Gymmatly mirasyň sarpasy

7 Ýanwar 2021
2221

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny okanyňda, ýaş nesliň terbiýesinde milli gymmatlyklarymyzyň iňňän uly ähmiýetiniň bardygyna göz ýetirmek bolýar. Ata-babalarymyzyň agzybirlik, zähmetsöýerlik, halal ýaşamak, ynsaplylyk, dost-doganlyk hem-de myhmansöýerlik ýaly asylly ýörelgeleri bu kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Kitap turuwbaşdan millilige esaslanýar. Millilik bolsa halkyň gündelik durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belleýär. Biz bilime, ylma uly hormat goýýan halk. Ata-babalarymyz taryhda döreden döwletlerinde bilime, ylma uly üns beripdirler. Gaznaly, Seljuk, Köneürgenç soltanlary döwründe şazadalaryň, begzadalaryň mekdebi ýurduň esasy ylmy ojaklarynyň birine öwrülipdir. Şol mekdeplerde geljekki wezirler, serkerdeler, ilçiler ylym-bilim alypdyrlar.

Guwanç SEÝIDOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň talyby.