Seresaplylygyň gymmaty

29 Iýul 2021
1227

Häzirki döwürde tehniki tilsimatyň ösmegi netijesinde, el zähmetini ýeňilleşdirýän elektrik togy bilen işleýän dürli görnüşdäki elektrik enjamlary giňden ulanylýar. Islendik ýerlerde gurnalýan elektrik enjamlarydyr elektrik setleri «Sarp edijileriň elektrik enjamlardaky tehniki ulanyş düzgünleriniň» hem-de «Elektrik enjamlaryň gurluş düzgünleriniň» talaplaryna laýyk gelmegini hemişe gözegçilikde saklap, birkemsiz işlemegi gazanylmaly. Elektrik enjamlary ulanylanda, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini üpjün etmek meselesi boýunça nobatçy işgärler bilen gözükdirme geçirmegi guramaly. Elektrik enjamlaryna elektrik setleri gözden geçirilende, gorag enjamlarynyň tehniki taýdan guratdygyny barlap, ýangynyň döremegine getirip biljek kada bozulmalarynyň ýokdugyny barlamaly. Elektrik enjamlary gözden geçirmegiň netijeleri, belli edilen näsazlyklardyr görlen çäreler dessin hasaba alyş kitabyna ýazylmalydyr. Şeýle hem jaýlaryň elektrik ulgamynyň gurnalyşynyň talabalaýyk bolmagyny gazanmaly. Elektrik tok geçirijileriň daşky örtükleriniň toga garşy duruş derejesini barlatmaly. Daşky örtügi zaýalanan, ulanyş möhletleri geçen, köne elektrik tok geçirijileri çalyşmaly. Jaýlaryň elektrik togunda awtomatik görnüşde tok gelmegini kesýän goraýjyny talabalaýyk gurnap, onuň iş kadasyna hemişe gözegçilik etmeli. Elektrik ulgamyna bir wagtyň özünde çendanaşa köp tok sarp ediji enjamlaryň birikdirilmegine ýol bermeli däl, çünki elektrik ulgamyna aşa agram düşmegi bilen dürli hadysalaryň ýüze çykmagy ähtimaldyr. Elektrik tok geçirijiler biri-biri bilen birikdirilende, ýörite gysgyçlar, kebşirlemek usuly arkaly birikdirilse, talabalaýyk bolar. Elektrik gyzdyryjy enjamlary ýanyjy goşlaryň golaýynda goýmak gadagan edilýär. Elektrik gyzdyryjy enjamlar elektrik nokadyna birikdirilende, onuň berk gysylyp durmagyny üpjün etmeli. Elektrik gyzdyryjy enjamlary köp wagtyň dowamynda işletmek ýa-da işläp duran wagty ony gözegçiliksiz galdyrmak talabalaýyk däldir. Elektrik gyzdyryjy enjamlaryň aşagynda ýeňil ýanyjylaryň hem bolmagy örän howpludyr. Mümkin boldugyça, gyzdyryjylaryň aşagynda oda durnukly gatlaklar goýulsa, howpsuzlygy üpjün eder. Öýden, iş ýerlerden çykyp gitmezden öň, elektrik akymy bilen işleýän enjamlaryň öçürilendigini barlamak örän zerurdyr. Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek, howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen anyk çäreleri ýerine ýetirmekden ybaratdyr.

Şöhrat Nuryýew
Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 200-nji ýangyn howpsuzlyk bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory.