Ynsan we ynsap

1 Iýul 2021
995

Ýakymly, hoş söz adama hemişe-de gerek. Ýöne ol ýaş wagtlaryň, durmuş hem zähmet ýoluňy aýyl-saýyl edip bilmeýän wagtyňda has hem zerur. Döredijilik işinde munuň aýratyn orny bar. Özüňe halypalar tarapyndan ynamyň bildirilmegi göwnüňi ganatlandyrýar, geljege umydyňy artdyrýar.

Men Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, şahyr Berdinazar Hudaýnazarow bilen talyplyk ýyllarymda gatnaşyk saklap başladym. Elbetde, men oňa goşgularymy görkezmekden näme üçindir çekinýärdim. Halypanyň özi hem «Goşgularyňy getir, göreýin, okaýyn, baha bereýin» diýip aýdanokdy. Ol örän sypaýy, salyhatly, şol bir wagtyň özünde, diýseň agras adamdy. 1987-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyrky günlerinde Türkmenistanyň öňki ýazyjylar guramasynyň nobatdaky plenumy bolup geçdi. Onuň çäginde edebiýatyň dürli ugurlary boýunça seminar-okuw maslahatlary guraldy. Men bu plenuma hem-de okuw maslahatlaryna gatnaşyjylaryň iň ýaşlarynyň biridim. Plenumyň dowamynda Berdinazar aga çykyş etdi. Ol öz çykyşynda edebiýatyň dürli meseleleri hakynda durup geçip, dörediji ýaşlar babatda-da gürrüň gozgady hem-de halypanyň ynam bildirip, öz adymy agzamagy meniň üçin garaşylmadyk, ýöne göwnümi ganatlandyryjy, örän ýakymly pursat boldy. Berdinazar aganyň bu çykyşy «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1988-nji ýylyň 8-nji ýanwardaky sanynda çap edildi.

Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW
«Adalat».