Abadan durmuşyň berkararlygy
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda şu ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Onda jemgyýetçilik hukuk tertibini ýokary derejede berjaý edip, asuda we bagtyýar durmuşy üpjün etmek, adamyň ömrüni, saglygyny goramak, ýaş nesilleri kämil edep-terbiýeli, watansöýüji, milli häsiýetli, belent ahlakly şahsyýetler edip ýetişdirmek, hukuk bozulmalaryň öňüni almak, olara getirýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmak, milli we ruhy-ahlak gymmatlyklaryň hormatlanylmagy we goralmagy bilen bagly wajyp wezipelere aýratyn orun berildi. Dürli jenaýatlaryň öňüni almagyň, olara şert döredýän ýagdaýlary hem-de sebäpleri ýüze çykarmagyň, seljermegiň, aradan aýyrmagyň, bu ugurda wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini, öňüni alyş çärelerini geçirmegiň harby we hukuk goraýjy edaralaryň, häkimlikleriň, geňeşleriň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki guramalaryň örän möhüm wezipesi bolup durýandygyny hormatly Belent Serkerdebaşymyz aýratyn nygtap geçdi. Her bir jemgyýetiň berkararlygy, asudalygy hem durnukly ösüşi kanunylygyň höküm sürmegindedir, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanun tarapyndan goralýan döwlet hem jemgyýetçilik bähbitleriniň goraglylygynyň berkligindedir. Şonuň bilen birlikde, Esasy Kanunymyzyň kadalaryna laýyklykda, hukuklaryň we azatlyklaryň amala aşyrylmagy beýleki adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, şeýle h