleriň we metbugat konferensiýalarynyň guralmagy göz öňünde tutulýar.

Üstünlige rowana

Eziz Watanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiň belent sepgitlerini nazarlap öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edildi. Bedew bady bilen öňe batly gadamlar urýan mähriban Watanymyzyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Hökümetiň 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Mejlisde ýene bir şatlykly habar yglan edildi. Ýagny, 2020-nji ýylyň başynda ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzda durmuş-ykdysady we medeni görkezijileri babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen, yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlendi. Netijede iň gowy etrap diýlip, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby saýlanyldy. Gahryman Arkadagymyzyň bu etrabyň häkimligini ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak hakynda degişli resminama gol çekmegi bizi şatlandyrdy.

Türkmenistan — BMG : parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna

Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň agzalygyna kabul edilen gününden bäri bu halkara gurama bilen oňyn hyzmatdaşlygy alyp barýar. Garaşsyz Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmegi ýaş döwletimiziň halkara bileleşigi tarapyndan özbaşdak ýurt hökmünde ykrar edilmegini alamatlandyrdy. Türkmenistan BMG-niň deňhukukly agzasy hökmünde guramanyň Tertipnamasyndan gelip çykýan borçlaryna pugta eýerýär we ýerine ýetirýär. Döwletimiz BMG-niň käbir esasy düzümleriniň — Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň, Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF), Ilat gaznasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň, Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak meseleleri baradaky düzüminiň, Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň, Halkara migrasiýa guramasynyň agzasydyr. Ýurdumyzda bularyň wekilhanalary, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi üstünlikli işleýär.

Rowaçlyklara beslenýän halkara hyzmatdaşlyk

Türkmen diplomaty hormata laýyk Döwletleriň arasyny saz edip,Ismin ýazdyrandyr goja taryha.Parahatlyk sözün kalba ýaz edip,Laýykdyr işleri öwgä, tarypa.Owalynda Hak halamyş ilçini,Magtawy bilýäris parahatlygyň.Aýlanyp ýurtlary hem il içini,Taryp eder olar il rahatlygyn.Lebzi halal, ýüki alkyşdan bolar,Asudalyk küýsäp, çapyp atyny.Ruhun belent tutup, ýaýyp ýör olarArkadagyň çuňňur syýasatyny.

Daşky gurşaw we halkara gatnaşyklary

Hormatly Prezidentimiziň oňyn döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan döredijilikli daşary syýasy ugruny durmuşa geçirýär. Ata Watanymyz döwletara derejesinde netijeli gatnaşyklary ösdürmek bilen, köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Aral deňzi sebitinde durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, onuň ýaramaz täsirini peseltmek maksady bilen, geljekde bu ugurda amala aşyryljak işler babatynda Aral milli maksatnamasyny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasynyň Konsepsiýasy we Düzgünnamasy tassyklanyldy. Konsepsiýa laýyklykda, Aral meselesini çözmek ugrunda dünýä, sebit we milli derejelerde uly tagallalar edilýär. Bu maksatnamanyň esasy maksady bolsa, ekologik we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmakdan we Türkmenistanyň çäginde Aral betbagtçylygynyň netijelerini azaltmakdan, ýagny adamzat üçin amatly şertleri üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Mundan başga-da, Maksatnamanyň wezipeleriniň hataryna Aral deňziniň suw zolaklaryny halas etmäge gönükdirilen çäreleriň, şeýle-de BMG-niň Aral deňzi meselesini çözmäge gönükdiril

Saglyk hakda alada

Dünýädäki epidemiologik ýagdaýy nazara alyp, howply ýokanç keselleriň ýurdumyzyň çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak, arassaçylyk tertip-düzgüni barada giň gerimli düşündiriş işleri alnyp barylýar.Maslahatlar çap edilýär, ilat arasynda ýokanç keselleriň öňüni alyş işleri barada yzygiderli wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Maşgala lukmanlary tarapyndan ilat arasynda ýiti respirator kesellerine garşy sanjym edilýär. Çagalar bagyna gatnaýan çagalaryň we olaryň ene-atalarynyň, talyplaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň arasynda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän wagyz-nesihat işleri has-da güýçlendirilýär we berk gözegçilige alynýar. Saglygy goraýyş edaralarynda ýokanç keseller barada amaly-okuw maslahatlary guralýar. Baş dermanhana birleşigi we «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigi tarapyndan ähli zerur bolan dermanlar we saglyk maksatly enjamlar bilen üpjün etmek işleri doly amala aşyrylýar.

Hukuk medeniýetiniň jemgyýetdäki orny

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamynyň pugtalandyrylmagyna hem yzygiderli üns berýär. Şonuň bilen bir hatarda, häzirki wagtda jemgyýetimizde, esasan hem ýaş nesilleriň arasynda hukuk medeniýetiniň barha kämilleşmegine-de aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlary hem-de hökümet agzalary bilen geçirýän duşuşyklarynda halkymyzyň bähbidine gönükdirilen döwlet derejesinde geçirilýän işler hakynda her bir adamyň habarly bolmagyny ýokarlandyrmagyň hem-de hukuk medeniýetini has ösdürmegiň ähmiýetini nygtap geçýär. Munuň özi häzirki wagtda hukuk medeniýetiniň wajyplygyny, her bir adamyň ýurdumyzyň hukuk namalaryny bilmeginiň we oňa dogry we doly düşünmegiň ähmiýetini ýüze çykarýar.

Sagdynlyk — ruhubelentlik

Halkyň saglygyny goramakda döwletimizde uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda birnäçe saglyk merkezleri, köpugurly hassahanalar, saglyk öýleri, enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleri, tiz kömek merkezleri gurlup, ulanylmaga berildi. Olar dünýäniň ösen döwletleriniň ygtybarly enjamlary bilen üpjün edilip, her bir raýatynyň saglygyny berkitmekde gije-gündiz hyzmat edýär. Ýurdumyzda ýiti ýokanç kesele garşy dünýäniň häzirki epidemiologik ýagdaýy nazara alnyp, öňüni alyş çäreleriniň talaplaryny berjaý etmek boýunça hem birnäçe wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär. Halkyň saglygynyň goralmagynda lukmanlardyr jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bir hatarda, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri hem çetde durmaýarlar. Howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak maksady bilen, lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulanmak barada giňişleýin düşündirişler dowamly alnyp barylýar. Örtük ir döwürden bäri hem lukmançylykda ulanylypdyr. Ýokanç keselleriň öňüni almak üçin nähilidir bir goragyň gerekligi bilen bagly zerurlyk onuň döremeginiň esasy sebäbi bolupdyr.