"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Arassaçylyk we saglyk

Ynsanyň jan saglygy — baş baýlygy. Ynsanyň sagdyn bolmagynyň jemgyýet üçin zerurlygy gadymy döwürlerden mälimdir. Sagdynlygyň esasy girewi — sagdyn durmuş ýörelgesine eýerilmegidir. Sagdyn durmuş ýörelgesini her bir adam yzygiderli dowam etmelidir. Arassaçylyk diýlende, ilki bilen, şahsy gigiýenanyň, iýmitleriň, daşky gurşawyň arassaçylygy göz öňüňe gelýär. Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak babatda ýurdumyzyň ilatynyň abadançylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler, olaryň hatarynda, çagalara köpçülikleýin öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilmegi netijesinde, keselleriň düýbünden ýok edilmegi, şeýle hem ýokanç keselleriň birnäçesiniň azalmagy gazanyldy.

Gar

Sahydyň kärende ýerine bolan yhlasyny diýsene. Haçan görseň, ekin meýdanyna tarap haýdap barýandyr. Öýlerinden iki menzillikde ýerleşýän güýzlük ak bugdaý ekilen ýaşyl öwsüp, begres don geýnen bugdaýly meýdan Sahydy görende, has-da reňk açýar. Sahyt her günki howa maglumatyny hökman diňläýmeli. Ertir gar ýagjagyny eşideninde, Sahydyň hem-ä keýpi çaglandy, hemem birhili aladasy artdy. Bu garyň şu ýylyň ilkinji garydygy kalbynda şatlyk uçgunlaryny döretdi. Ýaşyl öwsüp oturan giň meýdanyň ak garyň aşagynda galjakdygy welin, böwrüne iňkis saldy. «Ak zat alnyňa ýagşy» diýlip, ýöne ýere aýdylan däldir. Ýöne irki döwürlerden bäri ata-babalarymyz her Täze ýylyň ilkinji günlerini, mübärek Nowruzy ýaşyl maýsalar bilen, ýaşyl maýsadan taýýarlanýan semeni tagamy bilen garşy almagy söýüpdirler. Bu barada atasy kän sapar gürrüň beripdi. Ol gürrüňlerden çagalykda göwni ganan Sahydyň ýaşyl maýsaly meýdany eziz görýändigi şundandyr. Şonuň üçinem ol ertir ýaşyl maýsalaryň üstüni gar örtmänkä, kärende ýerine barar-da, olara guwanar. Ýaşyl maýsaly meýdan bilenem gürleşer. Ol:

Dostlugyň we agzybirligiň ýoly

Milli Liderimiz «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly eserinde: «Biziň eziz Diýarymyzyň geljegini has-da rowaçlandyrmak hakyndaky düýpli aladalarymyzyň esasynda Watanymyza iňňän uly söýgimiz, tutanýerlilik hem-de maksadaokgunlylyk bilen ýaýbaňlandyran beýik ynsanperwer ýörelgelerimiz bardyr. Şular hem sagdyn durmuşy söýmäge, bagtyýar ýaşaýşy kemala getirmäge, dostluga hem-de agzybirlige gönükdirilen tutumly maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmegimiziň esasy şertidir» diýip, dünýäde ösüş arkaly parahatçylygy gazanmakda sport diplomatiýasynyň ähmiýetiniň uludygyny nygtaýar. Arkadagly eýýamymyzda ata Watanymyz Türkmenistan ähli arzuwlary hasyl bolýan bagtyýar adamlaryň ýurduna, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň we halkara derejeli sport çäreleriniň geçirilýän mekanyna öwrüldi.

Bagtyýarlyga beslenen menzillerde

Biz «Dünýä biziň gözlerimiziň öňünde ösýär, özgerýär» diýmäge endik edinipdiris. Bu, elbetde, dogry, ýöne döwür öz-özünden ösüp-özgeribermez. Islendik närse beýleki bir närsäniň täsiri bilen hereketde bolýar. 1991-nji ýylyň güýzünde türkmen halky özüniň ençeme asyrlap arzuw eden Garaşsyz döwletini esaslandyrdy. Ilkinji ädimler her bir täze dörän döwletden eserdeňligi, hatyrjemligi we şol bir wagtda-da öz öňünde aýdyň maksatlar goýup, şol maksatlara tarap okgunly we ynamly hereket etmegi talap edýär. Elbetde, Garaşsyzlyk halkymyzyň häzirki zaman döwletliliginiň syýasy-hukuk şertlerini döretdi. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. Bu wakalar taryhy ähmiýetli wakadyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösüşiniň hem-de kämilliginiň hukuk esasydyr. Konstitusiýa biziň syýasy, ykdysady we medeni durmuşymyzyň baş görkezijisi.

Sahawatyň topragydyr bu watan!

Ynsanperwer türkmen halkynyň merdana pederleri, meşhur taryhçylary, akyldarlary, syýahatçylary, halkymyzy dünýä ýüzünde parahatçylyk söýüji, ylymly-bilimli, dana milletleriň biri hökmünde tanadýan, ýakyn-u-alys, goňşy-garyndaş halklaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagynda, medeniýetleriniň baýlaşmagynda mynasyp ornunyň bardygyny tassyklaýan subutnamalar sanardan has köpdür. Eziz Watanymyz gadymy döwürlerden bäri hoşgylaw, hormat goýujy we ylalaşykly ilaty, şirin aýdym-sazy, durmuş gurluşy hem-de ynsanperwer ýörelgeleri, joşgunly toýdur baýramlary bilen özüne bendi ediji güýç-gudrata eýe ülkedir. Ynsanperwerligi bütin durky bilen kabul eden halkymyzyň dünýä bilen ýaşytdaş naýbaşy gymmatlyklary — olar zähmetsöýerlik we hoşniýetlilik, sahylyk we myhmansöýerlik, watansöýüjilik we ynsanperwerlik, arassa ahlaklylyk, päkniýetlilik ýörelgeleridir. Halkymyzyň asyrlardan aşyp gelýän bu häsiýetleri bolsa Watany, halky söýmegiň, dostluga, birek-birege hormat goýmagyň nusgalyk mekdebidir. Dünýäniň çar künjeginde ynsanperwer gatnaşyklaryň döremegine hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn içeri we hoşniýetli daşary syýasaty uly orny eýeleýär. Bu adyl syýasat bolsa türkmen halkynyň Ýer ýüzünde millet hökmünde tanalmagynyň we hormatlanmagynyň esasydyr, hiç bir düşündirişi talap etmeýän bakylyk mertebämizdir.

Zenan sarpasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimizde her bir maşgala ojagynyň görki bolan zenanlarymyza uly sarpa goýulýar. Çünki gender deňligi — durmuşyň ähli ugurlarynda aýallara, şeýle hem erkeklere deň mümkinçilikleriň üpjün edilmegini göz öňünde tutýar. 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň tassyklanylandygy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu meýilnama erkekleriň we aýallaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryna deň derejede gatnaşmaklary üçin zerur şertleriň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatnamalaýyn resminama bolup durýar.

Milli kanunçylygymyzyň ösüşiniň şanly sahypalary

(Soňy. Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda). 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Onda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyny kabul etmek üçin ol Mejlisiň garamagyna berildi. Mejlisiň maslahatynda deputatlar «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ählihalk maslahatda milli parlamentiň ýolbaşçysy Mejlisiň maslahatynda deputatlaryň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň makullan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşandyklaryny we biragyzdan kabul edendigini habar berdi. Milli Liderimiz 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyň herekete giriziljekdigini aýtdy.

Nusgalyk dostlukly gatnaşyklar

Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen mähriban halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna dünýä we sebit parahatçylygynyň, dost-doganlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine täze itergi berýän nusgalyk işler bilen gadam basdy. Iki goňşy, türkmen we owgan halklarynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda täze ulanylmaga berlen, uzynlygy 30 kilometr bolan Akina — Andhoý demir ýoly, 153 kilometre deň bolan Kerki — Şibirgan elektrik geçiriji ulgamy, Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara aragatnaşyk ulgamy türkmen-owgan gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen başy başlanan halkara ähmiýetli bu iri desgalar diňe iki doganlyk halklaryň durmuş-ykdysady ösüşine itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, sebit döwletleri üçin hem halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitleýär.

Ulag ulgamynyň ösüşi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzümini hem-de aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny çalt kemala getirmek babatda Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça soňky ýyllarda durmuşa geçirilýän işler diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebit we dünýä ösüşine kuwwatly itergi berdi. Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda demir ýol ulaglary pudagynyň goşandy uludyr. Bu pudak güýçli depginler bilen ösdürilip, täze demir ýollary gurup, ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak boýunça öňdebaryjy orny eýeläp, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly ýardam berýär. «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 4-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda, umumy peýdalanylýan demir ýol ulagy Türkmenistanyň ýeke-täk ulag ulgamynyň düzüm bölegi bolup durýar. Demir ýol ulagy ulagyň beýleki görnüşleri bilen özara baglanyşykda hereket etmek bilen, fiziki şahslaryň, ýuridik şahslaryň döwletiň demir ýol ulagynda gatnatmaga (daşamaga) bolan zerurlyklaryny öz wagtynda we oňat hilli üpjün etmäge, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösmegi üçin şertleriň döredilmegine ýardam etmäge niýetlenendir. Ýurdumyzda Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça köp şahaly ulag ýollaryny döretmäge gönükdirilen hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan ha

Baş wezipe — halkyň saglygy

Eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere wajyp orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, sagdynlyk we sport syýasaty halkara derejesinde giňden ykrar edilýär. Ilatyň, şol sanda ýaş nesliň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmagyň, arassaçylyk we öňüni alyş kadalary berjaý etmegiň ähmiýetini düşündirmek, ýaşlary sport bilen meşgullanmaklyga çekmek boýunça häzirki wagtda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Garaşsyz döwletimiz saglygy goraýyş babatda halkara guramalary we dünýäniň birnäçe döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Olaryň hatarynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy aýratyn orunda durýar. Hususan-da, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýiti ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy bilelikde göreşmek hem-de olaryň ýetirýän zyýanyny azaltmagyň mümkin bolan ýollary babatda BSGG we beýleki abraýly halkara guramalarydyr döwletler bilen oňyn gatnaşyklar alnyp barylýar. Türkmenistan bu ugurda amala aşyrýan çärelerini dünýä jemgyýetçiliginiň alyp barýan işlerine doly laýyk getirip, halkara tagallalary koronawirusa garşy göreşde birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär.

Göwünlere ganat, döwre şan beren

Her bir günümiziň ýatdan çykmajak taryhy wakalara, şanly senelere, toý-baýramlara beslenmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mahsus aýratynlyklarynyň biridir. Munuň özi agzybirlikden döwlet tapan, halallyga, adalata, dost-doganlyga gol beren halkymyzyň döwletli döwrana ýetenliginiň güwäsidir. Halk bähbitli, döwlet ähmiýetli durmuşa geçirilýän bu asylly işler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden öz gözbaşyny alyp gaýdýar. Biz hem ýurdumyzda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli açylyp ulanylmaga berlen döwrebap binalar dogrusynda Türkmenistanyň içeri işler edaralarynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny halkymyza ýetirmegi makul bildik.

Merdanalygyň belent sarpasy

Watansöýüjilik, ynsanperwerlik babatda bize görelde bolup durýan hormatly Belent Serkerdebaşymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda gahrymançylyga beslenen baý taryhymyzy, pederleriň beýik watançylyk mekdebini, Garaşsyz döwletimiziň Ýaragly Güýçleriniň geçen ýoluny örän ussatlyk bilen seljermek hem-de beýan etmek bilen, bagtyýar ildeşlerimiziň watansöýüjilik duýgusyny joşdurýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, beden we ruhy taýdan kemala getirmek, bilim almaga, hünär edinmäge bolan hukuklary amala aşyrmak ýaly ugurlara uly ähmiýet berilýär. Halkymyz Watany owal-ahyr beýik mukaddeslik saýyp, nesillerini hut şu ruhda terbiýeläpdir. Mukaddeslik ähli sarpalanýan, hormatlanýan, eziz saýylýan zatlary öz içine alýar. Gymmatlyklaryň mukaddes bolşy ýaly, olaryň goragy-da mukaddesdir. Her ýylyň 27-nji ýanwarynyň Watan goragçylarynyň güni hökmünde giňden, dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilmegi ähmiýeti taýdan çuňňur mazmuna eýedir.

Ýeňişli eýýamyň täze üstünlikleri

Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysynyň hormatly Prezidentimize iberen haty ýurdumyzyň sport syýasatynyň dünýädäki ykrarnamasy boldy. Ähli ildeşlerimizde buýsanç duýgusyny döreden bu waka «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagy Watany» ýylynyň ýeňişli taryhyny täze üstünlikler bilen baýlaşdyrdy. Agyr atletikaçy türgenimiz Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda itekläp götermekde 104 kilogram agram bilen we jemi 179 kilogram agram bilen ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny täzelemegi milli hem-de halkara sport hereketiniň ösüşine mynasyp goşantdyr. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen taryh üçin gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkara sport çärelerini ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýän döwrebap sport toplumlarynyň we desgalarynyň, şol sanda sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurlup, ulanylmaga berilmegi netijesinde döredilen şertleriň datly miwesidir.

Şygryýet

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym Her günümiz ajap, misli eşrepi, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym.Gahryman Arkadag berdi eşreti, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym.

Saglygyň açary

Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ynsan saglygyny hemme zatdan ileri tutmak, keselleriň ýüze çykmagynyň, ýaýramagynyň öňüni almak, halkymyzy sagdyn durmuşda ýaşatmak boýunça geçirilýän işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öz ajaýyp beýanyny tapýar. Halk arasynda «Saglyk bolsa, beglik bolar» diýen parasatly sözler bar. Sagdyn bolmak islendik ýaşda özüňi gowy duýup ýaşamakdyr. Munuň üçin bolsa, ilki bilen, biziň her birimiziň öz saglygymyz hakynda alada etmegimiz gerek. Elbetde, adamyň jan saglygy köp zatlara bagly bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasy sütünleriniň biri kadaly iýmitlenmek bolup durýar. Iýmitiň kadalylygyny berjaý etmegiň saglygy berkitmekde möhüm ähmiýeti bardyr. Kadaly we peýdaly iýmitlenýän adam dürli kesellerden goranar hem-de sagdyn we berk bedenli bolar.

Täsin pursat

Geçen asyryň altmyşynjy-ýetmişinji ýyllarynyň sepgitleridi. Ol döwürler men uniwersitetiň talybydym. Düýnki ýagan gar paýtagt şäheri tutuş aklyga büräpdi. Günortanlar şäheriň öňki «8-nji mart» diýilýän töwereklerinde ýaşaýan, bile okaýan ýigitlerimiziň biriniň ýanyna barýardym. Dynç alyş günüdigine garamazdan, öň gelim-gidimi az bolmaýan bu töwereklerde bu gün näme üçindir adam-gara öňküleri ýaly kän däldi, belki bu ýagdaý howanyň sowuklygy ýa-da adamlar pyýada gatnalýan ýanýodalaryň sürçekliginden howatyr edýändigi sebäplidir... Ynha, birden bärligine biriniň ýöräp gelýändigine gözüm düşdi. Ol ýanýodanyň gapdalyndaky ap-ak gar bolup ýatan, öň ýörelmedik ýerden öz maýdalyna ädimläp gelýärdi. Men ony tanadym, ol Gurbannazar şahyrdy, Gurbannazar Ezizowdy.

Ýagşylyga barýan ýol

Edepmi ýa bilim? Alymlaryň söhbedinde ynsan üçin edep-terbiýäniň ýa-da ylym-bilimiň haýsysynyň has möhümligi hakynda jedel gidipdir. Ýaş alymlaryň biri ähli ösüşleriň ylym-bilim arkaly gazanylýandygyny nygtasa, beýlekisi, ynsanyň ähli belent mertebelere ylym-bilim arkaly ýetip, maddy we ruhy isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilikleriniň döreýändigini aýdypdyr.

Dünýä derejeli ösüşler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary ýurdumyzy senagat taýdan ösen ýurda öwürdi. Dünýäde ykrar edilýän milli Liderimiziň ulag diplomatiýasy, suw-ekologiýa diplomatiýasy, energetika diplomatiýasy ýurdumyzda, şol bir wagtyň özünde dünýä döwletleriniň ençemesinde önümçiligiň artyp, ykdysady ösüşleriň ýokarlanmagyna, iş orunlaryň köpelmegine, ekologiýa taýdan arassa önümleriň öndürilmegine giň mümkinçilikler döredýär. Arkadagly eýýamymyzyň dünýä ähmiýetli ösüşleri baky Bitaraplyk ýörelgelerimize laýyklykda rowaçlyklardan-rowaçlyklara beslenýär. Ol ösüşler milli Liderimiziň ösüş arkaly parahatçylyk taglymatynyň buýsançly beýanydyr. Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 8-nji ýanwarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisi hem taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýan ösüşlerimiziň nobatdaky sahypasyny ýazdy.

Milli kanunçylygymyzyň ösüşiniň şanly sahypalary

(Dowamy. Başlangyjy gazetimiziň geçen sanynda). 2020-nji ýylyň 11-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň deputatlary bilen taryhy duşuşygy boldy. Onda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hukuk ulgamyny kämilleşdirmek we milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryna birnäçe teklipleri we tabşyryklary berdi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny, şeýle hem «Türkmenistanyň Mejlisi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek, «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna hem-de Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda kabul edilmeli we rejelenen görnüşlerini işläp düzmek boýunça kodeksleriň üstünde durup geçmek bilen, Administratiw iş ýörediş kodeksini kabul etmegi, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň täze rejelenen görnüşini taýýarlamagy, Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini, Raýat kodeksiniň täze redaksiýasyny, Zähmet kodeksiniň rejelenen görnüşini taýýarlamagy hem tabşyrdy.

Deňhukuklylyk — demokratiýa

Adam hukuklarynyň goraglylygyny berkitmek gender deňligi babatda hem möhüm ähmiýete eýedir. Aýallaryň hukuklarynyň deňligi BMG-niň esas goýujy ýörelgeleriniň biri bolup durýar. BMG-niň Tertipnamasynyň girişinde ynsan şahsyýetiniň mertebesine we gymmatlygyna hem-de aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygyna öz ynamyny tassyklamagyň onuň esasy maksatlarynyň biri bolup durýandygy kesgitlenendir. BMG tarapyndan 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda kabul edilen Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň girişinde kesgitlenilişi ýaly, ynsan maşgalasynyň ähli agzalaryna mahsus mertebäniň hem-de deň we aýrylmaz hukuklaryň, ýagny ynsanyň tebigy hem mizemez hukuklarynyň ykrar edilmegi azatlygyň, adalatlylygyň we ählumumy parahatçylygyň esasy şerti bolup durýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kämilleşdirilmegi, döwrebap kanunlaryň kabul edilmegi adam hukuklarynyň goragyny kepillendirmek bilen, ýurdumyzyň bu Jarnamanyň mizemez maksatlaryna we ýörelgelerine pugta ygrarlydygyny tassyklaýar. Çünki Esasy Kanunymyzyň 4-nji maddasynda: «Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir» diýlip kesgitlenilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 29-njy maddasynda gender deňligi babatda: «Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr. Deňhukuklylyg