Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ynsan saglygyny hemme zatdan ileri tutmak, keselleriň ýüze çykmagynyň, ýaýramagynyň öňüni almak, halkymyzy sagdyn durmuşda ýaşatmak boýunça geçirilýän işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öz ajaýyp beýanyny tapýar.
Halk arasynda «Saglyk bolsa, beglik bolar» diýen parasatly sözler bar. Sagdyn bolmak islendik ýaşda özüňi gowy duýup ýaşamakdyr. Munuň üçin bolsa, ilki bilen, biziň her birimiziň öz saglygymyz hakynda alada etmegimiz gerek. Elbetde, adamyň jan saglygy köp zatlara bagly bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasy sütünleriniň biri kadaly iýmitlenmek bolup durýar. Iýmitiň kadalylygyny berjaý etmegiň saglygy berkitmekde möhüm ähmiýeti bardyr. Kadaly we peýdaly iýmitlenýän adam dürli kesellerden goranar hem-de sagdyn we berk bedenli bolar.