Garaşsyzlyk — bagtymyzyň gözbaşy

22 Iýul 2021
856

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde eşretiň goýnunda ýaşaýan bagtyýar halkymyzyň milli buýsanjy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyz ýüreklerimize kuwwat berýär, göwünlerimizi perwaz urdurýar. Çünki hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz ykdysady, hukuk we jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýar. Garaşsyz döwletimiz parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dostlugyň, ruhubelentligiň, sportuň hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ýurdy hökmünde halkara abraýdan peýdalanýar. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyň ýörelgeleri merdana watandaşlarymyzy döredijilikli işlemäge, okamaga hem-de eşretiň gadyryny duýup, beýik maksatly zähmet sepgitlerine ruhlandyrýar.

Garaşsyz Türkmenistanyň mundan 30 ýyl ozal ykrar edilen taryhy senesi köpmilletli agzybir halkymyz üçin örän möhüm şanly waka öwrüldi. Dünýäniň ýüzünde parahatçylygy we ynanyşmagy goldaýjy, durnukly ösüşi hem-de sebitde howpsuzlygy üpjün ediji ýaş türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýörite Rezolýusiýa bilen iki gezek ykrar edildi. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň bütinleý täze, netijeli hem-de umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan ýollarynyň kemala gelmegi dünýä döwletleri üçin nusgalyk gymmatly tejribe hökmünde kabul edildi. Türkmenistanyň teklibi bilen 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa, eziz Watanymyzyň parahatçylygy dörediji, ynanyşmagy we dostlugy mäkäm berkidiji döwletdigini ýene bir ýola dünýä äşgär etdi.

Bibi ARTYKOWA
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgäri.