"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Möhüm halkara çäreler

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda, ýagny 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda jemi 6 sany möhüm halkara çäräniň geçirilmegi parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň ähmiýetiniň has-da artýandygyna şaýatlyk edýär. Şonuň bilen birlikde, bu sebit geosyýasy we geoykdysady taýdan dünýä döwletleriniň gyzyklanmalaryny hem özünde jemleýär. Şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek 6 sany möhüm halkara çäre ata Watanymyzyň Merkezi Aziýada halkara maslahatlaryň geçirilýän ýurdy hökmünde eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygyny alamatlandyrýar.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar berkeýär

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Ýaponiýa resmi iş saparyny amala aşyrýar. Wekiliýet saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn möhüm duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Ýapon-türkmen dostlugy parlament ligasynyň wekilleri bilen duşuşyk boldy. Saparyň dowamynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon hem-de ýapon-türkmen komitetleriniň başlyklarynyň — wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň hem-de «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaiň duşuşygy boldy. Duşuşyga Ýaponiýanyň iri, dünýä belli kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga gyzyklanmalarynyň ýokarydygyny alamatlandyrdy.

Ýeňiş gutly bolsun, Polina!

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmenistanly türgenlerden düzülen wekiliýet Ýaponiýada geçirilýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýar. Toparyň çykyşlary şowly dowam edýär. Aşgabatly sport ussady, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Polina Gurýewa ilkinji Olimpiýa kümüş medalyny gazandy. Ol bu ýeňşi 59 kg çenli agram derejesinde 14 ýurduň wekilleriniň gatnaşan agyr atletika bäsleşiginde gazanmagy başardy.Halkara derejeli Olimpiadada gazanan ýeňşiň gutly bolsun, Polina!

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Oguljeren GURTMÄMMEDOWA,  Aşgabat şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy: — BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilen Maýyplaryň hukuklary hakynda Konwensiýa maýyp adamlaryň mertebesine hormat goýulmagyna, kemsidilmezligine, jemgyýete doly we netijeli gatnaşmaklarynyň üpjün edilmegine, olaryň aýratynlyklaryna hormat goýulmagyna we adamzadyň bir bölegi hökmünde kabul edilmegine gönükdirilendir. Ýurdumyz bu halkara Konwensiýasyna agza bolmak bilen, mümkinçiligi çäkli bolan adamlaryň hukugyny durmuşa geçirmek üçin zerur bolan kanunçylyk, dolandyryş we beýleki çäreleri kabul etmek ýaly borçnamalary öz üstüne aldy.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri: milli demokratiýamyzy dabaralandyrýan kämil güýçler

Demokratiýanyň barha dabaralanýan döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ähli özgertmeleri, ýetilen belent sepgitleri halkyň arasynda wagyz etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdelerine aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamyň kämil hukuk binýadynyň bolmagy möhüm şertleriň biri bolup durýar. 2012-nji ýylyň dekabrynda «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanun bu ulgam babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmek bilen, köpçülikleýin habary ýygnamagyň, taýýarlamagyň we ýaýratmagyň tertibini belleýär. Şeýle hem köpçülikleýin habary taýýarlamagy we ýaýratmagy amala aşyrýan subýektleriň, olaryň işini düzgünleşdirýän edaralaryň we žurnalistleriň hukuklaryny, borçlaryny we jogapkärçiligini kesgitleýär.

Bagta barýan ýollarda

Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 22-nji iýulynda Ruhyýet köşgünde Aşgabatda guruljak dürli maksatly täze binalaryň we desgalaryň taslamalary bilen tanyşlygynyň barşynda Aşgabat şäheriniň çäginde bar bolan we döwrebaplaşdyrylmagy teklip edilýän köprüleriň şekil taslamalaryny gözden geçirmegi hem ulag diplomatiýasynyň ilerlemegi, ýol-ulag infrastrukturasynyň kämilleşmegi babatda yzygiderli durmuşa geçirýän işleriniň nobatdaky beýanydyr. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça öňe sürülýän täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynda durmuş üpjünçiligi bilen bir hatarda, şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurulmagy we ozal bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegi ýaly ugurlar möhüm wezipeleriň biridir.

Arkadagymyzyň sport taglymaty

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň dynç alyş günlerinde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerinde nusgalyk görelde bolýar. Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilik bilen sporty ösdürmekde geçirýän toplumlaýyn işleri berkarar ýurdumyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterýär, halkymyzyň bagtyň gujagynda, bagtyýarlygyň goýnunda eşretiň hözirini görüp ýaşamagyna giň şertleri döredýär. Mukaddes Watanymyza, bagtyýar ýaşaýşa bolan buýsanjymyzy has-da artdyryp, göwünlerimizi ak ýollara ganatlandyrýar, bizi zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Çünki ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerilmegi gönüden-göni ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň berk bedenli, bilimli-terbiýeli, edepli, ýokary ahlakly merdana nesiller bolup ýetişmegi bilen berk baglydyr.

Gyz başynyň jygasy

Asyrlardan-asyrlara ýol salan, Akabasy çeşme deýin arassa. Bu sungata neneň başyň egmejek, Ýürekleri pagyş-para eretse?! Milli lybaslar, ajaýyp nagyşlar, sünnälenip çekilen keşdeler näçe gezek synlasaň, şonça-da seni haýrana goýjak täsinlige eýe. Sebäbi keşdelere zenanlaryň ýürek mähri, on barmagyň gudraty siňen. Keşde çekmek örän inçe iş bolup, ol örän erjelligi, yhlaslylygy talap edýär. Bu hünär zenanlara asyllylygy, usullylygy, sabyr-kanagatlylygy, tertipliligi, arassaçyllygy, umuman, zenan maşgala gerek bolan ähli ýagşy häsiýetleri özünde jemleýär. Ýagny, keşde çekýän maşgala mydama aşak bakyp işleýändir. Bar ünsüni keşdä berip oturandyr. Sebäbi, örän usully bolmasaň, keşdäň ýerbe-ýer düşmez. Sabyrly, kanagatly bolup, arman, irmän işlemeseň, tikip oturan tahýaňy, ýakaňy, çabydyňy, kürtäňi... ahyryna çenli keşdeläp gutaryp bilmersiň. Tertipli bolmasaň, ýüpekleriň elbukjada ýa-da ýaglykda saklanylmasa, olar ýüňe öwrüliberer. Iň esasy zat hem arassaçylyk düzgünleri doly berjaý edilmese, keşdäniň ýüzi kirjigip, onuň görki gaçar. Umuman, bu iş zenanlara zähmet terbiýesini hem berýär.

Boýun alýaryn...

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda).

Seresaplylygyň gymmaty

Häzirki döwürde tehniki tilsimatyň ösmegi netijesinde, el zähmetini ýeňilleşdirýän elektrik togy bilen işleýän dürli görnüşdäki elektrik enjamlary giňden ulanylýar. Islendik ýerlerde gurnalýan elektrik enjamlarydyr elektrik setleri «Sarp edijileriň elektrik enjamlardaky tehniki ulanyş düzgünleriniň» hem-de «Elektrik enjamlaryň gurluş düzgünleriniň» talaplaryna laýyk gelmegini hemişe gözegçilikde saklap, birkemsiz işlemegi gazanylmaly. Elektrik enjamlary ulanylanda, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini üpjün etmek meselesi boýunça nobatçy işgärler bilen gözükdirme geçirmegi guramaly. Elektrik enjamlaryna elektrik setleri gözden geçirilende, gorag enjamlarynyň tehniki taýdan guratdygyny barlap, ýangynyň döremegine getirip biljek kada bozulmalarynyň ýokdugyny barlamaly. Elektrik enjamlary gözden geçirmegiň netijeleri, belli edilen näsazlyklardyr görlen çäreler dessin hasaba alyş kitabyna ýazylmalydyr. Şeýle hem jaýlaryň elektrik ulgamynyň gurnalyşynyň talabalaýyk bolmagyny gazanmaly. Elektrik tok geçirijileriň daşky örtükleriniň toga garşy duruş derejesini barlatmaly. Daşky örtügi zaýalanan, ulanyş möhletleri geçen, köne elektrik tok geçirijileri çalyşmaly. Jaýlaryň elektrik togunda awtomatik görnüşde tok gelmegini kesýän goraýjyny talabalaýyk gurnap, onuň iş kadasyna hemişe gözegçilik etmeli. Elektrik ulgamyna bir wagtyň özünde çendanaşa köp tok sarp ediji enjamlaryň birikdirilmegine

Döwrümiziň beýik işleri: parahatçylykly ösüşiň dünýä nusgalyk ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary, beýik tagallalary bilen ata Watanymyz Türkmenistanyň ähli durmuş düzümlerindäki gazanýan ösüşleri dünýäde parahatçylygy we agzybirligi dabaralandyrýan ýörelgelerdir. Goýny üç ýüz altmyş Pirli Daşoguz topragy Arkadagly eýýamymyzda özüniň şöhratly taryhyny döwrebap mazmun bilen baýlaşdyrýan ençeme taryhy wakalara şaýat bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 21-nji iýulynda Daşoguz welaýatyna iş saparynda bolup, täze ýaşaýyş jaý toplumynyň hem-de welaýat merkezinde gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşan pursatlaryndaky şanly wakalar döwletlilik ýörelgelerimizi, bagtyýarlyk döwrümizdäki ösen medeniýetimiziň owadan keşbini, ýurdumyzyň barha artýan ykdysady kuwwatyny, köpmilletli halkymyzyň agzybirligini dabaralandyrdy.

Atmosfera howasynyň milli we halkara hukuk goragy

Atmosfera howasynyň ýagdaýynyň üýtgemegi, ony gözegçilik astyna alyp bolmaýanlygy, zyýanly täsiriniň netijesinden janly bedenleriň we adamyň ýaşaýşyna salýan howpundan goramak boýunça aýgytlaýjy çäreleriň, şeýle-de olardan peýdalanmagyň, goramagyň milli we halkara hukuk düzgünleşdirmesiniň alnyp barylmagyny talap edýär. Atmosferanyň goragy daşky tebigy gurşawy halkara-hukuk taýdan goramagyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu gorag toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, ol dünýä derejesindäki beýleki ekologik meseleleriň hem çözülmegini öz içine alýar. Olaryň hatarynda: howanyň üýtgemegi (ählumumy howanyň maýlamasy ýa-da ýyladyşhana täsiri), Ýeriň ozon gatlagynyň goragy, fotohimiki tüsse, aşgarly ýagyşlar, howanyň himiki, biologiki, bakteriologiki we radiasiýaly hapalardan goralmagyny bellemek bolar. Ýurdumyzda tebigaty goramak, onuň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, täzeden dikeltmek, biologik köpdürlüligi saklamak, ekologiýany sagdynlaşdyrmak boýunça bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Atmosfera howasyny goramak we tebigatymyzyň klimatiki ýagdaýyndan çen tutmak bilen, häzirki wagtda ösümlikleriň bezeg, derman, ýerli howa şertlerine çydamly, görnüşleriniň dürlüligini baýlaşdyrmak maksady bilen, gyrymsy agaçlaryň, gülleriň ekilmegi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde yzygiderli dowam etdirilýär.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Jeren GYLYÇMYRADOWA, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty: — Gadamy gutly Gahryman Arkadagymyzyň Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş sapary hem Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan ajaýyp toý sowgatlaryny getirdi. Garaşsyzlygymyzyň toý dabarasy daşoguzlylaryň 368 hojalygynda täze ýaşaýyş jaýynyň toý dabarasyndan başlandy.

Garaşsyzlyk — bagtymyzyň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde eşretiň goýnunda ýaşaýan bagtyýar halkymyzyň milli buýsanjy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyz ýüreklerimize kuwwat berýär, göwünlerimizi perwaz urdurýar. Çünki hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz ykdysady, hukuk we jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýar. Garaşsyz döwletimiz parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dostlugyň, ruhubelentligiň, sportuň hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ýurdy hökmünde halkara abraýdan peýdalanýar. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyň ýörelgeleri merdana watandaşlarymyzy döredijilikli işlemäge, okamaga hem-de eşretiň gadyryny duýup, beýik maksatly zähmet sepgitlerine ruhlandyrýar. Garaşsyz Türkmenistanyň mundan 30 ýyl ozal ykrar edilen taryhy senesi köpmilletli agzybir halkymyz üçin örän möhüm şanly waka öwrüldi. Dünýäniň ýüzünde parahatçylygy we ynanyşmagy goldaýjy, durnukly ösüşi hem-de sebitde howpsuzlygy üpjün ediji ýaş türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýörite Rezolýusiýa bilen iki gezek ykrar edildi. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň bütinleý täze, netijeli hem-de umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan ýollarynyň kemala gelmegi dünýä döwletleri üçin nusgalyk gymmatly tejribe hökmünde kabul edildi.

Sport ähli ýerde

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy bilen Garaşsyz Watanymyzda sporta uly üns berilýär. Ýurdumyzda sport we bedenterbiýe bagtyýar halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine öwrüldi. Bagtyýarlyk döwrümizde şäher gurluşygynda sport desgalary hem bina yzygiderli edilýär. Hut şunuň netijesinde Garaşsyz Diýarymyzda sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýanlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Ylaýta-da, ýaşlaryň arasynda sport bilen türgenleşip, mekdep ýyllarynda welaýat we ýurt boýunça geçirilýän sport ýaryşlaryna gatnaşyp, çempion bolýanlary bizi has-da guwandyrýar. Şeýlelikde, ýaşlaryň ýetginjeklikden başlanýan sport ýoly olaryň bedeniniň taplanmagyna uly ýardam berýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 16-njy iýulynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň gözelligine görk goşýan Olimpiýa şäherçesindäki «Sport» myhmanhanasynda geçirilen dabara hem doly aýan etdi. Şol gün ýurdumyzdan Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde 23-nji iýul — 8-nji awgust aralygynda boljak XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Milli Liderimiziň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistana wekilçilik edýän sport toparyna iberen Gutlagynda hem nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň sport ulgamynyň taryhyna täze sahypalar ýazylýar. B

Telekeçiligiň konstitusion esaslary

Ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimizi ösdürmek, bazar gatnaşyklara geçmegi çaltlandyrmak, ykdysadyýetde hususy pudagy çalt depginler bilen özgertmek, kanunçylygy kämilleşdirmek babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Şeýle hem döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär. Şonuň ýaly-da, döwlet eýeçiligiň ähli görnüşleriniň deň goragyny kepillendirýär we olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýär. Her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugy bardyr.

Daýhanlar hakda alada

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin hormatly Prezidentimiz irginsiz alada edýär. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda ýer bilen bagly kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegi, halkymyzyň ýerden bol hasyl alyp, çeken zähmetiniň hözirini görmekleri üçin zerur bolan ähli şertleri döredýär. «Döwlet ýer kadastry hakynda» Türkmenistanyň Kanuny üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, kämilleşdirilen kanunçylyk namasy bolup durýar. Agzalan Kanunyň 8-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 10-njy bendinde: «Döwlet ýer kadastry babatda ygtyýarlandyrylan edara ýer serişdelerini rejeli peýdalanmak babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi bu ugurdaky öňdebaryjy halkara tejribäni öwrenmegi, jemlemegi we ýaýratmagy amala aşyrýar» diýlip bellenilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda hususy önüm öndürijileri, şol sanda daýhan hojalyklaryny goldamak işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Hususy önüm öndürijilere ýardam etmek, ýer almak üçin ýüz tutýan önüm öndürijilere, daýhan hojalyklaryna 99 ýyllyk möhletine ýeri peýdalanmaga bermek bilen baglanyşykly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ekin dolanyşygyna girizilen ýerleriň azyndan 70 göteriminde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän dürli oba hojalyk ekinleriniň, galan ýer böleginde ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek üçin beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýetişdirmäge rugsat berilýändigi

Watan

Watan Watan, Watan, jan Watan,  Saňa şöhrat-şan, Watan! Binalaň mermer, Watan,  Ýigitleň serwer, Watan,  Dünýä sary geçip dur,  Bu dostluk kerwen, Watan.  Şemalyň näzik, Watan.  Gyzlaryň uzuk, Watan.  Toýlara baý ýurtda, Bolýar beýik gurup-da.  Ýaşaýan ýaýnap sende,  Ömrüň ýazy sen, Watan. Bagtyň gujagynda biz — Bagtyň özi sen, Watan!

Döwrüň bagty bolup, ýaşa, Arkadag!

Äle­me şan edip Wa­tan yk­ra­ryn, Gö­ter­diň has beý­ge türk­men yk­ba­lyn, «Bar ala­dam hal­kym...» di­ýen Yn­sa­nyň, Paý­ha­syn­dan ýur­dum ba­ky ber­ka­rar, Si­ze uzak ömür, ýa­şa, Ar­ka­dag! Je­bis­lik­de baş Siz, Oguz kow­mu­na, Ýö­rel­gä­ňiz aý­dyň öňe, gow­lu­ga, Beý­le bag­ty du­ýup, kal­bym tol­gu­na, Has-da jo­şa gel­ýär, bol­ýar bag­ty­ýar, Si­ze uzak ömür, ýa­şa, Ar­ka­dag!

Çagalaryň sapaly dynç alşynyň goragynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýagty geljegimiz bolan ýaş nesliň Watana, il-ýurda wepaly bolmagy üçin ähli döwrebap şertlerdir mümkinçilikler döredilýär. Çagalaryň döwrebap bilim hem göwnejaý dynç almaklary, wagtyny şadyýan, peýdaly geçirmekleri bilen baglanyşykly işler hormatly Prezidentimiziň durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Tomusky dynç alyş merkezlerinde we meýdançalarynda ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek üçin, her bir terbiýeçiniň we işçi-gullukçylaryň ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini bilmekleri hem-de şol düzgünleriň talaplaryny ýerine ýetirmekleri hökmanydyr. Köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän jaýlarynda adam başyna 0,75 inedördül hasabynda näçe adam ýerleşdirilmelidigini kesgitleýji hasaplamalar geçirilmelidir. Merkezlerde we meýdançalarda ýaş ýangyn söndüriji toparlar döredilmelidir. Hapa zir-zibiller, esasan hem tomus paslynda ýangyn howply guran haşal otlar öz wagtynda arassalanmalydyr. Guran haşal otlary ýakmak gadagandyr.