"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Himiýa senagatynda ekologiýa abadançylygy

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolan himiýa senagatynyň ösdürilmegine ähmiýet berilýär. Munuň özi «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» öz beýanyny tapdy. Bu maksatnamalaryň esasy maksady ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde ylmyň tutýan ornuny ýokarlandyrmakdan, şol sanda himiýa ylmynyň we täze himiki tehnologiýalaryň üsti bilen ekologiýa taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň innowasion we sanly tehnologiýalary işläp düzmekden ybaratdyr. Himiýa — ylmyň möhüm pudagy bolup, ýurdumyzda himiki tehnologiýalar ylmyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Himiýa senagatynda ylmyň ösdürilmegi üçin innowasiýalaryň girizilmeginiň uly ähmiýeti bardyr. Himiki maddalar we himiýa önümleri gurluşykda, azyk senagatynda, oba hojalygynda, farmasewtikada, dokma senagatynda, lukmançylykda, biologiýada we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda giňden ulanylýar. Çünki himiýa tehnologiýasy çig maly gaýtadan işlemäge, şol bir çig maldan dürli görnüşli önümleri almaga, olary toplumlaýyn ulanmaga mümkinçilik berýär.

Kanunçylyk we demokratiýa

Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda bolup geçýän özgerişler berk hukuk esaslaryna eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek iki palataly parlamentiň döredilmegi kanun çykaryjy ulgamyň işini hil taýdan täze derejä çykarmak bilen ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde geçirilýän özgerişleriň berk kanunçylyk binýadyny kemala getirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa halkymyzyň milli ýörelgelerini dünýäniň syýasy ylmynda we tejribesinde öňe sürlen gymmatlyklar bilen utgaşdyrmak esasynda kämil derejede raýat jemgyýetiniň kemala gelmegini üpjün edýär. Bagtyýarlyk döwrümizde Türkmenistanyň ösüşi ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny düýpli, mazmun taýdan täzelemäge, demokratik edaralaryň işine häzirki zaman ölçeglerini we kadalaryny ornaşdyrmaga, döwletiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge, adamyň döredijilik mümkinçiliklerini açmak, raýatlyk hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek we goramak üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen öňdebaryjy özgertmeler bilen häsiýetlendirilýär.

Berjaý edilmeli kadalar

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy tomus paslynyň dowam edýän döwründe hormatly ýaşaýjylary, zähmetsöýer raýatlarymyzy ýaşaýyş jaýlarynda, iş ýerlerinde elektrik, gaz enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dogry berjaý etmäge çagyrýar. Hormatly raýatlar! Öýden gitmezden öň, öýüň içini gözden geçirmekligi unutmaň! Öýüň içinde bar bolan ähli elektrik birikdirijileriň boşdugyny, elektrik gyzdyryjy enjamlaryň ýanyjy materiallaryň üstünde durmaýandygyny, olara ýanyjy materiallaryň degmeýändigini doly gözden geçiriň. Öýleriňizde, iş ýerleriňizde ulanylmaga zerurlygy bolmadyk elektrik, şeýle hem gaz enjamlary ulanyşdan doly aýrylsa, howpsuzlyga ýardam eder. Elektrik enjamlary gurnamak işi diňe şol ugurdan işleýän hünärmenler tarapyndan amala aşyrylmalydyr, enjamlaryň iş ýagdaýlaryna yzygiderlilikde gözegçilik edilmelidir.

Gün şöhlesiniň täsiri

Gün şöhlesiniň täsiri arkaly bedende ýaşaýyş üçin derwaýys maddalar döreýär. Onda ýaş çagalarda rahit keseliniň öňüni almaga ýardam edýän D witamini bar. D witamini almak üçin her gün irden 10:00-a çenli (15—20 minut), agşam 18:00-dan soň çagajyk bilen gezelenç etmek ýeterlikdir. Gün şöhlesi uly adamlar üçin hem gerekdir. Haçan-da beden üçin gerek bolan Gün şöhlesi kabul edilmese, adamda keýpsizlik, ukusyzlyk döreýär we depressiýanyň ýüze çykmagyna getirýär. Adam Günsüz oňup bilmez, ýöne Gün şöhleleriniň adam saglygyna belli derejede zyýanlydygyny-da ýatdan çykarmaly däldiris. Gün şöhlesiniň zyýanly täsiri A, B, C şöhlelerinden ybarat bolan ultramelewşe şöhleleri arkaly ýüze çykýar. Ultramelewşe şöhläniň Ýer gatlagyna çenli ýetip gelýän Gün şöhlesiniň esasy bölegini A şöhleler emele getirýär. Ultramelewşe A şöhleler otag aýnalaryndan göni, eşiklerden kem-käsleýin geçýär we deriniň derasty öýjüklerine aralaşyp bilýär. Bu şöhle derini ýakmaýar, ýöne deride howply täze döremeleriň emele gelmegine we adamyň derisiniň tiz garramagyna uly täsir edýär. B şöhleleriň 70 göterimi derasty öýjüklerine aralaşyp bilmeýär, ýöne D witaminiň işlenip çykarylmagyna itergi berýär. Bedeniň Güne ýanmagyna we deride Gün ýanygynyň döremegine getirýär. C şöhlesi atmosferanyň ozon gatlagyndan geçmeýär we adama howp salmaýar.

Hukukçynyň sözleýiş medeniýeti

Hormatly Prezidentimiz ýurduň ösüşiniň düýp özenini öňi bilen, ýaş nesillerimiziň ylym, bilim ulgamynda gazanan üstünliklerinde, olaryň ata-babalarymyzyň gazanan akyl, ruhy baýlyklaryna wepaly bolmaklarynda we olary täze açyşlar bilen dowam etmeklerinde, medeniýeti hem-de sungaty ösdürmekde görýär. Ylmyň, tehnikanyň düýpli ösýän häzirki zaman jemgyýetinde hukuk medeniýetini we aňyýetini ösdürmegiň möhüm serişdesi bolan dil — dil biliminiň esasy meseleleriniň biri bolup durýar. Hukukçynyň sözleýiş medeniýeti babatyndaky meseleleri öwrenmek dil biliminiň, şol bir wagtda, onuň kanunçylyk esaslaryny berkitmek bolsa, hukuk ylmynyň öňünde duran derwaýys meseleleriň biridir. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugruna öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 8-nji ýanwarynda milli Liderimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gadymdan gelýän milli ynsanperwer ýörelgelere laýyklykda, iň döwrebap enjamlar, interaktiw tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman döwlet hünär bilimi edaralarynda ýaşlara halkara derejesinde bilim we terbiýe bermäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, durmuş, medeni, ruhy we beden taýdan ösüşine ýardam etmäge

Bar meniň

Päklikde ak daňa kybap niýet-pälim bar meniň, Menzilleri nazarlaýan aýdyň ýolum bar meniň, Aşy bir suprada taýýar jebis ilim bar meniň, Ösüşlermiz taryplaýan saýrak dilim bar meniň, Pederlermiň arzuwlany ajap çagym bar meniň. Bäş müň ýyllyk taryhym bar, şöhrata baý geçmişim, Danalaryň paýhasyndan akyl meýin içmişem, Derelerin, jülgelerin daban yzlap geçmişem, Ter howasyn başa çekip, sermest bolup göçmüşem, Gatlarynda Kowus gezen Köpetdagym bar meniň.

Türkmeniň

Hormatly Prezidentimiz beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ruhy gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda hem uly işleri amala aşyrýar. Mähriban Arkadagymyzyň ruhy sütünimiz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde bellemek baradaky gol çeken taryhy Karary munuň aýdyň subutnamasydyr. Munuň üçin döwlet Baştutanymyza alkyşymyz bimöçberdir. Söz ussadymyzyň döredijiliginiň Jemşidiň jamyna meňzedilmegi ýöne ýere däl. Durmuşyň ähli meseleleri şahyryň şygyrlarynda öz çeper beýanyny tapýar. Bu baky parlak goşgularda döredijilik adamy üçin öwrenere, täsir alara zat juda kän.

Beýik ösüşleriň ýalkymy

Ata Watanymyzda bolup geçýän taryhy wakalar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny aýratyn many-mazmuna besleýär. Olar ruhy galkynyşyň ýokary göterilmegine, jemgyýetde milli agzybirligiň, asudalygyň we jebisligiň dabaralanmagyna bahasyna ýetip bolmajak täsirini ýetirýär. Iýun aýy hem taryhy wakalara baýlygy bilen tapawutlanyp, mähriban halkymyzyň eziz Diýarymyza, hormatly Prezidentimize bolan buýsanç duýgusyny artdyrdy. Bilşimiz ýaly, 28-nji iýunda hormatly Prezidentimiz resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Iki döwlet Baştutanynyň arasynda geçirilen gepleşikler gadymdan gelýän türkmen-gyrgyz dostlugynyň barha berkeýändigini subut etdi.

Gallaçylarymyzyň zähmet üstünligi

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ekerançylyk medeniýetiniň gadymy mekany bolan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda ýylyň-ýylyna ekinleriň dürli görnüşleriniň bol hasyly ýetişdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamasy bilen bütin dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda ýurdumyzyň daýhanlary Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Milli Liderimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mähriban halkyna, zähmetsöýer babadaýhanlaryna, edermen gallaçylaryna iberen Gutlagynda nygtaýşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynda bedew bady bilen okgunly öňe barýan eziz Diýarymyzda ykdysady, syýasy we medeni taýdan giň gerimli ösüşler gazanylýar. Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşleriň täze belentliklerine göterilýän häzirki döwründe oba hojalygyny ýokary depginler bilen ösdürmek we özgertmek, iň bir girdejili pudaklaryň birine öwürmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen daýhanyna döwletimiz tarapyndan öndürijilikli işlemäge, toprakdan bol hasyl öndürip, ýokary zähmet netijelerini gazanyp, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär.

Ylym — belentlige badalga

Parasatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmek, ýaşlarymyzyň häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryna erk edip bilmegini gazanmak ýaly meselelere uly ähmiýet berýär. Bu babatda milli Liderimiz: «Halkymyzyň «Okaýan il ozar» diýen ajaýyp pähimi bar. Şoňa görä-de, ylym we bilim ulgamlaryny düýpli özgertmek hem-de kämilleşdirmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu ulgamlar ýurdumyzyň täze belentliklere tarap öňe gitmeginiň, bilim bermegiň dünýä derejesine çykmagynyň hem-de ýaş nesilleri terbiýelemegiň düýpli esaslarynyň biridir» diýip belleýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň täze taryhy eýýamynda ylym ulgamyny ösdürmäge, ýaşlarymyzyň döwrebap derejede bilim we hünär öwrenmegine, ylmy işler bilen meşgullanmagyna, şeýle hem olaryň dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşmagyna hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berilýär.

Ykdysady hyzmatdaşlyk — rowaçlygyň ýoly

Ýurdumyz halkara guramalary bilen, ilkinji nobatda, BMG we onuň iri düzüm birlikleri bilen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürýär. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy hem ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Şu ýerde türkmen Bitaraplygynyň dünýäde biragyzdan goldanylmagynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň syýasy ornuny aýratyn bellemek ýerlikli bolar. 2021-nji ýylda Türkmenistan bu sebitleýin gurama ýolbaşçylyk edýär. Şu ýyl Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Yslamabat sammitinde öňe süren başlangyçlarynyň häzirki wagtda iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini aýtmak buýsandyryjydyr. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisi bilen ugurdaş Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijileriniň, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy sebitde ykdysady goşulyşmagyň we adamlaryň abadan durmuşynyň kepili bolar.

«Arkadag» myhmanhanasy dünýä gujak açýar

Paýtagtymyz Aşgabatda durmuşa geçirilýän giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasy ýurdumyzyň baş şäheriniň Aziýanyň merjeni hökmündäki derejesiniň nobatdaky ykrarnamasyna öwrülýär hem-de milli ykdysadyýetimiziň barha berkeýän kuwwatyna şaýatlyk edýär. Ýakynda merjen şäherimiz Aşgabadyň gözelligine gözellik goşýan, dünýä arhitekturasynyň naýbaşy nusgasy «Arkadag» myhmanhanasynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň ýokary ruhubelentlikde bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzy şöhratlandyrýan wakalaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjy hem-de taýsyz tagallalary bilen bina edilen bu myhmanhana mermer paýtagtymyzy ösdürmegiň çäklerinde amala aşyryldy.

Il bähbitli desgalar

Toý gününde ýürekler şatlyk küýseýär. Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda şatlyk-şowhuna beslenip geçirilen Medeniýet hepdeligi halkyň öz medeniýetiniň hormatyna bir hepdeläp döwlet derejesinde bellenildi. Döwlet derejesindäki toý-baýramlarda il bähbitli binalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi indi Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda özboluşly ajaýyp dessura öwrüldi.

Merdana gallaçylar

 Mähriban Watanymyzyň gallaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, merdanalyk görkezdiler. Öňde goýlan wezipeleriň hötdesinden gelmek, özüňi, öýüňi, ýurduňy baýatmakdyr, gurplandyrmakdyr. Ata-babalarymyz: «Arpa-bugdaý aş eken, altyn-kümüş daş eken» diýip, ýöne ýere nygtamandyrlar.  Ýurdumyzyň gallaçy daýhanlary bolsa Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Elbetde, milli Liderimiziň ýörite ugradan Gutlagynda nygtaşy ýaly: «Türkmen daýhanyna döwletimiz tarapyndan öndürijilikli işlemäge, toprakdan bol hasyl öndürip, ýokary zähmet netijelerini gazanyp, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär». Mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmak bolsa, milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, merdanalykdyr. 

Rysgal başy — bugdaý

 Ata-babalarymyzyň mesgen tutan, ýurt tutan — ene toprak diýip atlandyrýan topragy hakykatdan hem ene ýaly sahawatly. Ata Watanymyzyň dag ýerinde dagy, deňiz ýerinde deňzi bar, derýa ýerinde derýasy, sähra ýerinde sährasy bar. Goýny keremden, topragy bereketden, sahawatdan doly. Rowaýatlarda aýdylyşy ýaly, Müsürde Ýakubyň ogly Ýusup, galla ätiýajynyň zerurdygyny duýanlygy üçin soltanlyk tagtyna rowa görülýär. Diýmek, baýlyk başy bugdaýdadyr. Gallaçy daýhanlarymyz bolsa sahawatly türkmen topragynda bugdaýyň bol hasylyny öndürdiler. Zähmet ýeňşiňiz gutly bolsun, gallaçy daýhanlar! Döredip beren mümkinçilikleriňiz we zerur şertleriňiz üçin Taňryýalkasyn, Gahryman Arkadagymyz! 

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Sel­bi NUR­GEL­DI­ÝE­WA, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň hu­kuk fa­kul­te­ti­niň ta­ly­by:

Bereket çeşmesi

Suw adamzat durmuşynda iň gymmatly hazyna. Durmuş döräli bäri, ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi hasaplanylýan suw tebigaty janlandyrýar, ynsan durmuşyny gülledip özgerdýär. Ol isripsiz ulanylmaly baýlykdyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen soňky ýyllarda diňe bir derýalarymyz däl, ýagyş-ýagmyrlaryň suwuny-da yrýa etmezlik üçin ygalyň köp düşýän ýerlerinde suw howdanlarynyň birnäçesi guruldy. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň hanasyna toplanýan suwuň möçberi hem barha artýar. Geljekde onuň suwuny süýjedip, ekerançylyk, içimlik üçin peýdalanyp boljakdygyny hünärmenler aýdýarlar. Alym Arkadagymyzyň tagallalary bilen Hazar deňziniň suwuny süýjediji desgalaryň ençemesiniň gurulmagy, eýýäm bu ugurda ýeterlik tejribäniň toplanylandygyny aňladýar. Belli bolşy ýaly, her bir ugurdaky hukuk gatnaşyklary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan Türkmenistanyň Suw kodeksi we suw gatnaşyklaryna degişli beýleki kanunçylyk namalary esasynda düzgünleşdirilýär. Bu hukuk namasy suw serişdeleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmaga, suwlary hapalanmakdan, zibillenmekden we egsilmekden goramagy üpjün etmäge, olara ýetip biljek ýaramaz täsirleriň öňüni almaga we ýok etmäge, suw obýektleriniň ýagdaýyny dikeltmäge we gowulandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň Suw kodeksi we 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul edilen «Agyz suwy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ilaty agyz suwy bilen üpjün etmegine,

Eýeçilik hukugynyň miras esasy

Eýeçilik hukugy hukuk pudagy hökmünde öz gözbaşyny giň hem esasy hukuklaryň biri bolan raýat hukugyndan alyp gaýdýar. Şoňa görä-de, eýeçilik hukugynyň subýektleri, edil raýat hukugynda bolşy ýaly, fiziki we ýuridik taraplar hem-de döwlet bolup biler. Miraslyk hukugyna eýe bolmak her bir jemgyýetçilik gurluşyň esasynda durýan eýeçilik hukugy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Aradan çykan şahsyň emläginiň, hukuklarynyň we borçlarynyň bir ýa-da birnäçe şahslara geçmegine miras diýip kesgitleme berilýär. Onda miras galdyryjynyň kanuna garşy gelmeýän ähli hukuklary we borçlary mirasdarlara hukuk kabul edijilik hökmünde geçýär.

Saglyk ähli baýlykdan zyýat

Gahryman Arkadagymyzyň goldaw-hemaýaty bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde, lukmançylyk ylmyny ösdürmekde belent sepgitlere ýetilýär. Gazanylýan uly üstünlikler dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär. Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan meýilnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ynsan saglygyny goramak boýunça häzirki zaman keseli anyklaýyş we bejeriş merkezleriniň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, şypahanalaryň onlarçasy gurlup, ulanylmaga berildi. Dünýäde koronawirus pandemiýasy bilen bagly emele gelen ýagdaýy nazara alyp, täze görnüşli ýokanja garşy göreşmegiň şertlerinde Lukman Arkadagymyzyň hut özüniň başlangyjy bilen saglygy goraýyş ulgamynda häzirki zaman ylmy barlaglaryny geçirmek bilen bir hatarda, Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň, Abu Ali ibn Sinanyň, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň we beýleki ençeme beýik akyldarlaryň lukmançylyk miraslaryny ylmy taýdan öwrenmekde hem-de döwrebap tejribeleri bilen baýlaşdyrmakda düýpli ylmy gözleg işlerini alyp barmaga badalga berildi. Bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň dermanlyk ösümliklerini nazary taýdan öwrenmek hem-de bu ugurda senagat önümçiligini ösdürmekde Arkadag Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby gollanma bolup hyzmat edýär. Milli Liderimiziň ylmy-ensiklopedik eserinde belleýşi ýaly, ene topragymyz derma

Ynsan we ynsap

Ýakymly, hoş söz adama hemişe-de gerek. Ýöne ol ýaş wagtlaryň, durmuş hem zähmet ýoluňy aýyl-saýyl edip bilmeýän wagtyňda has hem zerur. Döredijilik işinde munuň aýratyn orny bar. Özüňe halypalar tarapyndan ynamyň bildirilmegi göwnüňi ganatlandyrýar, geljege umydyňy artdyrýar. Men Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, şahyr Berdinazar Hudaýnazarow bilen talyplyk ýyllarymda gatnaşyk saklap başladym. Elbetde, men oňa goşgularymy görkezmekden näme üçindir çekinýärdim. Halypanyň özi hem «Goşgularyňy getir, göreýin, okaýyn, baha bereýin» diýip aýdanokdy. Ol örän sypaýy, salyhatly, şol bir wagtyň özünde, diýseň agras adamdy. 1987-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyrky günlerinde Türkmenistanyň öňki ýazyjylar guramasynyň nobatdaky plenumy bolup geçdi. Onuň çäginde edebiýatyň dürli ugurlary boýunça seminar-okuw maslahatlary guraldy. Men bu plenuma hem-de okuw maslahatlaryna gatnaşyjylaryň iň ýaşlarynyň biridim. Plenumyň dowamynda Berdinazar aga çykyş etdi. Ol öz çykyşynda edebiýatyň dürli meseleleri hakynda durup geçip, dörediji ýaşlar babatda-da gürrüň gozgady hem-de halypanyň ynam bildirip, öz adymy agzamagy meniň üçin garaşylmadyk, ýöne göwnümi ganatlandyryjy, örän ýakymly pursat boldy. Berdinazar aganyň bu çykyşy «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1988-nji ýylyň 8-nji ýanwardaky sanynda çap edildi.