"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Agzybirligiň gymmaty

Ýurdumyzyň daşary syýasatynda gazanan iň uly üstünligi bolan hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýakym-ýaraşygy, bagtyýar ojaklaryň ýylylygy bolup kalplara dolýar. Paýtagtymyzda baky bagtyň mizemez nyşany bolup seleňläp duran Bitaraplyk binasy bu mukaddes düşünjäni asyrlara, nesillere aşyrjak gymmatlykdyr. Agzybirlik bagtyýar durmuşymyzyň çyragydyr. Agzybirlik hakynda hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Agzybirlik ýagşy amallary hasyl etmegiň hatyrasyna jebisleşmegi aňladýar. «Arzuwsyz adam bolmaýar, ganatsyz hem guş» diýilýär, arzuwlaryň hasyl bolmagy üçin bolsa, ilki bilen, agzybirlik gerekdir. Agzybirlik il-ulsumyzyň bir supranyň başyna jem bolmagydyr. Agzybirlik «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýen ynama ygrarlygymyzdyr. Bir supranyň başyna jem bolan il-halkymyzyň geljege umydy agzybirligimizdedir» diýip, parasatlylyk bilen belläp geçýär.

Tebigatyň gözelliklerini aýalyň!

Yssy howaly günlerde tebigaty goramak meselesiniň wajyplygy has-da artýar. Bu zerurlyk, aýratyn-da, tutuş halkymyzyň dogduk topragyna tükeniksiz mähir-yhlasyndan dörän emeli tokaýlyklary goramakda ýiti duýulýar. Hut şonuň üçin hem tebigat bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda, oňa zelel ýetirilmez ýaly, etjek-goýjak hereketimiziň dürs bolmagyny gazanmagymyz gerek. Tebigata çykanyňda, ot ýakmak gadagandyr, munuň özi ot-çöpli, bag-bakjaly ýerlerde uly ýangynlaryň döremegine sebäp bolýar. Eger ot ýakylan bolsa, soňuna çenli durup, ot ýakylan ýere gum sürüp, közüni mazaly öçürmeli, onuň öçendigine magat göz ýetirip, ol ýerden gaýtmaly. Çalgy ýagy ýa-da ýeňil ýanyjy suwuklyklar siňen esgileri, söndürilmedik çilim, döwlen çüýşe ýa-da aýna bölekleri taşlansa, Gün şöhleleriniň ugruny üýtgedip geçmegi zerarly guran ot-çöpleriň gyzmagy netijesinde, oduň öz-özünden döremegine getirip bilýändigini unutmaly däldiris. Mundan başga-da, tebigata ulagly çykan adamlar awtoulagyň, aýratyn hem onuň tüsseçykaryjysynyň gurat bolmagy barada aladalanmalydyr. Bu enjam ýörite uçgun söndüriji bilen üpjün edilmelidir.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik tagallalary

Arkadagly eýýamymyzda döwrebap öwüşginler bilen barha baýlaşýan medeniýetimiz dünýäniň Gün tertibinde duran meseleleri çözmekdäki tagallalaryň birleşmegine hem aýdyň ýollary açýar. Munuň özi ykdysady ösüşleri hem ilerledip dünýä hojalygynyň sazlaşykly ösüşini gazanmaga oňyn itergi berýär. Çünki halklaryň medeniýetleriniň dostlaşmagy bilen ykdysady bähbitler öz ornuny tapýar. Ykdysady bähbitler bolsa döwletleriň ösüşini, ösüşler bolsa dünýäniň iň möhüm meselelerini çözmekde garaýyşlary birleşdirýär. Döwlet Baştutanymyzyň taryhy başlangyçlary esasynda 2013-nji ýyldan bäri geçirilmegi ýola goýlan Medeniýet hepdeligi milli ýörelgelerimizi barha baýlaşdyrýan däbimize öwrüldi. Bu iri medeni forum çuň mazmunly çäreleri bilen ykdysady ösüşlerimizi hem dabaralandyrýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 22-nji iýunynda Lebap welaýatynda açylan Medeniýet hepdeliginiň Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we dünýäde geçirilýän çäreleriň baý mazmunyny özünde jemleýän ajaýyp toý öwüşgini hem muny aýan edýär.

Kämil kanun — ösüşleriň binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ugurlar boýunça üstünliklere ýetilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda ýaýbaňlanan demokratik özgertmeler milli kanunçylyk binýadynyň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzda her bir adamyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny göz öňünde tutmak bilen, raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny doly berjaý etmek maksatlaryndan ugur alýan hormatly Prezidentimiziň öňe süren demokratiýa taglymaty 2021-nji ýylda uly üstünlikler bilen durmuşa geçirilýär. Onuň aýdyň mysaly hökmünde şu ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň VI çagyrylyşynyň 14-nji maslahatynda häzirki döwrüň jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesi kabul edildi we täzeden rejelenildi. Şu ýylyň 5-nji iýunynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň I çagyrylyşynyň 1-nji maslahatynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalar biragyzdan makullanyldy.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri

Hormatly Prezidentimiz döwletimizi ösdürmegiň hemmetaraplaýyn maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şol sanda energetika ulgamynyň hem toplumlaýyn ösdürilmeginde ekologiýa abadançylygynyň, daşky gurşawyň arassalygynyň kesgitleýji ölçeg bolmagyny hemişe üns merkezinde saklaýar. Şunuň bilen baglylykda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýän hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny möhüm ähmiýete eýedir. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanmak bilen energiýany öndürmek, energetika ulgamynyň düzümini kämilleşdirmek, energiýa çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak hem-de ykdysadyýetiň durnukly ösüşini gazanmak bu ugurdaky kanunçylygyň esasy maksady bolup durýar. Gün energiýasy, ýel energiýasy, suw akymlarynyň tebigy hereketiniň energiýasy, Ýeriň we daşky gurşawyň ýylylyk energiýasy we beýlekiler gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini emele getirýär.

Howpsuzlygy üpjün edeliň

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň amal edilmegi netijesinde halkymyzyň asuda, abadan ýaşaýşyny üpjün etmek, bolelin, eşretli durmuşyň hözirini görmekleri üçin döwlet derejesinde taýsyz tagallalar edilýär. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri tarapyndan Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän, eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, ykdysadyýet desgalarynda, guramalarda ýangynlaryň öňüni alyş çäreleri, düşündiriş söhbetdeşlikleri yzygiderli geçirilýär. Çäreler ýangynlaryň azalmagyna ýardam edýär.

Ýatdan çykmajak pursatlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe il-ýurt bähbitli işleriň amala aşyrylýan ajaýyp zamanasynda eziz Watanymyz günsaýyn ösýär, özgerýär. Beýik ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ýagty ertirleri nazarlaýan mähriban halkymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak şatlykly wakalara beslenip, taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän taryhy ýylynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ak pata bermeginde Kerki halkara howa menziliniň açylyp, ulanylmaga berilmegi hem ildeşlerimiziň toý şatlygyny goşalandyrdy. Dünýäniň iň kämil enjamlary ornaşdyrylan, döwrebap migrasiýa gözegçiligini amala aşyrmak üçin ähli mümkinçilikler döredilen bu täze halkara howa menzilinde ýolagçylara, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlara ýokary hilli migrasiýa hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir.

Medenýetiň sarpasy

Medeni miraslarymyz halkymyz üçin aýratyn sarpalanýan gymmatlyk bolmak bilen, bütindünýä medeni mirasynyň hem aýrylmaz bölegidir. Senagat, ykdysadyýet, ylym-bilim bilen bir hatarda milli medeniýetimiziň galkynyşly gadamlarynda taryhy we medeni mirasyň baýlyklary mynasyp orun tutýar. Milli medeniýetiň döwletliligi berkitmekde, sungatyň dürli ugurlarynyň kämilleşmeginde wajyp ähmiýeti bar. Medeni gymmatlyklar adamyň döredijilik mümkinçilikleriniň artmagyna hem oňyn täsir edýär. Gahryman Arkadagymyzyň mähriban halkyna sowgat beren «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Ile döwlet geler bolsa...», «Çaý — melhem hem ylham», «Arşyň nepisligi», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýaly birnäçe kitaplary türkmen medeniýetiniň we sungatynyň kämilleşmeginde ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Medeniýet we sungat ynsan kalbynyň owazydyr.

DÖWRE BUÝSANÇ — ZÄHMETE HYJUW

Selbi SAPARNAZAROWA, Daşoguz welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgäri, polisiýanyň kapitany: — Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligi uly şatlyk-şowhun bilen dowam edýär. Bu ajaýyp baýramçylyk her ýyl hem ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp guralýar.

Gümrük gullugynyň sanly mümkinçilikleri

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy bilen Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işi döwrebap kämilleşdirilip, onuň hukuk we maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýetimizi döwrebap ösdürmegi netijesinde, Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri has-da artdy, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi ýokarlandy, maýa goýumlary giňeldildi. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan döwletimizi dünýäniň ulag-logistika merkezine öwürmegi bilen ýurdumyzda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň giň tory döredildi. Ol Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça hereket edýär. Şeýle hem gury ýer, howa we suw ýollary arkaly söwda-ykdysady gatnaşyklar döwrebap häsiýete eýe bolýar. «Serhetýaka», «Ymamnazar» ýaly döwrebap gümrük nokatlarynda elektron ulgam hereket etmek bilen, demir ýol ulaglaryndaky ýükler awtomatik usulda kompýuterler arkaly barlanylyp, jikme-jik hem-de takyk gümrük gözegçiligi geçirilýär. Bu bolsa harby gullukçynyň wagtyny tygşytlaýar we işiň hiliniň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Ine, şunuň ýaly innowasion tehnologiýalara we enjamlara daýanýan awtomatika ulgamy gullugyň harby gullukçylaryň öz hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmeklerini talap edýär.

Tebigaty goramak — ählumumy wezipe

2021-nji ýylyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiz BMG-niň gazylyp alynýan senagat boýunça ýokary derejeli ählumumy forumynda «Gazylyp alynýan pudaklar durnukly ösüşiň hereketlendirijisidir» atly mowzuk bilen çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda senagat önümçiliginiň zyňyndylarynyň daşky gurşawa edýän zyýanly galyndylaryny peseltmek boýunça Türkmenistanda uzak möhletli, giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny habar berip, adamzadyň umumy öýi bolan tebigatymyzy goramak boýunça täze halkara başlangyçlary öňe sürdi. Ynsan bilen tebigaty biri-birinden üzňe göz öňüne getirip bolmaýar. Çünki ynsanyň ömri, has oňaýly ýaşaýyş şertleri, maddy üpjünçiligi tebigatyň baýlyklary we onuň ekologiýa mümkinçiliklerine esaslanýar. Şol bir wagtda tebigat ynsanyň iň ýakyn lukmanydyr. Onuň esasy bejeriş güýji Günüň mylaýym şöhlesinde, arassa howasynda, süýji suwunda hem-de ösümlik we haýwanat dünýäsiniň dermanlyk täsirlerine baý gymmatlyklarynda jemlenendir. Şoňa görä-de, tehnologiýanyň häzirki zaman ösen dünýäsinde daşky tebigy gurşawa jogapkärli çemeleşmek, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak we biodürlüligini baýlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işleri yzygiderli alyp barmak Zeminiň abadançylygyny goramak hem-de senagatyň zyýanly zyňyndylarynyň ekologiýa wehiminden goranmak bilen bagly tutuş ynsan nesilleriniň öňünde duran baş wezipeleriň biridir. Her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gu

Bitaraplyk we halkara hyzmatdaşlyk

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz häzirki döwürde dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýup, halkara guramalarynyň işine işjeň gatnaşýar. Dünýä bileleşiginiň deňhukukly agzasy hökmünde özüniň özbaşdak daşary syýasatyny ýöredýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy türkmen halkynyň taryhy geçmişi bilen aýrylmaz baglanyşykly. Ýurdumyz Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap, halkara gatnaşyklarynyň ulgamynda öz ornuny, ýol-ýörelgelerini tapmaga çalyşdy. 1995-nji ýylda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Onda ýurdumyzyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilmeginiň halkymyzyň häzirki we geljekki nesilleriniň durmuşynda ägirt uly ähmiýete eýedigi nygtalýar.  Parasatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleri hukuk taýdan goldamaga gönükdirilen milli kanunçylygymyz döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Esasy Kanunymyzyň 2-nji maddasyna dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy hakyndaky kadalar girizildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýä

Döwlet bilen raýatyň arasyndaky gatnaşyklaryň hukuk binýady

Hormatly Prezidentimiziň milli kanunçylygymyzy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak barada berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Kanunyň hökmürowanlygy bellenilen ýurdumyzda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmeginiň kanunçylyk binýadynyň has-da kämilleşdirilmegi maksady bilen täze kanunçylyk namalary kabul edilýär. Şolaryň hatarynda her bir şahsyň özüniň hukuklary we kanuny bähbitleri bilen gönüden-göni bagly bolan meseleler boýunça administratiw edara ýüz tutmaga, haýyşnama bildirmäge ýa-da administratiw edaradan maglumat almaga hukugynyň berjaý edilmeginde «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny möhüm ähmiýete eýedir. Bu Kanunda administratiw edaranyň raýatlaryň ýüztutmalary boýunça degişli çözgütleri kabul etmäge ýa-da maglumaty bermäge borçludygy beýan edilýär. Şonuň ýaly-da, administratiw önümçiligi amala aşyrylanda administratiw edaralaryň beýleki administratiw edaralar, gaýry guramalar bilen administratiw önümçiligi amala aşyrmak üçin zerur bolan ýüztutma ibermek, resminama we (ýa-da) maglumat alyşmak arkaly, şeýle hem beýleki görnüşlerde özara gatnaşyklarynda hyzmatdaşlygynyň kanunyň esasy ýörelgeleriniň sanawynda görkezilendigini bellemek gerek. Kanuna laýyklykda, administratiw edara gyzyklanýan şahsa arza ýa-da haýyşnama bermekde, arzada ýa-da haýyşnam

Ahlak kadalary

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem şol uly işleriň biridir. Bu Kanun döwlet gullukçysynyň ahlak keşbine we işewür sypatlaryna talaplary ýokarlandyrmaga gönükdirilendir we döwlet gullukçysynyň hünär işini mynasyp amala aşyrmagy üçin onuň umumy etiki kadalaryny we özüni alyp baryş düzgünlerini belleýär diýlip, Kanunyň girişinde beýan edilýär. Kanun 2016-njy ýylyň 26-njy martynda kabul edilip, ol dört bapdan, on alty maddadan ybaratdyr. Kanunyň maddalarynda döwlet gullukçylarynyň gulluk özüni alyp barşynyň ýörelgeleri, düzgünleri, hünär etikasy, gulluk etikasy we başga-da birnäçe kadalar öz beýanyny tapýar. Milli kanunçylygymyzda döwlet gullukçysy — bu döwlet gullukçylarynyň wezipeleriniň sanawynda görkezilen wezipäni eýeleýän we döwlet gullugynyň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça işi amala aşyrýan Türkmenistanyň raýaty hasap edilýär.  Bu Kanunda bellenilişi ýaly, döwlet gullukçylary wezipe borçlaryny ýerine ýetirenlerinde kanunylyk ýörelgesini, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, kanunlarynyň we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna goldanmalydyrlar. Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasatyna ygrarly bolmalydyrlar we ony yzygiderli durmuşa geçirmelidirl

Çagalaryň goragynyň kanunçylyk esaslary

Ýurdumyzyň röwşen geljeginiň binýadyny tutjak edepli, terbiýeli, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly ýaşlary kemala getirmek her bir adamyň öňünde durýan esasy wezipedir. Döwletimizde çagalaryň hukuk goragyna degişli kanunçylygy kämilleşdirmäge we halkara kadalaryna laýyk getirmäge aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda döwletimizde çagany goramak, olaryň hemmetaraplaýyn ösmegini gazanmak, saglygyny gorap saklamak, olary özbaşdak durmuşa we zähmete taýýarlamak bilen bir hatarda, maddy we durmuş ýeňillikleriniň ygtybarly hukuk, durmuş kepillikleri döredilýär. Ýurdumyzda «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriniň Milli meýilnamasy» we ondaky çäreler giň gerim bilen durmuşa geçirilýär. Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde Birleşen Milletler Guramasy bilen örän netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Türkmenistan BMG-niň Çagalar gaznasy bilen köp ýyllardan bäri hyzmatdaşlyk etmek bilen enäniň, çaganyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, wagyz etmek bu babatda milli kanunçylygy halkara talaplarynyň derejesine ýetirmek boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklary giňden alyp barýar. Türkmenistan BMG-niň çagalar babatynda kabul eden resminamalarynyň onlarçasyna gatnaşýar. Olaryň hatarynda Çagalaryň diri galmagyny, goralmagyny we ösmegini üpjün etmek hakyndaky bütindünýä Jarnamasyny, Çagalaryň halkara o

Sagdynlygyň ilkinji şerti

Arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek maşgala agzalarynyň her biriniň borjudyr. Aşhananyň, azyk önümleriniň, gap-çanak saklanýan we nahar bişirilýän ýeriň arassaçylygy gönüden-göni öý bikesine baglydyr. Çünki arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi ýüze çykyp biljek möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam edýär. Her bir ene-ata öz çagalarynyň arassaçylyk düzgünlerini berjaý edişlerine gözegçilik edip, onuň saglygymyzy goramakda uly ähmiýetiniň bardygyny gaýta-gaýta düşündirmelidirler. Şahsy arassaçylygy berjaý etmekde maşgala agzalarynyň her biriniň aýratynlykda süpürgiji, elýaglygy bolmalydyr. El süpürilýän hem-de hammam süpürgiçlerini tiz-tizden ýuwup durmak hökmanydyr. Beden arassaçylygynyň talaplary doly we dogry ýerine ýetirilende adam hemmetaraplaýyn sagdyn bolýar. Bu egin-eşigiň, aýakgabyň, ýorgan-düşegiň arassaçylygyna-da köp derejede baglydyr. Biz kadaly iýmitlenmek boýunça zerur bolan ýönekeýje düzgünleri hökman bilmelidiris. Ilki bilen, ähli iýmitler kadaly ýagdaýda saklanmalydyr. Gök önümler we miweler iýilmezden öň, akyp duran suwda gowy ýuwulmalydyr. Adam ter gök önümleri we miweleri näçe köp iýse, şonça-da onuň bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukyby güýçli bolýar. Keselleriň öňüni almaga ýykgyn etmek we öz saglygyny gorap saklamak her adamyň borjudyr. Ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent

Alabaýyň merdem dünýäsi

Türkmen alabaýy hakda söhbet edilse, uly-kiçi ýüregi bilen berlip, hezil edip diňleýär. Alabaý özüne mahsus häsiýeti bilen ynsan durmuşynda mizemez orun tutmagy başardy. Ynsanyň ruhy dünýäsine kybap gelýän alabaý indi ýedi yklymyň ähli ýerinde tanalýar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmen alabaýy» atly meşhur kitabynda şeýle dürdäne setirleri ýazýar: «Türkmen alabaýynyň wepaly, batyr durky ruhy hem-de beden sagdynlygyny bize nusga edýän gözellikdir». Bu ajaýyp garaýyşdaky wepalylyk we batyrlyk sözleri aýratyn üns berilmäge mynasypdyr.  Arkadag Prezidentimiziň Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasyny döretmegi, Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen birlikde Türkmen alabaý itleriniň baýramynyň bellenilmegi gadymyýetiň jümmüşinden ynsan ykbalyny ykbal edinen türkmen alabaýynyň şöhratyny dabaralandyrmaga gönükdirilendir. 2020-nji ýylyň 31-nji awgustynda paýtagtymyzda edara binasy ýerleşen Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň esaslandyryjy mejlisi geçirildi. Ermenistandan, Belgiýadan, Belarusdan, Gruziýadan, Eýrandan, Hytaýdan, Russiýadan, Türkiýeden, Özbegistandan, Ukrainadan, Fransiýadan bolan kinologiýa federasiýalarynyň, assosiasiýalaryň, klublarynyň, ylmy-barlag merkezleriniň wekilleriniň bu halkara foruma gatnaşmaklary türkmen alabaýynyň şanynyň we onuň häzirki zaman şertlerindäki möhümliginiň ähmiýetini açyk-äşgär etdi. Türkmen alabaýynyň köpeldili

Peýdaly endik — terbiýäniň gözbaşy

Pederlerimiz ynsana baha berende, ilki bilen, onuň edep-terbiýesine üns beripdirler. Ýaş nesle berilýän ylym-bilim, edep-ekram babatynda türkmen akyldary Döwletmämmet Azadydan şeýle bir rowaýat aýdylýar:  Perzendi okuw ýaşyna ýetende, bir zenan öz çagasyny Azadynyň huzuryna getirip:  — Şu dogmamyza edep we bilim beräýseňiz — diýenlerinde, dana: — Bilim bereýin, perzendiňiz bilim ýaşyna ýetipdir. Emma edep meselesinde, gijä galan bolmasaňyz biri, sebäp çaga edep bermek has ir, ýagny perzent enesiniň göwresindekä başlanýar — diýip, jogap beripdir. Hawa, öýüň ýaraşygy — perzent. Durmuşyň özeni — perzent. Maşgalada terbiýesi jüpüne düşen çagalar durmuşda bagtdan paýly bolup ýaşaýarlar. Terbiýe maşgaladan başlanýar. Edepli çagalary kemala getirmekde terbiýäniň endik etdirmek usuly juda ähmiýetli bolupdyr. Ilhalar gylyk-häsiýetlere, halal zähmete, köp kitap okamaga, öýüň içini-daşyny tämiz saklamaga, öwüt-nesihaty diňlemäge, arassaçylygy berjaý etmäge, salamly bolmaga endik eden çagalar akylly, adamkärçilikli, mylakatly bolup ýetişýärler.  Il içinde «Arassaçylyk saglygyň girewidir» diýen aýtgy ýörgünli. Tämizlik terbiýäniň endik usulynyň hem girewidir. Arassa geýnüwli, tämiz we ykjam adam jemagat içinde göze ýakymly görünýär. Arassaçylygy berjaý etmek çaganyň gündelik durmuş endigine öwrülmelidir we ol maşgalada berilýän terbiýe bilen berk baglan

Watanperwerligiň waspçysy

Türkmen halkynyň buýsanarlyk taryhy bar. Diýmek, şeýle şan-şöhratly taryhyň döremegine sebäp bolan beýik şahsyýetleri-de kän. Türkmen nusgawy edebiýaty arkaly ynsan aň-düşünjesiniň kämilleşmeginde we baýlaşmagynda uly hyzmatlary bitirip, watançylyk ruhly söz gudratyny döreden akyldar şahyrlarymyzyň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli terbiýelemekde türkmen halkynyň taryhyny, ruhy dünýäsini bilmekde Magtymgulynyň eserleri gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň watançylyk, agzybirlik, jebislik ýaly ugurlar boýunça öňe süren sagdyn pikirleriniň döwründe mynasyp beýanyny tapandygyna bu gün bütin dünýä göz ýetirýär.  Hormatly Prezidentimiz özüniň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp eserinde Magtymgulynyň döredijiligindäki öňe sürülýän watançylyk waspy barada: «Türkmen topragynyñ hakyky watançysy, joşgunly waspçysy Magtymguly Pyragynyñ şygyrlary jemgyýetimiziñ ruhy kämilligine, ahlak sagdynlygyna hyzmat edýär, halkymyzyñ watansöýüjiligini, erkinligini, bitewüligini, agzybirligini, ýokary adamkärçilik sypatlaryny wasp edýän belent aýdym bolup ýañlanýar» diýip, uly hormat bilen belleýär.  Şahyryň döredijiliginiň özeni watançylyk söýgüsinden başlanýar. Onuň watansöýüjilik, halallyk, pespällilik, adamkärçilik duýgulary bilen bezelen çuň many-mazmunly eserleri halkymyzyň ruhy baý

Türkmen medeniýeti, türkmen sungaty

Gözbaşynda duran paýhasly Oguz, Gadymy medeni-ruhy gymmaty. Milli äheňlere eýlenen owaz, Türkmen medeniýeti, türkmen sungaty. Änew, Margiana, Nusaý, Ürgenji, Şan-şöhraty bu gün dünýäň nusgasy. Maddy däl mirasy, hazyna-genji,Türkmen medeniýeti, türkmen sungaty. Kalplara ornaşdy «Mukamyñ syry», «Şükür bagşy» milli sazyň gudraty.Geçmişiñ, geljegiñ sahna eseri,Türkmen medeniýeti, türkmen sungaty. «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly», Geljek nesilleriñ köňül ganaty. ÝUNESKO-nyñ mirasynda goragly, Türkmen medeniýeti, türkmen sungaty. Asuda asmanda parlaýar Tugy, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk — gudraty, Döwrüň galkynyşy hem beýik ruhy, Türkmen medeniýeti, türkmen sungaty, Ynsanperwer, ýagşylyga ýugrulan, Däp-dessury, ula-kiçä hormaty. Arkadagyň paýhasyndan nurlanan, Türkmen medeniýeti, türkmen sungaty.