Paýtagtymyz Aşgabatda durmuşa geçirilýän giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasy ýurdumyzyň baş şäheriniň Aziýanyň merjeni hökmündäki derejesiniň nobatdaky ykrarnamasyna öwrülýär hem-de milli ykdysadyýetimiziň barha berkeýän kuwwatyna şaýatlyk edýär.
Ýakynda merjen şäherimiz Aşgabadyň gözelligine gözellik goşýan, dünýä arhitekturasynyň naýbaşy nusgasy «Arkadag» myhmanhanasynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň ýokary ruhubelentlikde bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzy şöhratlandyrýan wakalaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjy hem-de taýsyz tagallalary bilen bina edilen bu myhmanhana mermer paýtagtymyzy ösdürmegiň çäklerinde amala aşyryldy.