"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Milli liderimiziň beýik işleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň bellenilýän  «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň her güni zähmet üstünliklerine beslenýär. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşleri bolsa  köpmilletli halkymyzyň agzybirligini,  mukaddes Watanymyzyň Bitaraplyk ýörelgelerini dabaralandyrýar. Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary esasynda şu ýylyň 6-njy awgustynda gojaman Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen halkara ähmiýetli çäreler ata Watanymyzyň Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alýan «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň çäklerinde ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine strategik gatnaşyklary işjeňleşdirmekde gazanýan üstünlikleriniň nobatdaky beýany boldy. 

Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna ählumumy ykdysadyýetiň ösüşinde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatynda düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Bu babatda ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary bilen sazlaşykly  utgaşdyrylýar.  Munuň şeýledigi, şu ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 14-nji maslahatynda häzirki döwrüň jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesiniň kabul edilmegi we rejelenmegi hem-de käbir kanunlara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarynda öz beýanyny tapan syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň netijesidir.  Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 5-nji iýunynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň birinji çagyrylyşynyň 1-nji maslahatynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlar  we kadalaşdyryjy  hukuk namalar biragyzdan makullanyldy. Şol kanunlaryň hatarynda «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türk

Milli kanunçylyk we ylmyň gazananlary

Hormatly Prezidentimiz  Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmäge, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, ylmyň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyryp, ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli tutumly işler alnyp barylýar. Bu işleriň jemgyýetimiz üçin döredýän oňyn netijeleri babatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda çykaran Karary bilen tassyklanan, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda: «Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny esasan iki maksada gönükdirilýär. Birinjisi — täze ýagdaýlara uýgunlaşan kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmeginden, şol sanda önümçilik serişdeleriniň hasabatlylygynyň ygtybarlylygyny we senagat derejesinde internet ulgamyny ornaşdyrýan kompaniýalaryň hukuk goraglylygyny üpjün etmekden ybarat. Ikinjisi bolsa, önümçiligiň sanly ýörelgesine eýerip, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrýan kärhanalar üçin amatly şertleriň döredilmegidir» diýlip bellenilýär. Bu ugurda amala aşyrylan işleriň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda gol çeken Karary has ähmiýetlidir. Ýagny, oňa laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyll

Suw — ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň suw baýlyklaryny goramak we tygşytly ulanmak babatynda suw hojalyk ulgamynda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Suw ynsanyň durmuş abadançylygyny kesgitleýän tebigy baýlyk hasap edilýär. Suw diňe bir ýaşaýşyň gözbaşy bolman, eýsem, ol ýaşaýşyň gös-göni özi bolup durýar. Türkmenistanyň kanunçylygynda suwlar diýlende, ýurdumyzyň suw gaznasynyň düzümine girýän ýerüsti we ýerasty suw çeşmelere, derýalara, köllere, akabalara, suw howdanlaryna we beýleki suwly ýerlere düşünilýär. Hazar deňziniň türkmen bölegi hem şu suw gaznasyna degişlidir. Suw ýaşaýyş üçin esasy şert bolmak bilen, ol ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýaşaýyş gurşawyny emele getirýär, senagat we oba hojalyk önümçiliginde, dynç alyş we şypahana üçin zerur şert bolup çykyş edýär.

Dillerde dessan sen, Garaşsyz Türkmenistan

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer, adalatly içeri we daşary syýasaty amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda, eziz Diýarymyz ykdysady, syýasy, medeni we beýleki ugurlarda uly ösüşlere eýe bolýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä döwletleriniň ykrarnamasyna mynasyp bolmak bilen, özüniň halkara abraýyny günsaýyn belende galdyrýar. Geçmişde Gündogary Günbatar bilen birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, taryhyň dürli eýýamlarynda adamzat siwilizasiýasyna Änew, Dehistan, Nusaý, Marguş, Merw, Köneürgenç ýaly medeni ojaklary bagyş eden, gadymy türkmen topragy bu gün ýene-de dünýäniň ösen döwletleriniň meşhur syýasatçylarynyň, işewürleriniň, şeýle hem jahankeşdeleriniň, alymlarynyň üns merkezine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary netijesinde, ata Watanymyzy syýasy, ykdysady taýdan ösdürmek, türkmen halkynyň dünýä taryhynda orun alan şöhratly geçmişini, taryhy-medeni mirasyny düýpli öwrenmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen türkmen topragyndaky taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek, türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan goşandyny açyp görkezmek barada türkmen we daşary ýurtly alymlar döwrebap hyzmatdaşlygy ýola goýdular.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

WATANSÖÝÜJILIGIŇ BELENT NUSGASY Her bir işde nusga gerek. Watansöýüjilikde-de nusga gerek eken. Ýüregini Watana beren adamlary görmek, olar bilen bile zähmet çekmek miýesser etse, bagtyň geldigi. Akyldar şahyrymyz: «Mert bolar men diýseň, merde hemra bol», «Är ýanynda gezseň, är dek bolar sen» diýýär ahyryn.

Maşgala — jemgyýetiň gymmatlygy

Hormatly Prezidentimiziň: «...Watana, il-güne bolan beýik söýgi maşgala terbiýesinden başlanýar, maşgala döwletimiziň we jemgyýetimiziň ilkinji düzümidir»  diýen parasatly jümlesi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kämil we sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek aladasyny döwlet syýasatymyzyň iň esasy, wajyp wezipesi edip, öňümizde goýmaga esas bolýar. Maşgala jemgyýetiň esasy gymmatlygy bolup durýar. Adamyň durmuş ýolunda, geljekde öz ornuny tapmak meselesinde maşgalanyň täsiri uludyr. Adamyň çäkli ömründe berk maşgala gurup, agzybirlikde, söýüp, söýlüp ýaşamagy durmuşyň manysy diýsek hem ýalňyşmarys.

Plastik gaplar

Hormatly Prezidentimiz: «Biziň şäherlerimiziň we obalarymyzyň ekologiýa taýdan abadançylygy alyp barýan syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýip bellemek bilen, ekologiýa meselelerini-de aýratyn üns merkezinde saklaýar. Ýurdumyzda azyk senagaty çalt depginler bilen ösýär. Telekeçiler bu pudagyň ösmeginde möhüm orun eýeleýärler. Şonuň netijesinde diňe ýakymly tagamy bilen däl, eýsem, saglyk üçin peýdalydygy bilen tapawutlanýan önümleriň dürli görnüşleri öndürilýär. Bu önümler alyjylar üçin oňaýly dürli gaplara gaplanyp, satuwa çykarylýar. Häzirki döwürde iýmit önümleri üçin niýetlenen gap-gaçlaryň çüýşeden, keramikadan, faýansdan, emallanan we  plastik önümlerinden ýasalan görnüşleri öndürilip, ilatymyz tarapyndan giňden ulanylýar.

Intellektual eýeçilik hukugy

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hukuk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetini, ylym-bilimini we medeniýetini ösdürmek, ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak, raýatyň we adamyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek häzirki döwrüň esasy wezipeleridir. Häzirki wagtda intellektual eýeçiligiň obýektleri adamyň zähmet çekýän ulgamlarynyň ählisini öz içine alýar. «Intellekt» sözi — bu akyl diýmegi aňladýar. Adamyň döredijilik zähmetiniň, ýagny intellektual eýeçiligiň obýektleriniň hukuk goragyny üpjün etmek bolsa, täze tehnologiýalaryň, ylmy işleriň, edebiýat we sungat eserleriniň döredilmegi we olaryň üstünlikli, şol sanda döwlet bähbitleri üçin ulanylmagy ugrundaky tagallalaryň aýrylmaz bölegidir. Intellektual eýeçiligi goramak, intellektual eýeçilik ulgamynda düzgün bozulmalara garşy hereket etmek meselesi hiç wagt ünsden düşmeýär. Intellektual eýeçilik gatnaşyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmek Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň uly toplumynyň esasynda amala aşyrylýar.

Ýiti gün şöhlesinden goranyň!

Ynsan saglygyny goramak döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan ugurdyr. Hormatly Prezidentimiz ekologiýamyzyň arassa bolmagy bilen bagly uly işler durmuşa geçirýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, howa şertlerine laýyk awtobus duralgalarynyň gurulmagy, suw çüwdürimleri asmana göterilýän seýil baglarydyr köçeler, ýaşaýyş we edara binalarynyň ýanaşyk ýerleri yssy tomsy saglygymyza zyýan ýetirmän ýeňip geçmegimiz üçin edilýän işlerdir. «Gün urma» diýip nämä aýdylýar? Gün urma — bu adamyň kellesine ýiti Gün şöhlesiniň täsiri sebäpli bolup geçýän kesel. Infragyzyl Gün şöhleleri bu babatda kelläniň beýnisine, soň bolsa adamyň bütin bedenine täsir edýär we beden gyzgynlygynyň ýokarlanmagyna eltýär.

Bagtyýarlygyň binýady

Ahlak we ahlaklylyk hakynda hemişe-de az gürrüň edilenok. Şu günki gün öz halkynyň gadymy we gahrymançylyklardan doly taryhyna, ummasyz baý ruhy we medeni mirasyna guwanýan, häzirki nesle ynanyp, geljege umytly garaýan hormatly Prezidentimiz ykdysady we syýasy özgerişler bilen deň hatarda jemgyýetde ruhy täzelenişi we aň öwrülişigini amala aşyrmagyň aladasynda. Çünki kämillik babatda milli Liderimiziň nazarlaýan belentliklerine çykmak üçin, ilkinji nobatda, jemgyýetiň synasyny sagat, dürli ýowuz dertleriň garşysyna durnukly saklamak gerek. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň jemgyýetimiziň ahlak sypatyna aýratyn ünsli, hüşgär garamak, milletimiziň ruhuna mahsus arassa, sagdyn ahlak başlangyçlaryny we milli buýsanjy saklamak, ösdürmek hakyndaky aladalary örän ýerlikli. Ahlak barada kim gürrüň edende-de, örän ätiýaçly, taýýarlykly, tutarykly bolmagy gerek. Özem bu meselede durmuşda gabat gelýän aýry-aýry ýagdaýlara ýüzleý baha bermekden ýa-da ýazgarmakdan gaça durulsa, adamyň adam we jemgyýetiň agzasy hökmündäki ahlagynyň kemala gelmegine täsir edýän düýpli sebäpler barada oýlanylsa, bähbitli bolardy.

Ussat newrologlar

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda). Darkaşdan soňky rahatlyk

Nagyşlara siňen taryh

Gadym döwürde hünärmentçilik ilatyň zerurlyk hajatlaryna, isleglerine baglylykda böleklere bölünipdir. Çarwalaryň, şeýle-de oturymly şäherdir oba ýaşaýjylarynyň özboluşly senedi bolupdyr. Olaryň bir-birine täsiri hem güýçli bolupdyr. Keşdäni alyp göreliň. Asyrlaryň dowamynda kemala gelen ajaýyp nagyşlarymyz inçeligi, nepisligi bilen häzir hem göreni haýran galdyrýar. Çünki olar sungat derejesine göterilipdir. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem çeper keşdelenen gadymy nagyşlaryň asyl nusgalary geljekki nesillerimiz üçin goralyp saklanylýar.

Dünýä. Sebit. Türkmenistan

Garaşsyzlygyň 30 ýylynyň her bir pursatynda ýurdumyzda, sebitde we dünýäde bolup geçýän wakalara bolan gatnaşygy, täsiri we ähmiýeti Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Bitarap Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligindäki ornuny barha pugtalandyrýar. Gürrüňi uzaklardan aýlamagyň zerurlygy ýok. Şu aýyň başynda — 2-nji awgustda ýurdumyza BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Onda geçen aýyň aýagynda, ýagny 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň guramanyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilendigi aýdylýar. 48 döwletiň agzalan Kararnamanyň döredijileri bolup çykyş edendigi buýsanjymyzy goşalandyrdy.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY Bütin adamzady tolgundyrýan ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Garaşsyz döwletimiziň ýöredýän syýasaty, milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlary uly ähmiýete eýe bolup, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýar. Döwletimiziň bu ugurda alyp barýan beýik işleri we geljegi nazarlaýan başlangyçlary dünýä halklarynyň bähbidine, halkara tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

Maşgala binýadynyň berkligi

Maşgala jemgyýetiň özeni bolup, oňa möhüm sosial we terbiýeleýjilik orun degişlidir. Ol ykdysady we sosial ösüşiň ýokarlanmagyna öz täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiz her bir maşgalanyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döwlet derejesinde giň mümkinçilikleri döretmek ugrunda uly tagallalar edýär.  Ýurdumyzda enäniň, maşgalanyň hemmetaraplaýyn kanuny goraglylygyny üpjün edýän, hukuklaryny kepillendirýän kanunçylyk namalary bar. Maşgalany goldamaga we goramaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň hukuk esaslary kemala getirilýär. Maşgalanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygy we ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy üçin zerur şertler döredilýär. Ata-eneleriň zähmet işiniň maşgala borçlaryny ýerine ýetirmek bilen utgaşdyrylmagy üçin şertleriň döredilmegi, durmuş infrastrukturasyny ösdürmek, şeýle hem maşgalany, eneligi we çagalygy, atalygy goramak babatda işleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ussat newrologlar

Derdim bilen darkaş guran lukmanlar  Meni operasiýa otagyna alyp bardylar. Operasiýa sekisine mündürdiler. Şo ýerde-de žurnalistçilik-dä. Ýatan ýerimden ähli zady bilesim gelýär. Töweregime seredýärin. Çep tarapymda birnäçe kompýuter ekranlary. Damjalaýyn sanjymyň asma gutujyklarynyň üç-dört sanysy. Çep elimiň damaryndan damjalaýyn sanjym gutularynyň birnäçesiniň akymyny sazlaýjy katolizator enjamyny ornaşdyrdylar. Ak ýektaýly, agzy örtükli, eli ellikli, durşy bilen operasiýa eşigindäki erkek adam dillendi:

Gün şöhlesi gökden ýere inende...

Güneşe baý Diýarymyzda tomus pasly dowam edýär. Tomus medeniýetli dynç alşyň gyzgalaňly döwri. Gün şöhlesiniň, seleň howanyň, dury, arassa suwuň adam saglygy üçin peýdasy örän uly. Gün şöhlesi ýerlikli peýdalanylanda, ol bedeniň gorag (immun) ulgamyny pugtalandyrýar. Ultramelewşe şöhleleriniň diş we süňk üçin peýdaly D witamininiň işlenilip çykarylmagyna täsiri uludyr. Ýöne Günüň aşagynda çakyndan artyk gezilmegi, durulmagy, işlenilmegi adamyň saglyk ýagdaýynda dürli bozulmalary döredip biler. Gün urmak – bu aşa yssy günlerde Gün şöhlesiniň täsiri netijesinde kelle-beýnä zeper ýetmegidir. Howanyň gyzan döwründe Günüň aşagynda uzak wagtlap gezilse, bedeniň aşa gyzmagynyň netijesinde merkezi nerw ulgamyna zeper ýetip biler. Ol ýagdaý bedeniň suwy, mineral duzlary ýitirmegi we ýylylygy dolandyrýan, kadalaşdyrýan ulgamlaryň bozulmagy bilen baglylykda ýüze çykýar. Gün urmasy ýüze çykan ýagdaýynda, bedeniň deri örtügi gyzarýar, guraksylanýar, ýadawlyk, kellagyry, baş aýlanma, mejalsyzlyk, aýaklarda agyry, kähalatlarda gaýtarmak, ýüregiň çalt urmagy, huşuňy ýitirmek, uka meýillilik, gulaklaryň şaňlamasy ýaly alamatlar ýüze çykýar. Bedeniň gyzgyny ýokarlanýar. Öz wagtynda kömek edilmese, ýagdaýyň has-da agyrlaşyp, ýaramaz ýagdaýlara getirmegi mümkin.

Halal ýaşaýyş — ahlak kadalarynyň ykrarnamasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ugurlar bilen bir hatarda, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda hem düýpli özgerişler bolup geçýär. Şol sanda jemgyýetiň ahlak gymmatlyklary has-da baýlaşdyrylýar. Netijede adamlaryň ahlak aňyýeti günsaýyn ösýär, özgerýär. Jemgyýetiň döwrebap özgermeginde hem-de öňe gitmeginde şahsyýetiň orny we täsiri örän uludyr. Çünki ýokary ahlakly şahsyýet ähli ugurlardaky özgertmeleriň hereketlendirijisi bolup çykyş edýär. Şonuň üçin hem ynsanyň ahlak dünýäsi döwletde we jemgyýetde ähli bolup geçýän zatlara gönüden-göni täsir edýän serişde hem-de güýç hökmünde ykrar edilýär.

Boýun alýaryn...

...Ähli zatdan el ýuwan günüm özümiň ýekedigimi duýup galdym. Şol wagt «Gaýgysy-gamy, şatlygy-şagalaňy...» — ählisini deň paýlaşmaga döwtalap topulan dostlarymyň hiç biriniň halymdan habar almaga gelmezligi iş salyşýan adamlarymy tanap bilmändigimi äşgär etdi. Akylymyz goýalyşan hasap edýäris, emma, galplyga çümüp, töweregimizi gapyllyk gurşan mahaly gögele beýnä dönýän ekenik. Ýene-de gapymdan ätlän Kakaly aga boldy. Ol meni ýazgarjagam bolmady, öňki günlerimi ýatlajagam, ýatlatjagam bolmady. Diňe: «Ogul, hatasyz adam ýok. Kimdir biri «Men hiç ýalňyşamok» diýýän bolsa, bu onuň iň ilkinji we iň uly ýalňyşlygydyr. Bilmän eden hatalarymyz başymyzdan agdykdyr, biz diňe bilgeşleýin eden işlerimizi ýatlap, iň bolmanda, öz ýanymyzdan ökünsegem ýeterlik. Alla bize ömür beren bolsa, biz kimdir biriniň bagty üçin ýaşamalydyrys. Hiç wagt umytdan düşme. Işleriň gaýtadan ugrugyp gitmegini isleseň, ýalňyşlyklaryňy ýatla, boýun al, ökün! Öňki işleriňe ökünmeseň, boýun almasaň, gaýtadan daýanyp bilmersiň. Şol ýüki gerdeniňden düşürmeseň, ol seni barha aşak basar. Inkär etdigiňçe-de, işleriň bulaşar. Geçmişde öwrenen, özleşdiren, toplan tejribeleriň diňe şol günüňe ýa şu günüňe däl, eýsem, geljegiňe hem haýry-peýdasy degýär. Ol günlerden sapak al, netije çykar. Geljegiňe bak! Belki bu zatlary görmelisiň, düşünmelisiň. Galplygyň soňunyň ýokdugyny, ahyry hökman bilinýändigini we her näçe çarp u