"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Halkara gatnaşyklaryň hukuk binýady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň agza döwletleriniň goldamagy esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi halkymyzyň buýsanjydyr, bagtyýarlygynyň, döwletliliginiň aýdyň nyşanydyr, halkara ähmiýetli möhüm taryhy wakadyr. Adamzat ýaşaýşynyň parahatçylyga, ynanyşmaga, goraga, howpsuzlyga bolan zerurlygy hemmelere mälim hakykatdyr. Parahatçylygy, howpsuzlygy, adamlaryň abadan ýaşaýşyny syýasy diplomatik, durmuş-ykdysady, hukuk, ruhy-ahlak, medeni usullar bilen gazanyp bolýandygyny Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ösüş arkaly parahatçylyk tejribesi tassyklady. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda möhüm halkara-hukuk guraly bolmagy, Bitaraplygyň mazmunynyň baýlaşmagy, onuň ösüş ykbaly milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň netijeliligi bilen baglanyşyklydyr.

Döwre buýsanç - zähmete hyjuw

Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde «Sagdyn durmuş ýörelgelerini we ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek — kanun bozulmalarynyň öňüni almak» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň işgäri, polisiýanyň kapitany Döwran Amanmyradow, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Jenaýat agtaryş müdirliginiň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory Guwanç Weliýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri, polisiýanyň kapitany Daýanç Durdyýew, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň lukmany Ata Boppyýew dagy çykyş etdi. Çärede ulag dolandyrýan ähli sürüjilere we pyýadalara ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, köpçülik ýerlerinde, işde, okuwda arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, lukmanlaryň berýän maslahatlaryny dogry ýerine ýetirmek we zyýanly endiklerden daşda durmak barada nygtalyp geçildi. Çäräniň ahyrynda halkymyzyň sagdyn, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin bimöçber aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak we işleriniň elmydama rowaç bolmagy arzuw edildi.

Milli kanunçylygymyzyň ösüşiniň şanly sahypalary

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda gazanylan üstünlikleriň hatarynda ýurdumyzyň hukuk ulgamynyň ösüşi hem aýdyň şöhlelenýär. 2020-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen kanunçylyk namalarynda döwletimiziň demokratik esaslaryny pugtalandyrýan, bazar gatnaşyklary hem-de ynsanperwerligi dabaralandyrýan kämil kadalar öz beýanyny tapdy. Jemgyýetimiziň barha ösýän durmuşy milli hukuk ulgamynyň hemişe kämilleşdirilip durulmagyny talap edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzda täze kanunlaryň kabul edilmegi bilen demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan Türkmenistanyň hukuk ulgamy barha berkeýär. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň kabul edýän kanunlarydyr kodeksleri hem tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan kanunçylyk-hukuk özgertmeleriniň çäklerinde işlenilip taýýarlanan täze kanunlaryň we hukuk namalaryň mazmuny, gurluşy, döwrebaplygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan, milli däp-dessurlarymyzdan ugur alýandygy bilen tapawutlanýar. Milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi bilen bagly döwlet dolandyryşyny, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmek babatda ençeme kanunlar hem-de dürli kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi.

Geňeşli salamat bolar

Parasatly ata-babalarymyzyň «Geňeşli salamat bolar», «Geňeşli ýerde kemlik ýok» diýen dana sözleri adamzadyň kämil ösüşiniň, ynsan ýaşaýşynyň ýörelgelerine bagly bolýandygyny görkezýär. Olaryň birinjisi, halk köpçüligi bilen sala salyşmak, beýlekisi bolsa halk wekilleri bilen geňeşmek we maslahatlaşmak ýörelgeleridir. Pederlerimiziň taryhy geçmişi, halka geňeşmek ýaly asylly durmuş ýörelgesiniň, adamzat kämilliginiň ruhy sütüniniň biri bolandygyny anyk ykrar edýär. 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde milli Liderimiziň Watanymyzyň milli parlamentini hil taýdan täze, iki palataly gurluşda döretmek hakyndaky ündewi taryhy çykyşyň düýp manysy boldy. Şeýle taglymat derejesindäki tagalladan ugur alnyp, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Kanunyň ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasy bolan, Türkmenistanyň Halk Maslahaty bilen baglanyşykly 61-njy maddasy aýrylýar. Bu bolsa Halk Maslahaty babatyndaky syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik we medeni derejäniň has-da ýokary, ýagny halk bilen döwletiň arasyndaky gatnaşygyň jebis we ysnyşykly derejä eýe bolandygyndan mysaldyr. Hut şeýle bolansoň, Esasy Kanunymyzyň 66-njy maddasyndaky «Mejlisi» diýen söz, «Milli Geňeşi (Halk Maslahaty we Mej

Parahatçylygyň ýoly bilen

Türkmenistanyň Mejlisiniň — 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek hakynda karar kabul etmegi halkymyzyň ruhuny joşdurdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň milli gymmatlyk hem-de ýörelge derejesinde durmuşymyza ornaşmagydyr. Ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Nýu-Ýork şäherinden ýurdumyza hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň jemleýji resminamasynyň BMG-niň alty resmi dilinde çap edilendigi hem-de agza döwletleriň arasynda resmi taýdan ýaýradylandygy barada hoş habaryň gelip gowuşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Dünýä içre adyň belent

Adamyň ruhy ahwaly bilen ýürek tarynyň tirpildisi mylaýym sazy emele getirýär. Şol mylaýym sazy kalby bilen duýup, ýaşap bilýän ynsana — bagtly ynsan diýilýär. Şol bagtly ynsan biziň ýurdumyzda ýaşaýan adamlar diýsegem, ýalňyşmarys. Sebäbi Arkadag Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan özgerişleriň keşbi, türkmen ykbalynyň belentliklere göterilmegi baradaky ajaýyp aýdym bolup kalplara dolýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Göteriler ol ykbaly türkmeniň» diýilýän döwri, megerem, şu biziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüdir. Çünki halkyň arzuwlarynyň wysaly şu bagtyýar zamanada jemlenendir. Biz muny türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri, döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň ýörelgelerinde aýdyň duýýarys.

Gymmatly mirasyň sarpasy

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny okanyňda, ýaş nesliň terbiýesinde milli gymmatlyklarymyzyň iňňän uly ähmiýetiniň bardygyna göz ýetirmek bolýar. Ata-babalarymyzyň agzybirlik, zähmetsöýerlik, halal ýaşamak, ynsaplylyk, dost-doganlyk hem-de myhmansöýerlik ýaly asylly ýörelgeleri bu kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Kitap turuwbaşdan millilige esaslanýar. Millilik bolsa halkyň gündelik durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belleýär. Biz bilime, ylma uly hormat goýýan halk. Ata-babalarymyz taryhda döreden döwletlerinde bilime, ylma uly üns beripdirler. Gaznaly, Seljuk, Köneürgenç soltanlary döwründe şazadalaryň, begzadalaryň mekdebi ýurduň esasy ylmy ojaklarynyň birine öwrülipdir. Şol mekdeplerde geljekki wezirler, serkerdeler, ilçiler ylym-bilim alypdyrlar.

Akyl sandyklary

Hormatly Prezidentimiziň ylhamdan püre-pür döredijilik dünýäsi bize ummasyz kän baýlyklary eçildi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, döredijilik diýlen düşünje, döretmek diýlen düşünje halkymyzyň müdimilik hemrasy. «Akyl sandygy» diýlen düşünjäni makalamyza ýöne ýere sözbaşy hökmünde saýlamadyk. Sebäbi, men bu düşünjä Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda gabat geldim. Eserde paýtagtdan Tejene mekdep gurmak üçin baran Berdimuhamet aganyň ýany bilen alyp baran iki sany sandygyny ilki kolhozyň başlygy Mody aga egin-eşikdir öýdýär. Emma ol iki sandyk kitapdan doly. Kitaplarda bolsa akyl bar. Şonuň üçin hem sandyklar «Akyl sandygy» diýlip atlandyrylýar. Berdimuhamet agany hemişe we hemme ýerde uly abraýyň eýesi eden şol sandyklar. «Döwlet guşy» romanynyň 11 ýaşly gahrymany, hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly agany hem çagalygynda il arasynda uly adamlar bilen deň derejedäki gahrymana öwren hem şol akyl sandyklarynyň içindäki kitaplar.

Arkadagyň ekologiýa syýasaty

Häzirki döwürde Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny we özboluşly gözelliklerini gorap saklamak hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň netijeliligi hil taýdan täze derejelere çykýar. Bu bolsa daşky gurşawy goramagyň ählumumy wezipelerini çözmekde Türkmenistanyň eýeleýän täsirli ornunyň işjeňligini aýdyň subut edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 14-nji maddasynda «Ýer we ýerasty baýlyklar, suwlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklar Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýar, döwlet tarapyndan goralýar we rejeli peýdalanmaga degişlidir» diýlip, tebigaty goramak bilen bagly gatnaşyklaryň hukuk binýady kepillendirilýär. Bu babatda «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Balyk tutmak we suw biologik serişdelerini goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň, Tokaý kodeksiniň hem ähmiýeti uludyr. Milli kanunçylygymyzda hereket edýän «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem hut şu maksada gönükdirilip, döwletiň daşky tebigy gurşawa we onuň düzüm birliklerine ýetirilýän ýaramaz täsirleriň öňüni almak, adamyň we jemgyýetiň ýaşaýşynyň möhüm bähbitlerini üpjün etmek babatdaky işiniň netijeli hukuk gurallarynyň biri bolup durýar. Mi

Melhemleriň naýbaşysy

Ynsanlara dermanlyk ösümlikleriniň örän köp görnüşini eçilýän jomart topragymyza müň derdiň dermany bolan üzärligiň mekany diýsek hem bolar. Bu ösümligi halkymyz örän irki döwürlerden bäri howadaky ynsan saglygyna howp salýan zyýanly kesel ýaýradyjylary ýok etmek üçin ulanypdyrlar. Onuň dermanlyk ähmiýetiniň örän uludygy barada ýaşuly neslimiz täsirli gürrüň berýärler. Parasatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda: «Üzärlik türkmenleriň arasynda gadym zamanlardan bäri ulanylyp gelinýär. Ata-babalarymyz ony çogdamlap, öýlerinde asyp goýupdyrlar, wagtal-wagtal tütedip, tüssesini daş-töwerege ýaýradypdyrlar. Şeýdip, hemişe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alypdyrlar» diýip, üzärligi irki döwürlerden bäri köp keselleri bejermekde yzygiderli peýdalanandyklary barada nygtaýar. Bu ösümligiň ysyndan zyýanly mör-möjekleriň, hatda ýylanlaryň gaçýandygy barada hem aýdylýar. Üzärligiň ysyndan zyýanly ownuk mör-möjekleriň gaçýandygyny bolsa adamlar örän gadymy döwürlerde bilipdirler. Her hili wiruslaryň adam bedenine düşmeginiň öňüni almakda üzärligiň tüssesiniň örän peýdalydygyny anyklapdyrlar.

Sagdynlygyň kadasyny berjaý et!

Ähli ýerde dilimizde söz başy,Sagdynlygyň kadasyny berjaý et! Tämizlikdir gül durmuşyň gözbaşy,Sagdynlygyň kadasyny berjaý et! Halk biz Gaýmaz Türkmen, Ibn Sinaly,Berk bedenli, syrdam, sagat synaly,Artsyn diýseň dünýämiziň zynaty,Sagdynlygyň kadasyny berjaý et!

Çeniňi bil-de, çemçäňi çek

Lukman Hekim hemaýat isläp, huzuryna baran hassa aýdar eken: «Biz üçdüris. Men, sen, hassaçylyk. Eger menlik bolsaň, iki bolup hassaçylygy ýeňeris. Onluk bolsaň, dadyňa Alla ýetişsin. Dert bilen dolaş-da geziber». Degerli garşylyk görkezip bilmedik Amanmyrat öwrenen endigine erk edip bilmedi. Öňüne gelen aşdan agzyny aýamady. Dograma, palaw iýdi. Onuň bilen kanagatlanman, owkadyň ahyryny etli börek bilen ýetirdi. Ir ikindin ýatdy. Erte guşlukda oýandy. Ýassyk bilen ýar boldy, düşek bilen dost. Garny doýsa-da, gözi doýmady. «Az iýen arassa, köp iýen hassa». Pikiri dürsüň ýaşaýşy ýakymly, ömri uzak bolýar. Ömrüniň dowamynda et iýmegi endik edinmedik Öwezgeldi aganyň hurşy gök ot, miwe, süýt, gatyk boldy. Göreni iş, görmedigi düýş. Iş bilen işikdeş, zähmet bilen ýoldaş. Dokuz onlugy togalady.

Halal zähmet — baky döwlet

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizde ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny has-da pugtalandyrmak, halkymyzyň kanun taýdan goraglylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly uly işler durmuşa geçirilýär. Döwlet gullukçylarynyň halallygyny berkitmäge gönükdirilen kämil kanunlaryň biri-de, «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Täze taryhy eýýamda bu Kanun korrupsiýa garşy hereket etmegiň esasy ýörelgelerini, korrupsiýa garşy göreşiň, korrupsiýany duýdurmagyň, korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryna ýardam eden sebäpleri we şertleri aradan aýyrmagyň we olaryň netijelerini ýok etmegiň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Kanunyň 1-nji maddasynyň 1-nji bölüminde bellenilişi ýaly, korrupsiýa garşy göreş korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalary duýdurmak, ýüze çykarmak, olaryň öňüni almak we üstüni açmak, olaryň netijelerini aradan aýyrmak we günäkär adamlary jogapkärçilige çekmek maksady bilen alnyp barylýar. Şeýle hem ol korrupsiýanyň ýüze çykmalaryndan gelip çykýan howplardan raýatlaryň hukuklaryny goramaga Türkmenistanyň milli howpsuzlygy, döwlet edaralarynyň, şonuň ýaly-da döwlet gullugynyň wezipelerini ýerine ýetirýän adamlaryň hem-de olara deňleşdirilen adamlaryň netijeli işini üpjün etmäge gönükdirilendir. Agzalan Kanunyň 2-nji maddasynda korrupsiýa

Okamak — dünýäni açmak

Ene-atanyň çagasyna miras goýup biljek iň gymmatly hazynasy kämil terbiýedir. Şahsyýetiň kämil bolmagyny üpjün edip biljek iň ygtybarly ýol okamakdyr. Adamyň kitapdan okan zatlary onuň häsiýetine siňýär. Kitap okamak dünýägaraýşyňy giňeldýär, maglumatlaryň ýa-da hadysalaryň dowamyny, netijesini öňünden oýlanmak, utgaşdyrmak, seljermek we pikirlenmek ukybyny ösdürýär. Dowamly kitap okamak ünsüňi jemlemek endigini gazandyrýar. Bu bolsa adama durmuşda islendik ýagdaýlarda özüni ynamly, ugurtapyjy hereket etmäge gönükdirýär. Özümize we jemgyýetimize has gowy düşünmek üçin kitaplar bilen berk gatnaşyk saklap, oňa durmuşymyzyň bir bölegi hökmünde garamagymyz gerek. Iň esasysy bolsa kitap okamak endigini nesillerimiziň aňynda berk ornaşdyrmagymyz zerur. Kitap okamak endikleriň naýbaşysydyr. «Çaga aýdanyňy däl, edeniňi eder» diýlişi ýaly, çagalar örän synçy bolýarlar, olar ene-atasynyň hereketlerini gaýtalamagy gowy görýärler. Şonuň üçin bu ugurda ene-atalaryň görelde bolmagy zerurdyr. Her gün çagalaryňyz bilen kitap okamaga we olaryň okan zatlaryny gürrüň bermegine wagt aýyrmaly. Çagalaryň wagtyny sarpaly we peýdaly sarp etmegi öwrener ýaly gyzyklyja kitaplary sowgat etmegi ýörelge edinmelidir, çagalaryň kiçijik üstünliklerini-de kitaplar bilen sylaglandyrmaly. Öýde ýörite kitaphanajygy döretmeli we çagalary ony ulaltmaga, okan kitaplary bilen baýlaşdyrmaga höweslendirmeli. Tiz wagtda