Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy tomus paslynyň dowam edýän döwründe hormatly ýaşaýjylary, zähmetsöýer raýatlarymyzy ýaşaýyş jaýlarynda, iş ýerlerinde elektrik, gaz enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dogry berjaý etmäge çagyrýar.
Hormatly raýatlar! Öýden gitmezden öň, öýüň içini gözden geçirmekligi unutmaň! Öýüň içinde bar bolan ähli elektrik birikdirijileriň boşdugyny, elektrik gyzdyryjy enjamlaryň ýanyjy materiallaryň üstünde durmaýandygyny, olara ýanyjy materiallaryň degmeýändigini doly gözden geçiriň. Öýleriňizde, iş ýerleriňizde ulanylmaga zerurlygy bolmadyk elektrik, şeýle hem gaz enjamlary ulanyşdan doly aýrylsa, howpsuzlyga ýardam eder. Elektrik enjamlary gurnamak işi diňe şol ugurdan işleýän hünärmenler tarapyndan amala aşyrylmalydyr, enjamlaryň iş ýagdaýlaryna yzygiderlilikde gözegçilik edilmelidir.