"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Berjaý edilmeli düzgünler

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri tarapyndan döwletimizdäki ilatly ýerlerde eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, ykdysadyýet desgalarynda, guramalarynda, oba hojalyk ekinleri bilen bagly işleriň alnyp barylýan oba senagat toplumlarynda ýangynyň öňüni alyş çäreleri möwsümleýin geçirilýär. Bu öňüni alyş çäreler bolsa ýangynyň sanynyň azalmagyna getirýär. Zerur şertler berjaý edilende, ähli nogsanlyklaryň öňüni alyp bolýar. Ýangyn, köplenç, tötänlikde döreýär. Adamlar özleri duýmazdan, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini bozýarlar. Şonuň üçin hem tomus paslynyň ýangyn howply möwsüminde mähriban ildeşlerimize, howpsuz zähmet çekmekleri, bolelin durmuşda asuda ýaşamaklary üçin ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini ýatlatmagy makul bildik.

Halkara ähmiýetli wakalar

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryndan gözbaş alýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şanly wakalary, göwünleri galkyndyrýan buşluk habarlary jahanda parahatçylygy dabaralandyrýan wakalar hökmünde taryhy bezeýär. Ine, Hazaryň türkmen kenarynda 6 sany iri halkara çäräniň geçiriljek günleri hem gelip ýetdi. Bu halkara ähmiýetli forumyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bilen gabat gelmegi ýurdumyzyň syýasy durmuşynda möhüm ähmiýetli bolup, bagtyýarlyk döwrüniň taryhyna ýazylar. Bilşimiz ýaly, halkara forum: Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy; Sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň festiwaly; Sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti ýaly çärelerden ybaratdyr. Köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen gepleşikleri ilerletmek maksady bilen geçiriljek bu forum Bitarap Türkmenistanyň göz öňünde tutulan ugurlary öz içine alýan meselelere jogapkärçilikli çemeleşýändigini giňden açyp görkezmekde nobatdaky ädim bolar. Ýeri gelende bellesek, bu taryhy çäre tutuş hepdäniň wakalaryna öz täsirini ýetirdi.

Milli Liderimiziň ulag diplomatiýasy

Alym Arkadagymyzyň uzak geljegi nazarlaýan parasatly başlangyçlarynyň gymmatyny halkara jemgyýetçiligi öz tejribesinde yzygiderli ykrar edýär. Milli Liderimiziň Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap keşbini dikeltmek bilen, Türkmenistanyň Ýewropa üçin Aziýanyň, Aziýa üçin bolsa Ýewropanyň derwezesi bolup hyzmat edýän üstaşyr ulag geçirijilik mümkinçiliginiň bütin sebitiň ykdysady ýagdaýyna oňyn täsir edip biljek döwrebap mehanizmini döretmek başlangyçlaryny dünýä oňlaýar. 

Hoş geldiňiz, jennet mekan Awaza!

Hem dogan, hem ýakyn goňşular bolup,Hoş geldiňiz, jennet mekan Awaza!Müdimilik dostluk çemenin bogup,Hoş geldiňiz, jennet mekan Awaza! Öňden ahyr sizi ýakyn dost bilipýöremizsoň,                     begendirdiňiz gelip.Ýaşarsa ýaşarsyn gözlermiz gülüp,Hoş geldiňiz, jennet mekan Awaza!

Hazar deňziniň ýakasy — dost-doganlygyň sakasy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilip belleniljek günleriniň öňüsyrasynda, Hazar deňziniň kenar ýakasynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu gün birnäçe möhüm halkara ähmiýetli çärelere badalga berildi. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy hem-de halkara forumlaryň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar, sergiler we maslahatlar öz işine başlady. Hazar deňzi babatda aýdylanda, ýurt Garaşsyzlygymyzyň geçen sanlyja ýyllaryna ser salyp geçsek, 2007-nji ýylyň oktýabr aýynda II Hazar sammitiniň geçirilendigi köpleriň ýadynda bolsa gerek. Ynha, şol sammitde hem Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary Hazar deňzi babatda möhüm resminama bolan ýörite Jarnama gol çekipdiler. Şondan soň bolsa, Hazar deňzi boýunça gepleşikleriň dowamy 2010-njy ýylyň noýabr aýynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen III Hazar sammitinde öz beýanyny tapdy. Şonda Türkmenistan tarapy Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak ulgamynda bäştaraplaýyn ylalaşygy işläp taýýarlamak başlangyjyny aýan edipdi. 2014-nji ýylda bolsa Russiýa Federasiýasynda, ýagny Astrahanda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň IV sammitinde Hazar deňzi boýunça Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen gepleşikler ýene-de dowam etdirildi. Netijede, «Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak babat

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Bagtyýar durmuşyň hatyrasyna Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde pajarlap ösýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de has-da ýokarlandyrmak babatda döwlet derejesinde uly işler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň sebit hyzmatdaşlygy

Türkmenistan daşary syýasy diplomatiýasynyň işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda has-da kämilleşdirip, hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyga, sebitiň we dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny alyp barýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan sebitde hem-de bütin dünýäde oňyn gatnaşyklary giňeltmek, berkitmek ugrunda çykyş edýär. Ýurdumyz yklym halklaryny birleşdirýän ylalaşdyryjy merkez hasaplanýar. Türkmenistan gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk däplerine eýerip, Merkezi Aziýa we Hazar basseýniniň sebitlerinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa dünýä geosyýasatynda we geoykdysadyýetinde möhüm sebit bolup durýar. Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orun eýelemek bilen, global, sebitleýin häsiýetli derwaýys meseleleriň çözülmegine özüniň mynasyp goşandyny goşýar hem-de halkara gatnaşyklar ulgamyndaky ornuny barha pugtalandyrýar. Şu gün — 6-njy awgustda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özünde jemlejek 6 sany iri möhüm çäreleri ýokary derejede başlady.

Adam hukuklarynyň goragy

Ýurdumyzda adamlaryň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş derejesini düýpli gowulandyrmaga ýardam berýär. Çünki adam hukuklarynyň goraglylygy esasy orunda durýar. Adam hukuklary we azatlyklary — bu döwletliligiň kämilligine, onuň demokratik derejesine, hukuk binýadyna, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylygyna baha bermegiň baş çelgisidir. Häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan syýasy, ykdysady we medeni özgertmeleriň ählisi, şol sanda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we milli hukuk ulgamynyň kämilleşdirilmegi-de Türkmenistanda raýat jemgyýetini we hukuk döwletini berkarar etmäge gönükdirilendir.

Emläk bazarynyň kämil ýörelgeleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan Türkmenistan döwletimizde raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Her bir adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, şol bir wagtda jemgyýetde adamyň tebigy we mizemez hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepiliniň hakyky ulgamyny döretmek hukuk döwletiniň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, fiziki we ýuridik şahslaryň emläkleýin hukuklarynyň ygtybarlylygynyň döwlet kepilliklerini berkitmek babatda hem uly işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda gozgalmaýan emläk bazary emele gelýär we ösýär, raýatlar, kärhanalar we guramalar gozgalmaýan emläk bilen bagly gatnaşyklara has köp gatnaşýarlar.

Türkmenistan — parahatçylygyň mekany

Parahatçylyga we özara ynanyşmaga aýratyn ähmiýet berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallasy bilen Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň orny halkara derejesinde barha pugtalanýar. 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy BMG-niň alty resmi dilinde çap edilip, agza döwletleriň arasynda resmi taýdan ýaýradyldy. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary, ynsanperwer goldawlary netijesinde goňşy doganlyk döwleti bolan Owganystan Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlygymyz yzygiderli ösdürilýär. Bu bolsa halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi bilen has-da dabaralanýar. Muny şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Owganystan Yslam Respublikasynda Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Lebap welaýatynda Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem Mary welaýatynda Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem–de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi-de aýdyň subut edýär.

Milli mirasyň dabaralanmagy

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä ýurtlaryny parahatçylygyň, hoşniýetliligiň ak ýoluna çagyrýan merkezine öwrüldi. Ýurdumyzda jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny we ahlak taýdan kämilligini üpjün etmek, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň hem-de tutuş adamzadyň nesilden-nesle geçirip gelýän däplerini ösdürmek, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakGahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Giň gerimli ynsanperwer gatnaşyklar birek-biregi goldamak, medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly däpleri döwrebap derejede kämilleşdirýär. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär.

Maşgalam – baş galam

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri özüniň ajaýyp däp-dessurlary, ahlak gymmatlyklary bilen nesillerini terbiýeläp gelipdir. Halkyň ganyna siňen milli aýratynlyklaryň biri-de maşgala gymmatlygydyr. Mukaddeslik derejesine göterilip, ynsan durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen maşgala her bir adamyň ýüzüniň tuwagy, başynyň täji, ömrüniň zynatydyr. Maşgalada nesilleriň arkama-arka gelýän sazlaşygy, arabaglanyşygy, öý-ojak mukaddesligi, perzentler bilen ata-enäniň arasyndaky mähir, söýgi, sylag-hormat ebedi dowam edýän, hiç haçan könelmejek, ähmiýetini ýitirmejek baýlyklardyr. Her bir adamyň Watana bolan söýgüsi, ilki bilen, onuň ene-atasyna bolan söýgüsinden, öýüne, ojagyna bolan yhlasyndan gözbaş alýar. Maşgala durmuşynda iň esasy zat agzybirlik, birek-birege düşünişip ýaşamakdyr. Halkymyzda asyrlarboýy maşgala gurmagyň, maşgalada ýaşamagyň ýazylmadyk kanunlary dowam edip gelýär. Her bir ynsan perzentleriniň durmuşda öz ornuny tapyp, bagtly bolmagy baradaky arzuwlar bilen ýaşaýar. Çaga zähmet terbiýesini bermek etnopedagogikamyzyň iň esasy şertleriniň biri bolmak bilen, perzendi ýaşlygyndan geljekki maşgalanyň keşigini çekmäge taýýar edip ýetişdirmekde uly ähmiýete eýedir. Şeýle hem gyz çaganyň kiçiliginden edep-ekramly, çeper elli, mylaýym, asylly bolmagy üçin eneleriň özi görüm-görelde görkezipdirler. Halk döredijiliginiň naýbaşy eserleriniň biri bolan «Kitaby dädem Gorkutdak

Zenan mertebesi

Islendik ene bilen söhbetdeş bolsaň, ol perzendiniň geljegi bilen bagly arzuw-hyýalyny, umydyny saňa gürrüň berer. Enäniň bu sözlerini diňlän ynsan perzendiň şol arzuwlaryň, umytlaryň eýesi bolmagyny çyn ýüregi bilen islär. Gezen ýerlerinde eneleriň ýagşy zatlary görüp, ýagşy zatlary ýüzüne sylyp: «Meniňem balalaryma ýetirsin-dä!» diýýän sözleri her birimiziň ykbalymyza nur saçyp dur. Ýaşyň näçä barsa barybersin, sen ata-ene üçin hemişe çagasyň. Bir wakanyň şaýady bolupdym, şony ýadyma salsam, özümem birden ýylgyranymy duýman galýaryn. Ýaşy segsene ýetip, on bir çagany dünýä inderip, agtyk-çowluklaryny daşyna üýşürip, oturan enäniň garşy-garşy sagat sorap, aladaly nazaryny gapa dikip: «Ataňyzyň geler wagty bolupdyram welin, bu gün eglendi öz-ä» diýen sözleri, çowluklarynyň birini gürletdi. Ol: «Atam indi çaga däl ahyryn, alada eder ýaly» diýdi. Bu sözleriň yzysüre gapydan giren altmyş ýaşlaryndaky ýaşuly şol enäniň perzendidi.

Ussat newrologlar

Derdime derman gözläp... Käriň žurnalist bolsa, işiň ýazmak-döretmek. Žurnalistligiň ýazyjylykdyr şahyrlykdan tapawutly tarapy bar. Ol hem arassa ylhamy ak kagyza geçirip oňaýmaly däl. Žurnalist durmuşy bolmaly. Durmuşa golaýrak bolmaly. Aýratyn hem oçerk, dokumental oçerk ýazmaly bolsa.

Arassaçylyk düzgünleri

Arassaçylyk sagdynlygyň girewidir. Sagdynlyk bolsa ynsanyň başyndaky göze görünmeýän, ýöne bahasy dünýe malyna deňelýän täjidir. Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi keselleriň öňüni almakda hem uly ähmiýete eýedir. Munuň üçin şu aşakdakylary berjaý etmeli:

Boýun alýaryn...

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda). Goýberen ýalňyşlarym örän köp, olaryň haýsy birini aýdaýyn... Geljegime sapak bolan geçmişim... Etmeli bolup etmedik we etmesiz etmişim... nebsimi ileri tutup, göwnüne degenlerim... gözüň ýaldyr-ýuldura aldanmagy... galp gazanjyň maşgala sütünini çagşadyp başlaýşy... Etmişiň diňe geçmişiňe tegmil däl, geljegiňe hem agram salýan ekeni.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy — halkara hyzmatdaşlyk forumlarynyň geçirilýän merkezi

Mälim bolşy ýaly, 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara ähmiýetli çäreleriň uly toplumy geçirilýär. Olaryň hatarynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, milli önümleriniň halkara sergisi, milli tagamlarynyň festiwaly hem-de sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti bar. Köpugurly sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjek bu wakalar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny dabaralandyrýan çäreleriň hataryndalygy bilen ähmiýetlidir. Şeýle hem olar Türkmenistanyň Merkezi Aziýada halkara maslahatlaryň geçirilýän ýurdy hökmünde eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygyny görkezýär.

Hazar parahatçylygyň we ynanyşmagyň deňzi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň ähmiýeti has-da aýdyň şöhlelenýär. Onuň şeýledigine milli Liderimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlary hem-de Hazar deňziniň hukuk ýagdaýyny düzgünleşdirýän halkara resminamalaryň mazmuny doly şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyzyň: «Biz Hazar deňzini hyzmatdaşlygyň, ösüşiň we rowaçlygyň, gapma-garşylyklardan hem-de agzalalykdan azat giňişlik, döwletleriň, halkara guramalaryň, işewürligiň ylmy we tehnologiýa kuwwatynyň birleşýän ýeri hökmünde görmek isleýäris» diýip belleýşi ýaly, häzirki döwürde Hazarýaka sebitiniň we halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti barha artýar. Çünki Hazar deňzi, ozaly bilen, sebitiň Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky özboluşly ykdysady, medeni-syýasy köprüsi bolup çykyş edýär. Şonuň bilen birlikde, bu sebit geosyýasy, geoykdysady taýdan dünýä döwletleriniň gyzyklanmalaryny özünde jemleýär. Şeýle möhüm ähmiýetli sebitde ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň täze nusgasyny emele getirmek üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Astrahanda bolan IV sammitinde hemişelik hereket edýän Hazar ykdysady forumyny döretmegi we onuň mejlislerini bäş döwletiň kenarýaka şäherlerinde gezekli-gezegine geçirmegi te

Döwletimiziň ynsanperwer ýörelgeleri adam gymmatlyklaryny dabaralandyrýar

Türkmenistan bu gün adam baradaky alada bilen gurşalan, öz gözbaşyny ynsanperwerlikden alyp gaýdýan gymmatlyklara ýugrulan durmuş syýasatyny üstünlikli amala aşyrýar. Häzirki döwürde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek wezipesinden ugur alýan onlarça döwlet maksatnamalarynyň ählisinde durmuş şertlerini has-da ösdürmäge aýratyn orun berilýär. Çünki adam bähbitlerine gönükdirilen durmuş ähmiýetli wezipeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Adamy, onuň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny ýokary gymmatlyk hökmünde ykrar etmek we olary ileri tutmak ýörelgesi jemgyýetiň demokratik ösüşiniň şertlerinde adamyň we raýatyň esasy hukuklarynyň we azatlyklarynyň tutuş ulgamyny kämilleşdirmek üçin çelgi bolup durýar. Konstitusiýanyň adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary hakyndaky bölümi, anyk manyda, häzirki zaman Türkmenistanyň has doly hukuk beýanydyr. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ýokary gymmatlykdygyny, olaryň Esasy Kanunyň kadalarynda jikme-jik düzgünleşdirilendigini birnäçe gezek belläp geçdi. Şeýle hem adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň gymmatlyk nukdaýnazardan ileri tutulmagy has ähmiýetli döwlet ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalaýyn resminamalarda toplumlaýyn esaslandyrma eýe bolýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy binýatlyk hukuk guraly bolup, ýurdumyzyň goşulan we tassyklan adam huku

Ýaşyl gurşaw — ekologiýa syýasatymyzyň baş maksady

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, Diýarymyzyň ähli künjeklerini bagy-bossanlyga öwürmek, biodürlüligi artdyrmak işleri ýokary depgin bilen alnyp barylýar. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyz köptaraply tebigy aýratynlyga eýedir. Başy asmana diräp duran äpet daglarymyz, haýwanat dünýäsi we süýji suwlulygy bilen tapawutlanýan derýalardyr köllerimiz, giň gözýetime uzap gidýän sähralardyr düzlerimiz, üsti we asty hazyna saýylýan Garagum sähramyz türkmen tebigatynyň bezegidir. Ýurdumyzyň obalaryndadyr şäherlerinde, mermer paýtagtymyzda we onuň daş-töwereklerinde oturdylýan bag nahallary bolsa, ynsan saglygy üçin möhüm şert bolan arassa howany, amatly gurşawy emele getirýär. Bag ekmegi, guýy gazyp, ýap çekmegi asylly we sogap iş hasaplaýan türkmen halkymyz gadymdan şu günlerimize çenli bu asylly işleri uly höwes bilen ýerine ýetirýärler. Bu babatda bize hormatly Prezidentimiziň hut özi şahsy görelde görkezýär. Köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek dabarasy Arkadagly eýýamymyzda milli medeniýetimizi baýlaşdyran däbe öwrüldi. Bilşimiz ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň şanly wakalara, dabaraly çärelere has baý ýyldygy şübhesizdir. Çünki asyrlarboýy arzuwlanan milli Garaşsyzlygymyzy alanymyza 30 ýyl dolýar. Bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirden uly taýýarlyk işl