Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

29 Iýul 2021
955

Oguljeren GURTMÄMMEDOWA, 
Aşgabat şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy:

— BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilen Maýyplaryň hukuklary hakynda Konwensiýa maýyp adamlaryň mertebesine hormat goýulmagyna, kemsidilmezligine, jemgyýete doly we netijeli gatnaşmaklarynyň üpjün edilmegine, olaryň aýratynlyklaryna hormat goýulmagyna we adamzadyň bir bölegi hökmünde kabul edilmegine gönükdirilendir. Ýurdumyz bu halkara Konwensiýasyna agza bolmak bilen, mümkinçiligi çäkli bolan adamlaryň hukugyny durmuşa geçirmek üçin zerur bolan kanunçylyk, dolandyryş we beýleki çäreleri kabul etmek ýaly borçnamalary öz üstüne aldy.

«Adalat».