Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 22-nji iýulynda Ruhyýet köşgünde Aşgabatda guruljak dürli maksatly täze binalaryň we desgalaryň taslamalary bilen tanyşlygynyň barşynda Aşgabat şäheriniň çäginde bar bolan we döwrebaplaşdyrylmagy teklip edilýän köprüleriň şekil taslamalaryny gözden geçirmegi hem ulag diplomatiýasynyň ilerlemegi, ýol-ulag infrastrukturasynyň kämilleşmegi babatda yzygiderli durmuşa geçirýän işleriniň nobatdaky beýanydyr.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça öňe sürülýän täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynda durmuş üpjünçiligi bilen bir hatarda, şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurulmagy we ozal bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegi ýaly ugurlar möhüm wezipeleriň biridir.