"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Aşgabady ösdürmegiň hukuk esaslary

Ýurdumyzyň ýüregi hasaplanýan paýtagtymyz Aşgabat baý taryhy bilen tapawutlanýar. Hut şonuň üçin hem Esasy Kanunymyzda: «Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir» diýlip, onuň hukuk derejesi berkidilendir. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň paýtagty Aşgabat Garaşsyzlyk ýyllarynda täze ösüş ýoluna düşdi, ýurdumyzyň baş şäheri ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam basdy. Ýurdumyzyň paýtagty ähli halkymyzyň söýgüsinden hem mährinden kemal tapýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, tutuşlygyna täzeden gurulýar. Onuň birnäçe ýyl ozalky keşbi bilen şu günki sazlaşykly gözelliklerini deňeşdireniňde, ýer bilen gök ýaly tapawudy bar. Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ilatymyz üçin has oňaýly ýaşaýyş şertlerini döretmek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyz her ýylda döwürleýin amala aşyrylýan birnäçe, has anygy, «Aşgabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hakynda», «Aşgabat şäherinde seýilgähleri döwrebaplaşdyryp gurmak hakynda», «Aşgabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, saglyk öýlerini, çagalar baglaryny we umumy bilim berýän orta mekdepleri we beýleki bilim edaralaryny gurmak hakynda» Kararlara gol çekýär.

Ynsanperwerlige esaslanyp

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar döwlet Baştutanymyzyň başlangyjyndan hem-de halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden we syýasy partiýalardan gelip gowşan köp sanly tekliplerden ugur alnyp, öňe sürüldi. Onuň manysy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň nobatdaky başlangyjynyň ägirt uly gyzyklanma döredýändiginiň subutnamasydyr. Türkmenistan beýleki döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, birek-birege ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda parahatçylyga ýugrulan gatnaşyklary ösdürýär we dünýäniň birnäçe döwletleri bilen işjeň söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýar.

Garaşsyzlygyň miwesi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň taryhy ýollary gahrymançylyga beslenen gaýduwsyz hem merdana türkmen halkynyň asyrlarboýy ýüreklerde beslän arzuw-umytlarynyň, islegleriniň amala aşmagydyr, milli ruhunyň täzeden rowaçlanmasydyr. Türkmen halkyny döwletlilige, sowulmaz döwrana, ykbal çözüji özbaşdaklyga ýetiren Garaşsyzlyk türkmen ruhunyň we mertebesiniň dabaralanmasydyr. Garaşsyzlyk halkyň bakylygydyr we bagtyýar ertirine, müňýyllyklara uzaýan ak ýoludyr. Garaşsyzlyk halkyň millet hökmünde dünýä döwletleriniň arasynda ykrar edilmesidir. Hakykatdan-da, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanmagy taryhy waka boldy we ol ýurduň ösüşine kuwwatly badalga berdi. Garaşsyzlygymyz bagtymyzyň gözbaşydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň durmuşy düýpgöter üýtgedi we bagtyýarlyga beslendi. Ine, şu nukdaýnazardan alanymyzda, Garaşsyzlygymyz mukaddesdir. Hormatly Prezidentimiziň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynda Watan goragçylaryna şeýle ündeýär: «Asudalygyň goragçysy! Sen gaýrat bilen ömrüni bezän merdanalaryň neslisiň. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny goramak seniň gursagyňa borç bolup guýlan iň arzyly kesbiňdir. Eziz diýarymyzyň asuda durmuşy seniň bilimiň, yhlasyň, gaýratyň, merdana pederlere goýýan sarpaň bilen gazanylandyr». Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz diýarymyzy beýik ösüşlere besläp, parahatçylykda, asudalykda we bagtyýar halkymyzyň agzybirliginde nurana geljege a

Arassaçylyk bu saglykdyr

Arassaçylyk — saglygyň girewi. Ol ynsany bezeýär. Adamyň ruhy-da, bedeni-de, sözleýiş dili-de arassa bolmaly. Arassa zatlar ynsanyň gözelligine gözellik goşýar. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň iň esasy şerti arassaçylykdyr. Öý otaglarynyň, iş ýerleriniň, dynç alynýan ýerleriň arassa bolmagy, üst-başynyň, bedeniniň arassa bolmagy adamyň ruhuny belent edýär. Arassaçylyk bilen «Gigiýena» ylmy meşgullanýar. «Gigiýena» sözi «bejerýän, sagaldýan» diýen grek sözünden gelip çykypdyr. Ol lukmançylygyň bir bölümi bolup, adamyň saglygyny, onuň ýaşaýan we zähmet çekýän ýeriniň, gurşawynyň tämizligini, arassaçylygyny öwrenýän ylymdyr. Ol keselleriň öňüni alyş çärelerini işläp düzýär. Adamzadyň saglygyny gorap, bedenini berkitmek üçin gerek bolan şertleri öwrenip, adamyň ömrüni uzaldýar. Adam her gün iki sagada golaý arassa howada gezelenç etmeli, bu bolsa gany kislorod bilen baýlaşdyrýar, bedeniň iýmit siňdiriş ulgamynyň işleýşini gowulandyrýar, netijede beden sagdyn bolýar.

Hormatly sürüjiler!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ak şäherimiz Aşgabatda gözel binalar, aýna ýaly ýollar bilen bir hatarda, köp gatly awtoduralgalar paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we onuň myhmanlaryna hyzmat edýär. Bu awtoduralgalar özüniň döwrebaplygy, oňaýlylygy bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden talabalaýyk, ýerlikli peýdalanmalydygyny maslahat berýär.

Geljegimiziň berk binýady

Adamzat döräli bäri özüniň ýaşaýyş şertini, durmuşda tutýan ornuny kämilleşdirmäge ymtylypdyr. Kämilleşmek üçin bolsa, hökman, ösen ylym bilen milli medeniýete salgylanmak gerek. Hut şu gymmatlyklary ösdürmegi ündeýän Gahryman Arkadagymyz «Bilim—bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk» atly kitabynda: «Meniň baş maksadym dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilim ulgamyny size elýeterli etmekden ybaratdyr» diýip bellemek bilen, Watanymyzyň beýik geljegini ylymly ýaşlarda görýär. Biz hem şol ýol-ýörelgeleriň adamyň şahsyýet bolup kemala gelmegine ýardam edýän gylyk-häsiýetlerini içgin öwrenip, ony ýaş nesillerimize geçirmelidiris. Türkmen halkynyň çuňňur baý medeni mirasy bar. Ýaş nesliň terbiýesinde-de şol medeni mirasymyzyň aýratyn orny bardyr. Her bir edim-gylymynda, milli terbiýesinde merdi-merdanalygy, dogruçyllygy, halallygy ündeýän halk döredijiliginden ertekilerimizi alanymyzda-da, halkymyzyň çaga terbiýesine irgözinden başlaýandygynyň şaýady bolýarys.

Hasyl bolan arzuw (Hekaýa)

Mukaddes Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanyp guraljak at çapyşygyna hemmelerem garaşandyr welin, Geldi aganyňky düýbünden başgaçady. Başgaça bolmaz ýalymy, eýsem?! Ol bu pursada tas, ömürboýy diýen ýaly garaşypdy ahyryn. Özi-de gursagynda garrap giden arzuwynyň hasyl bolmagyndan ynamyny üzenden soňam, kalbynyň bir ýerlerinde umydy pena edinibem esli garaşypdy. Ine, bu gün bolsa onuň şol juwan gursagynda hemişelik galan arzuwy hasyl bolýar. Özi-de ony çowlugy Merdan amala aşyrmalydy. Merdanyň Kiçidag atly bedewli märekäniň öňünden buýsanç bilen geçip barşyny synlap oturan Geldi aga tolgundy. Daşynda hozanak bolşup ýören agtyklarydyr çowluklary onuň birdenkä tolgunyp, ýüregine agram düşerinden ätiýaç edip, töwereginden aýrylanokdylar. Zol-zol: «Ata, rahat otyrsyňmy?» diýip, halyny sorap durdular.

Watanyň merdana goragçylary

Il-gününe asudalyk bagş eder, Watanperwerligi köňle nagş eder,Gullugyny yhlas bilen berkider,Watanyň merdana goragçylary. Berkarar ýurdumyň gadamy batly,Garaşsyzlygmyzyň miwesi datly,Ýörediň Arkadag ýolun şöhratly,Watanyň merdana goragçylary.

Buýsançly goşgy

Geçen ýyllar rysgal-döwlet getirdi,Nama ýazýan gözel döwre seslenip.Arkadagym bilen eziz Diýarym,Öňe barýar ösüşlere beslenip. Akýar ozal akan ýerinden aryk,Dolandy döwranlar türkmene laýyk.Gelýär ýyllar bir-birinden ajaýyp,Öňe barýas ösüşlere beslenip.

Topragym

Gitsem senden biraz wagtlyk uzaga,Mähriň meni çeker durar, topragym.Sen şeýle mähriban, ýakyn ýüregme,Ýüregim Sen diýip urýar, topragym. Göze görünmeýän jady bar sende,Eçilýän hasylyň dady bar sende,Köňlümiň tükenmez şady bar sende,Bu kalbyma ylham beren topragym.

Bagtyýar ýaşaýşyň höziri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şanyna şan goşýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri — ösüşleriň, özgerişleriň, iri taslamalaryň durmuşa geçirilýän döwri. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça deňi-taýy bolmadyk taslamalar amala aşyrylýar. Bu iri taslamalar şähergurluşyk-binagärlik işinde, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda ähmiýetli orna eýe bolmak bilen, «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyzy has-da dabaralandyrýar. Muňa hepdäniň dowamyndaky möhüm wakalar ýene bir gezek aýdyň şaýatlyk edýär. Bilşimiz ýaly, 16-njy martda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Tebigat. Adamzat. Gözellik

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, tebigatyň ynsan kalbyna ruhubelentlik, şatlyk we galkynyş, jümle-jahana täzelenişi serpaý edýän çagynda — pasyllaryň soltany baharda döwlet derejesinde ýurt asudalygynda, il agzybirliginde bellenilýän Milli bahar baýramy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda has-da çuňňur many-mazmuna eýe bolýar. Halkara Nowruz baýramy joşgunly zähmet çekýän watandaşlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp, belent sepgitlere, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer syýasaty netijesinde Türkmenistanyň hukuk ulgamynyň, saýlaw kanunçylygynyň, milli demokratiýanyň yzygiderli kämilleşdirilmegi göwünlerimizi ata Watanymyza bolan guwanja we buýsanja besleýär. Häzirki döwürde halkymyzyň milli däp-dessurlary täze öwüşginlerde dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen milli baýramlarymyz uly şatlyk-şagalaňa beslenýär. Türkmeniň Hydyr gören bereketli topragyny janlandyryp, dag-düzlere jümjüme düşäp, sähralary gül-güläleklere bezäp gelen Nowruz biziň taryhymyz, milli medeniýetimiz bilen sazlaşykly utgaşýar. Gadymy döwürlerden bäri täze gün, ýagny täze ýylyň ilkinji güni hökmünde bellenip gelinýän Nowruz ýere ýyly girendigini, ekiş döwrüniň gelendigini, dünýäniň lälezarlyga öwrülendigini aňladýar. Nowruzyň gelm

Döwre buýsanç - zähmete hyjuw

Ogulsapar NURÝAGDYÝEWA,Ahal welaýat kazyýetiniň kazysy: — Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge hem-de höweslendirmäge döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler hem-de maslahatlar geçirildi. Şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde geçirilen sergide telekeçilik ulgamynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri şöhlelendirýän milli ykdysadyýetiň dürli ulgamlary, şol sanda gurluşyk, senagat, himiýa, dokma, azyk we oba hojalyk önümleri ugurlarynda öndürilýän, ýokary derejeli bäsdeşlige ukyply önümleriň we taslamalaryň görkezilmegi bellenilmäge mynasypdyr. Şol önümleriň hatarynda sanly ulgamyň tehnologiýalarynyň, elektron senagatyň halkara ölçeglerine laýyk gelýän dürli serişdeleriniň görkezilmegi bolsa aýratyn guwandyryjydyr.

Nowruz geldi ilime

Eziz diýarymyza baharyň gelmegi bilen, ene toprak, sähralar, daglar, dereler al-elwan reňke büreldi. Gujagy toý mekany ýada salýan türkmen topragynyň üsti hemişe şatlyk-şowhuna, gülkä beslenýär. Toýlary goşadan bellenilýän türkmen topragynyň berekedi, rysgal-döwleti egsilmeýär. Baharlara kybap mähriban käbelerimizi öz gül desseleri, çemenleri bilen begendiren ene topragymyz bu gün ýene-de bir baýramy — Nowruz baýramyny uludan belleýär. Tebigaty al-ýaşyl nagyşlara besläp, älem-jahany ajaýyp güllere büräp, bahar paslynyň ilkinji buşlukçysy bolýan Nowruz baýramy ojaklara ýylylyk, kalplara mähir bolup dolýar. Bu baýram eziz diýarymyzda bagtyýar halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge ýardam edýär. Tebigatyň gülläp ösmegini alamatlandyrýan bahar paslynyň buşlukçysy bolan bu baýram her bir ynsany ruhlandyryp, kalplaryna şatlyk duýgusyny eçilýär. Gündogaryň köp halklarynda Täze ýylyň Nowruzdan başlanmagy hem ýöne ýere däldir. Nowruzda ähli ýerler jana girip, toprakda ýaşaýyş kemala gelýär. Ine, bu hakda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy «Duman peýda» goşgusynda şeýle diýýär:

Kalbyň baýramy

Oguz han atamyzyň döwründen bäri dowam edip gelýän gadymy Nowruz baýramy mähriban Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly dabara, şatlyk-şowhun, belent ruhubelentlik bilen bellenilýär. Türkmenlerde «Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli, Nowruz güni howa ýagyş-ýagmyrly, Nowruz gijesi asman bulutly bolsa, ýyl ygally bolýar. Nowruz güni irden ýere gyraw düşse, toprak hasylly bolýar. Nowruzda agaçlaryň çybyklarynda damjalar görnüp dursa, baglar miweli bolýar. Nowruzda suwuň ýüzi gyrpaklap dursa, tomus salkyn bolýar. Nowruzda howa yssy bolsa, ýylyň gurak gelmegine garaşylýar, şeýle hem Nowruzda geýen täze geýmiň bagt getirýär. Nowruzda eden arzuw-islegleriň hasyl bolýar» diýen birnäçe yrymlar ata-babalarymyz tarapyndan häzirki güne çenli dowam edip gelipdir. Nowruz saçagynda dürli tagam — gatyk, süýt, peýnir, miweler, hoz, gowrulan towuk goýupdyrlar. Semeni bolsa esasy tagam hasaplanypdyr. Nowruz baýramçylygy her milletiň öz milli däp-dessurlaryna, milli aýratynlyklaryna görä bellenilipdir. Umuman, gadymyýetden gelýän Nowruz baýramçylygy «Täze ýyly», «Täze güni» aňladyp, adamlar öýüniň içini-daşyny, köçesini, obasyny arassalamak, täze eşik geýmek bilen bir hatarda, kalplaryny hem päk tutup, ýagşy niýet-arzuwlar bilen täze bir ýaşaýşa gadam basypdyrlar. Bu baýramçylygy agzybirlikde, jebislikde bellemek adamlary has-da ýakynlaşdyrypdyr. Nowruz ruhy taýdan galkynyş

Bahar ýüreklere ylham paýlaýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen sährasyna bahar gelende, ajaýyp tebigatymyz ýaşyl begrese geýinýär. Türkmeniň bahary Nowruz baýramynda has-da joşa gelýär. Bu baýramçylyk Merkezi Aziýada ýaşaýan halklaryň milli baýramydyr. Gadymy siwilizasiýanyň ojagy bolan ata Watanymyzda her ýyl bellenilýän Halkara Nowruz baýramy Arkadagly eýýamymyzda mynasyp öwüşginler bilen baýlaşýar.

Söýýäs tebigatyň gözelligini

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatyndaky amala aşyrýan beýik işleriniň netijesinde, mähriban Watanymyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyny, abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde ýetilen sepgitleri eziz Watanymyzyň täze we beýik ösüşleri nazarlaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Çünki adam üçin uly bagt — Watanyň Garaşsyzlygy, topragyň asudalygy, halkyň bagtyýar durmuşy bolup durýar. Şunlukda, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem adamyň bagtyýar durmuşy hakyndaky esasy aladalaryň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň tebigata aýawly çemeleşmek ýörelgesi has kämilleşip, her bir ynsanyň bu babatdaky oňyn hereketleri rowaçlyklara beslenýär. Häzirki döwürde Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde daşky gurşawy goramak, ýurduň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigaty aýawly peýdalanmak üçin zerur bolan şertleri döretmek we daşky gurşawa ýetirilýän zyýany mümkin boldugyça azaltmak, ekologiýa deňagramlylygy gaýtadan dikeltmek ýaly ugurlar ileri tutulýar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda: «Şäherleşme hadysasynyň — şäherlere we şäherçelere göçmekligiň barha ösýändigi bilen baglylykda, daşky gurşawy goramaklygyň we ony dikeltmekligiň orny ýokarlanýar. Ähli ýerlerde Türkmenistanyň çäginde ekologiýa taýdan abadançylygy gorap saklama

Üçünji müňýyllygyň mermer şäheri Aşgabat 140 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň giň göwrümli we aýdyň geljegi nazarlaýan beýik işleri, parasatly başlangyçlary bütin dünýäde ykrar edilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen Aşgabadyň esaslandyrylmagyna 140 ýylyň dolmagy döwletiň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny täze mazmun bilen baýlaşdyrýar. Häzirki wagtda Aşgabady ösdürmek, täze desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly işler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanýar. Bu goşa baýramçylyga taýýarlyk işleri uly depginde alnyp barylýar.

Parahatçylygyň ilçisi

Her bir halkyň ykbalynda öz halkyna, Watanyna bolan söýgi bilen beýgelip, milli gahrymanyna öwrülen gerçekler bolýar. Adatça, gürrüňiň şeýle äheňde başlanmagy onuň Watan mertebesini döş gerip goran edermen serkerdeler dogrusynda ýaly bolup duýulýar. Bu, elbetde, dogry. Her bir halkda şeýle edermen, gaýduwsyz söweşijiler bardyr. Emma biziň bu gezekki söhbedimiz ykballara abanýan agyr howpy eline ýarag alman gaýtarmagy başarýan ussat dogrusyndadyr. Türkmeniň meşhur sazandasy Şükür bagşy, ine, şeýle az sanly gahrymanlardandyr. Aslynda, Şükür bagşy diýilse, dünýädäki az sanly sungat gahrymany göz öňüňde janlanýar. Şükür bagşy hakyndaky gürrüňler rowaýata öwrülip giden hem bolsa, ol taryhy şahsyýetdir.

Magtymgulynyň edebi mirasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik akyldarymyz, XVIII asyrda türkmen dünýäsinde öçmejek yz galdyran Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny, döwlet–hukuk taglymatlaryny öwrenmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň başynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde aýdylan ýene bir hoş habar göwünlerimize ganat berdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Köpetdagyň eteginde bina edilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň heýkeli beýik şahyrymyzyň baý döredijilik mirasyna nesilleriň çuňňur hormatynyň nyşanyna öwrüler.