Sagdyn jemgyýet — durnukly ösüş

15 Iýul 2021
1063

Häzirki döwürde adamyň we jemgyýetiň durmuşy, Ýer ýüzünde medeniýetleriň ösüşi ynsanyň sagdyn ýaşaýşynyň gönezligi bolan tebigat hem-de tebigy şertler bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup durýar. Bu ugurda topragymyzyň baý ösümlik dünýäsiniň milli bejerijilik we melhemlik ähmiýetini beýan edýän hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli eseriniň täze XII jildiniň halkymyzyň eline gowşandygyny aýratyn bellemek zerurdyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň dermanlyk ösümliklere juda baý bolan gözel tebigatymyzyň mümkinçiliklerine, ýurdumyzda adam saglygynyň ylmy esasda berkidilmegine yzygiderli üns berýändiginiň aýdyň beýanydyr. Döwlet Baştutanymyzyň saglygyň baş baýlykdygyny ykrar edýän halkymyzyň gadymdan gelýän milli ýörelgelerine daýanýan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde öz beýanyny tapan tebigy gözellikleriň ynsany maýyl edýändigi, adam kalbyna rahatlygyň aralaşmagyna, ruhunyň çaglanmagyna oňyn täsirini ýetirýändigi nukdaýnazaryndan alanyňda, onuň ynsan saglygynyň tebigat bilen aýrylmaz baglanyşygyny esaslandyrýandygyna, adam bilen tebigatyň özara sazlaşygyny berkidýändigine anyk göz ýetirmek bolýar.

Raýatlaryň saglygyny goramak — bu her bir adamyň uzak ýyllyk, işjeň durmuşyny goldamak, onuň beden we ruhy saglygyny saklamak we pugtalandyrmak maksady bilen, durmuş-ykdysady, medeni, ylmy, bejeriş-öňüni alyş, bejeriş-sagaldyş, saglygy goraýyş-durmuş, sanitariýa-gigiýena, epidemiýa garşy, melhemçilik we beýleki çäreleri amala aşyrmaga gönükdirilen işleriň jemidir. Ýurdumyzda sagdyn eneligi we çagalygy goramaga gönükdirilen durmuş goldawynyň yzygiderli amala aşyrylmagy jemgyýetimiziň sagdyn binýadynyň berkden tutulmagy bilen birlikde, milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösmeginde sagdyn nesliň zerurlygy nukdaýnazaryndan hem wajypdyr. Ösen tehnologiýaly saglygy goraýyş we saglygy dikeldiş merkezlerini döretmek, saglygy goraýşyň hyzmatlarynyň bazaryny ösdürmek, keselleriň öňüni almak we olary bejermek boýunça bar bolan tebigy serişdeleri netijeli ulanmak, şypahana hyzmatlarynyň hilini dünýä derejelerine ýetirmek, şypa beriji tebigy mümkinçilikleri ylmy taýdan öwrenmek we durmuşda giňden peýdalanmak ýaly ileri tutulýan wezipeler jemgyýetiň berkemegine gönükdirilýär.

Welimyrat ÖWEZOW
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.