"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Az iýgil, az ýatgyl, sözüň az etgil

Gadymy Gündogar alymy Al-Farabynyň «Ýaňra bolandan, dymma bolanyň gowudyr» diýen pähimli sözleri ynsanyň az gepli, häsiýetiniň agras bolmagyny ündeýär. Eýsem, köp geplemek, her bir zat barada bilseň-bilmeseň ýaňramak, köp gülmek adamyň diňe bir abraýyny gaçyrman, syryny paş edýän, terbiýesini pes görkezýän häsiýetlerdir. Muhammet pygamber hem «Başyň salamatlygy diliňi saklamagy başarmakdadyr» diýip, halka ündew edipdir. Eýsem, az gepli bolmak, lebzi halal, beren sözüňde tapylmak, gybat etmezlik halkymyzyň ganynda bar gylyklardyr. Diňe bir ýigitlerimize däl, eýsem, gyzlarymyza hem az gepliliginiň abraýdygyny kiçiliginden düşündiripdirler. Türkmen gyzlary diňe bir öz öý-ojaklarynyň däl, eýsem, dogan-garyndaşlarynyň, ýaşaýan ýeriniň, tutuş Watanynyň ar-namysy hasap edilipdir. Hut şonuň üçin hem nagyşly milli tahýalarymyzy geýmek, ýaglyk daňmak, agrasdan mylaýym, göwni açykdan az gepli bolmak, köpçülik ýerinde manyly geplemek, nurana ýylgyryş türkmen gyzlarymyza ene-mamalarymyzdan miras galan häsiýetlerdir.

Bilim ulgamynyň döwrebap ösüşleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde, bilim ulgamy hem özgerýär we ösýär. Häzirki döwürde beýik özgertmeleriň netijesinde ata Watanymyzyň ähli sebitlerinde döwrebap mekdebe çenli çagalar edaralaryny, umumybilim berýän orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerini gurmak boýunça işler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda amala aşyrylýar. Bagtyýarlyk döwründe milli bilim ulgamyny düýpli özgertmek boýunça döwrebap kanunlaryň we milli maksatnamalaryň kabul edilmegi toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagy hem-de dowamly kämilleşdirilmegi bilen tapawutlanýar. Kadalaşdyryjy hukuk namalar ýurdumyzyň raýatlarynyň bilim almaga bolan konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegini kepillendirmek bilen, bilim ulgamynyň üznüksiz işlemegini we işiniň rowaçlyklara beslenmegini üpjün edýär. Hususan-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda: «Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr» diýlip bellenilýär. Bilim almak hukugy Türkmenistanda ýaşaýan adamlaryň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup durýar.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Maral AGAÝEWA, Aşgabat şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy, 3-nji derejeli ýurist: — Ata-babalarymyzyň rowaýatlarydyr tymsallary, nesilden-nesle geçirilen nakyllary we galyň-galyň kitaplara ýerleşdiren akyllary bilimliniň ýollarynyň beýiklige barýandygyny asyrlarboýy tassyklap gelýän hakykatdyr. Ata Watanymyzyň dürli pudaklarynda gazanylýan zähmet ýeňişleriniň özeninde dünýäde ykrar edilýän milli Liderimiziň öňe sürýän ylmy esaslylyk taglymaty bar.

Dowamata uzaýan ak ýollar

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen her ýylyň 1 — 30-njy sentýabry aralygynda ýurdumyzda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çägindäki guralýan çäreler ýol hereketiniň düzgünleriniň doly we dogry berjaý edilmegine, ilatyň saglygyny goramaga, ýüze çykyp biläýjek päsgelçilikleriň öňüni almaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjegine uzaýan döwrebap awtoulag ýollary, olaryň ugrunda ýerleşýän ýerasty, ýerüsti geçelgeler, ýolyşyklar we beýleki zerur belgiler sürüjileriň we pyýada ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik döredýär.

Arassaçyllyk — saglygyň sakasy

Milli Liderimiziň tagallasy bilen saglyk ulgamynda uly işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyz Aşgabatda hem-de welaýatlarymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglyk merkezleridir öýleri, şypahanalar gurlup, ulanylmaga berildi. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby hem lukmanlaryň ýan kitabyna öwrüldi. Dürli ýokanç keselleriň öňüni almak üçin her bir adam, ylaýta-da, çagalar arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli. Beden arassalygyny berjaý etmek düzgünleri çaga terbiýesinde uly orun eýeleýär. Maşgala agzalarynyň ählisi nahar edinmezden öňinçä, şeýle-de daşardan gelenlerinde, oýun oýnanlaryndan we haýwanlary ellänlerinden soň sabyn bilen ellerini gowy ýuwmalydyrlar.

Parahatçylyk — bagtyýarlygyň binýady

Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly başlangyçlaryndan badalga alan Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy we onuň bilen ugurdaş geçirilen köpugurly halkara ähmiýetli çäreler sebit döwletleriniň agzybirligini ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Munuň özi, milli Liderimiziň dünýä syýasatynda bir geografiýa, geosyýasy we geoykdysady taýdan üzňe göz öňüne getirip bolmaýan Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky beýik tagallalarynyň aýdyň subutnamasy bolup köňüllere bagt nuryny çaýdy. Bu halkara ähmiýetli çäreler milli Liderimiziň döwletimiziň parahatçylygy pugtalandyrmakdaky, halklaryň arasyndaky ynanyşmak ýörelgesini dabaralandyrmakdaky alyp barýan tutuş adamzat bähbitli işlerini barha berkitdi. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu halkara ähmiýetli çäreler sebiti ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça zerur çözgütleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna mümkinçilik döretdi. Zeminiň abadançylygynyň esasy sütünleri birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerine daýanmak, halklaryň dostlugyny barha pugtalandyrmak hem-de ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak arkaly ählumumy parahatçylygy üpjün etmek bolup durýar. Milli Liderimiziň teklibi bilen BMG tarapyndan 2021-n

Magtymgulynyň döwletlilik taglymaty

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bütin durky, ähli pikirleri bilen, ilkinji nobatda, türkmen halky we onuň ykbaly bilen baglydyr. Ady rowaýata öwrülen beýik şahyryň näçe okyjysy bar bolsa, ol hakda şonça-da pikir-duýgy bar. Ynsanyň uzak döwürlik paýhasyndan, ýaşaýyş we ahlak baradaky durmuş tejribesinden dörän eserleriniň hersi bir dünýä. Ý.E.Bertels şahyryň döredijiligindäki tüýs halky häsiýetde ýaňlanýan äheňleri şygryýetiň ýüzüne seredeniňde bütin dünýäde bolup geçýän wakalary, şol sanda türkmen halkynyň geçmişini, geljegini, milli özboluşlylygyny, asyrlaryň jümmüşinden gelýän milli ýörelgeleriniň görkezilişini Jemşidiň jamyna meňzedipdir. Şahyryň şygyrlary Watan, döwletli-döwran, bagtyýar zamana, ynam baradaky garaýyşlara ýugrulandyr.

Syntgylanan setirler

Hossarlyk etjek bolsaň, gazanyp berme-de, gazanmagy öwret. Durmuşam edil sahna eseri ýaly, diýiljek zat perde ýapylmanka diýilse gowy. Soň oňa syntgy däl-de, syn berilýär.

Rowaç ösüşleriň buýsanjy

Sahawatly ata Watanymyzy ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny düýpli gowulandyrmak hormatly Prezidentimiziň ýöredýän içeri we daşary syýasatlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitler, halkyň bähbidine gönükdirilen işler,  ildeşlerimiziň  göwün guşuny ganatlandyryp, buýsançly başlaryny göge ýetirýän özgermeler sanardan kän. Şu ýylyň 20-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşy bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen birnäçe  taslamalara garaldy. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän beýleki baýramçylyk dabaralaryna meýilleşdirilen medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini, olarda häzirki taryhy eýýamyň döredijilik ruhunyň, halkymyzyň agzybirliginiň we mizemez bitewüliginiň, Watanymyzyň saýlap alan parahatçylygyň, rowaçlygyň we ösüşiň ýoluna bolan ygrarlylygynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.

Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrinde hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda Diýarymyzyň dokma pudagynda gazanylýan üstünlikler ata Watanymyzyň ösen senagat  mümkinçiliklerini dünýä ýaýýar. Milli Liderimiziň gatnaşmagynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 25-nji awgustynda Kaka etrabynda ýyllyk önümçilik kuwwaty 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işleýän dokma toplumynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi hem munuň aýdyň mysallaryndandyr.

Dostlukly gatnaşyklaryň ýolunda

Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlige beslenýän döwlet syýasatynyň daşary syýasat ugry täze üstünliklere ýetýär. «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek ugrunda milli Liderimiz tarapyndan täze başlangyçlar öňe sürülýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen geçýän 2021-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Ýokary derejeli duşuşyk bilen ugurdaş geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy we sergisi, şeýle hem beýleki medeni çäreler türkmen diplomatiýasynyň esasy ugurlarynyň täze sepgitlere çykmagyny alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň 30-njy iýulynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde soňky ýyllarda okgunly ösüşe eýe bolan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ähmiýeti barada aýratyn belledi. Ykdysadyýetiniň göwrümi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Ýaponiýa bilen syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegi söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, şeýle hem maýa goýum hyzmatdaşlygynyň täze derejelere çykmagyny şertlendirýär. 1992-nji ýylyň 22-nji aprelind

Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet kepillikleri

Ýurdumyzyň sebitlerinde yzly-yzyna açylýan, düýbi tutulýan kaşaň desgalarda halkymyzyň bagtyýar durmuşy baradaky çynlakaý aladalar ör-boýuna galýar. Maşgalany goldamak, ýaş neslimiziň geljegini üpjün etmek, «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni ynsanperwer syýasatynyň düýp manysy hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiziň esasy aladalarynyň biridir. Ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýeňillikli ipoteka karzlaryny peýdalanmak bilen, hususy we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň tapgyr-tapgyr açylmagy döwrümiziň aýratynlygyna öwrüldi. Döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň toplumlaýyn açylmagy indi däp boldy. Birbada ýüzlerçe maşgalanyň öýli bolmagy  döwletlilikden, bagtyýarlykdan nyşandyr.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Maksat ÇARYÝEW, Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgäri, polisiýanyň maýory. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň öňünde goýýan esasy wezipeleri jemgyýetimizde kanunlaryň gyşarnyksyz berjaý edilmegini gazanmakdan, raýatlarymyzyň hukuk sowatlylygyny artdyrmakdan, dürli nogsanlyklaryň sebäplerini seljerip, olary aradan aýyrmakdan hem-de bu ugurda ilat arasynda wagyz-nesihat işlerini ýaýbaňlandyrmakdan ybaratdyr.

Watan — beýik buýsanjymyz

Bagtyýar halkymyzyň milli buýsanjy, başymyzyň täji, köňüllerimiziň röwşeni mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy golaýlaşdygyça ýüreklerimiz ene topraga bolan beýik söýgä, bizi eşretiň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza bolan alkyşlara, parasatly halkymyza hormat-sarpa püre-pürlenýär. Çünki hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallasy bilen bu günki gün eziz Watanymyz parahatçylygyň, rowaçlygyň hem bagtyýarlygyň mesgenine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň eziz kyblasy, ömür we döredijilik ýoly nusgalyk mekdebe öwrülen Mälikguly aganyň ajaýyp eserlerinde öwran-öwran aýdyşy ýaly:  «Barça ýürek Watan bilen baglydyr» diýip urýar. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz merdana halkymyzyň watançylyk, parahatsöýüjilik, ynanyşmak,  zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän nesilleri terbiýelemegi Watanymyzyň gülläp ösmeginiň örän zerur şertleriniň biri hökmünde öňe sürýär. Munuň özi, ykbalyny Watana gulluk etmäge baglaýan merdana nesillerimiziň mertebesini has-da belende göterýär.

Ykbalyň bagt serpaýy

Orta mekdebi tamamlan günümiň ertesi, Watan öňündäki gulluk  borjumy ýerine ýetirmek üçin, bu mukaddes gapa gadam basanymda Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne kitaplaryndan Watan mukaddesligi, oňa wepaly perzent bolup ýetişmek baradaky öwrenen düşünjelerim aýratyn kerem-keramata öwrülip, kalbymy gaplap aldy. Adam ömrüniň iň manyly ajaýyp möwsümi — ýaşlyk ýyllary. Bu ýyllarda ata Watana wepaly bolmagyň, zähmetsöýerlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly oňyn ýörelgeleriň gymmatyna düşünip, kämillik ýoluna düşmek adam ykbalyna täsirini ýetirýän eken. Kämillige barýan ýol bolsa seni Watanyňa, halkyňa wepaly bolup hyzmat etmäge, durmuşa taýýarlanmaga, hünär öwrenip, kesp-kärli bolmaga, jemgyýetde mynasyp ornuňy tapmaga we maşgala durmuşyny gurmaga taýýarlaýar. Ýaşlykdan yhlas edip, abraý-mertebä ýetirjek şeýle işlere wagtyňy sarp etmek, biziň giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, ýokary ahlak gymmatlyklaryna eýe bolan kämil adamlar bolup ýetişmegimize örän uly täsirini ýetirýändigine ýene-de bir gezek göz ýetirdim. Her bir ýaş nesliň aýdyň ýola düşmeginde uly terbiýeleýjilik ähmiýete eýe bolan Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne eserleri Watana wepaly bolmagyň, oňa mynasyp hyzmat edip, abraý-mertebä ýetmegiň öwüt-nesihatlaryny kalbyňa barýan ýol arkaly beýan edýär. Alym Arkadagymyzyň durky bilen durmuş pelsepesine ýugrulan eserleri ýaş nesillere görelde mekdebi bolmak bilen, öz-özüňi ter

Hemişelik gollanmamyz

Hormatly Prezidentimiziň kämil paýhasyndan gözbaş alyp, kemala gelen eserler biziň durmuşymyzyň gollanmalarydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly ajaýyp eseri bolsa,  megerem,  içeri işler ulgamynda zähmet çekýänligim üçin bolsa gerek, meniň müdimilik gollanmama öwrüldi. Kitabyň  «Durmuşyňyz asuda bolsun!» diýlip atlandyrylan birinji bölüminiň iň ilkinji sözlemi: «Zeminiň üstünde asuda durmuş höküm sürsün!» diýlip başlanýar. Asudalyk bolsa dünýäniň ähli ýerinde islenilýän zerurlyk. Asudalyk bahasyz baýlyk. Asudalygyň goragynda durmak hem mukaddeslik bilen barabar. Diňe şonuň üçin hem bu eser ýüreklere ýakyn.

Berk binýatly ýörelge

Gahryman Arkadagymyz geljegimiz bolan ýaşlaryň maşgala terbiýesine uly üns berýär. Terbiýäniň düýp binýady, ilkinji nobatda, maşgalada goýulýar. Sebäbi çaga ilkinji terbiýäni maşgaladan alýar. Türkmen maşgalasy agzybirligiň ojagy, terbiýäniň öýi hasaplanylýar. Ata-enäniň yhlasy, söýgisi bilen bina bolan maşgala berk, abat bolýar. Häzirki ylmy-tehniki mümkinçilikleriň ösýän eýýamynda öz ähmiýetini ýitirmän saklaýan zerur düşünjeleriň biri hem çaga terbiýesidir. Çagalar — biziň geljegimiz. Biz özümizi boýy ýeten daragt hökmünde göz öňüne getirsek, ýaş nesiller şol daragtyň miweleri bolup durýar. Onuň ajylygy ýa-da süýjüligi bolsa biziň olara berýän terbiýämize baglydyr. Hormatly Prezidentimiz çagalaryň, ýaşlaryň aň-üşükli, zehinli we ukyply bolmaklary, zähmete yhlasly çemeleşmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döretdi. Şeýle mümkinçilikleriň bar ýerinde biz döwletimiz üçin ummasyz işleri bitirmäge borçludyrys.

Adam görki — akyl, söz görki — nakyl

Ata-babalarymyzdan bize miras galan, millilige ýugrulan gadymy eserlerimiziň hamyrmaýasy hökmünde olarda orun tutýan jümleler, elbetde, atalar sözüne, nakyllara beslenendir. Şol paýhasly jümleler hakyndaky söhbetimizi, ilki bilen, nakylyň hem atalar sözüniň nähili häsiýetli aýratynlyklarynyň bardygy, olaryň tapawutlandyrylyşy bilen tanyşmakdan başlasak ýerlikli bolsa gerek. Ýagny, nakyl — bu göçme manyda beýan edilýän pähim-paýhasly jümle hasaplanylýar. Atalar sözi bolsa göni manyda aňladylýan öwüt-ündew bolup durýar. Şonuň üçin olaryň arasynda many taýdan düşünmesi has çylşyrymly bolan nakyllar hem gabat gelýär. Köplenç, adamlaryň arasynda şonuň ýaly çuňňur manyly nakyllara dogry düşünip bilmän, esli wagt pikir ýöretmeli bolunýan halatlary hem az bolmaýar. Sebäbi has çuň pelsepewi pikirde beýan edilen nakyllaryň manylaryna birbada düşünäýmek aňsat hem däl. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen halkymyza peşgeş berlen «Paýhas çeşmesi» atly kitapdaky: «Tokaý otla, at gazan» diýen nakylda tokaýy oda berip, at gazanyp bolmaýandygy hemmelere düşnükli bolansoň, bu nakylyň manysyna birbada dogry düşünmek köp adamlara aňsat düşmeýär. Munuň sebäbi bolsa örän çuňňur pelsepewi düşünjeleri özünde jemleýän şu nakyldaky beýan edilýän pikiriň inkär ediji manyda aňladylýandygyndadyr. Çünki bu nakylyň manysy «Çala eşiden çatma ýykar, öte eşiden — öý», «Çemçe bilen aş berip, sapy bilen

Bagtly geljegiň güwäsi

Hormatly Prezidentimiz: «Sagdyn jemgyýet döwletiň berk binýadydyr» diýmek bilen, döwletiň iň uly baýlygy bolan adamlaryň saglygyny goramakda, saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejelere çykarmakda uly tagallalar edýär. Bu giň gerimli işler ýaş nesillerimiziň sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri baradaky aladalar bilen berk baglanyşyklydyr. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler türkmen halkynyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň sagdyn ösmegine gönükdirilendir.

Arassaçylyk — saglygyň girewi

Dürli ýokanç keselleriň öňüni almak üçin her bir adam, ylaýta-da çagalar arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli. Beden arassalygyny berjaý etmek düzgünleri çaga terbiýesinde uly orun eýeleýär. Maşgala agzalarynyň ählisi nahar edinmezden öňünçä, şeýle-de daşardan gelenlerinde, oýun oýnanlaryndan we haýwanlary ellänlerinden soň, ellerini sabyn bilen gowy ýuwmalydyr. Irden we agşam dişleriňizi diş pastasy bilen arassalamaly.  Her gün sabynlanyp suwa düşünmelidir. Suwa düşülenden soň arassa egin-eşik geýmeli. Egin-eşikleri ýuwulandan soň ütüklemeli. Dyrnaklary wagtly-wagtynda aýyrmaly. Sebäbi kesel döredijilerdir  soguljanlar ilki bilen dyrnaklaryň aşagyna aralaşýarlar. Azyk önümleri, gap-çanak saklanýan we nahar bişirilýän ýerlerde arassaçylygyň düzgünleri pugta berjaý edilmelidir. Gök önümler, miweler iýilmezinden öň, üstünden suw akdyrylyp, ýuwulmalydyr. Diňe arassa agyz suwuny ýa-da gaýnadylan suw içmeli.