Gyz başynyň jygasy

29 Iýul 2021
1434

Asyrlardan-asyrlara ýol salan,
Akabasy çeşme deýin arassa.
Bu sungata neneň başyň egmejek,
Ýürekleri pagyş-para eretse?!

Milli lybaslar, ajaýyp nagyşlar, sünnälenip çekilen keşdeler näçe gezek synlasaň, şonça-da seni haýrana goýjak täsinlige eýe. Sebäbi keşdelere zenanlaryň ýürek mähri, on barmagyň gudraty siňen. Keşde çekmek örän inçe iş bolup, ol örän erjelligi, yhlaslylygy talap edýär. Bu hünär zenanlara asyllylygy, usullylygy, sabyr-kanagatlylygy, tertipliligi, arassaçyllygy, umuman, zenan maşgala gerek bolan ähli ýagşy häsiýetleri özünde jemleýär. Ýagny, keşde çekýän maşgala mydama aşak bakyp işleýändir. Bar ünsüni keşdä berip oturandyr. Sebäbi, örän usully bolmasaň, keşdäň ýerbe-ýer düşmez. Sabyrly, kanagatly bolup, arman, irmän işlemeseň, tikip oturan tahýaňy, ýakaňy, çabydyňy, kürtäňi... ahyryna çenli keşdeläp gutaryp bilmersiň. Tertipli bolmasaň, ýüpekleriň elbukjada ýa-da ýaglykda saklanylmasa, olar ýüňe öwrüliberer. Iň esasy zat hem arassaçylyk düzgünleri doly berjaý edilmese, keşdäniň ýüzi kirjigip, onuň görki gaçar. Umuman, bu iş zenanlara zähmet terbiýesini hem berýär.

Käkilik GARAJAÝEWA
«Adalat».